logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

20.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan ”Türkmeniň beýik ýüpek ýoly: Demir ýoluň taryhyndan” atly kitaphana syny geçirildi. Demir ýol ulgamy ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň iň möhüm sütünleriniň biridir. Demir ýol ulgamy ýurduň durmuş-ykdysady hem-de goňşy döwletler bilen söwda-üstaşyr gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda demir ýol ulgamynda mehanizmleşdirilen ulag depolar, täze ýolagçy we ýük wagonlary ulanmaga girizilýär. Şeýle hem, ýollaryň gurluşygyny berkitmek we sanly ulgama geçirmek işleri dowam edýär. Ine şular hakynda çykyş edenler giňişleýin söhbet etdiler. Kitaphana synyna gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

No image
Kitap - bilimiň açary

Kitaphanalar

20.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň işgärleriniň guramagynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 89-njy çagalar bakja-bagynda körpeleriň gatnaşmagynda “Kitap - bilimiň açary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Onda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, ene-mamalarymyzdan galan milli mirasymyz bolan alajadyr, el-işlerimiziň gymmaty barada täsirli söhbet edildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr

Kitaphanalar

19.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölüminiň işgärleri tarapyndan Aşgabat şäherinde ýerleşýän Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 28-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” atly körpeleriň arasynda söhbetdeşlik gurnaldy. Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň kitap okamak endigini has-da ösdürmek maksady bilen, ertekileriň gahrymanlaryndan sowal-jogap alşylyp, birnäçe goşgular okaldy. Çagalara öý haýwanlarynyň atlaryny, olaryň ses aýratynlyklaryny öwretdiler. Şeýle hem, körpeleriň wagtyny hoş geçirmekleri üçin birnäçe peýdaly oýunlar gurnaldy. Kitaphana işgärleri ýaş nesliň ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Türkmenistanyň Halk Maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna

Kitaphanalar

18.08.2026

2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda Mary welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Mary welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda, Mary welaýat kitaphanasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde toý ruhunda geçirilýän, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini dabaralandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günlerden görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary depginler bilen alnyp barylýandygyny, Türkmenistanyň Halk Maslahaty - halk demokratiýasynyň dabaralanmasy bolup, onda ýurdumyzyň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan dürli meseleleriň oňyn işleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli işleriň halkyň bähbidine gönükdirilýändigini buýsançly bellediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işine şowlulyklary arzuw etdiler.

No image
Medeni miras – halkyň ruhy baýlygy

Kitaphanalar

18.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Medeni miras – halkyň ruhy baýlygy» atly aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Bu çärede çykyş edenler, medeni miras her bir halkyň geçmişinden geljege uzalyp gidýän gymmatly hazynasy bolup, halkyň taryhyny, däp-dessurlaryny, sungatyny, edebiýatyny we milli aýratynlyklaryny özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, ene-mamalarymyzdan gelýän inçe, nepis sungatymyz döwrebap hem-de gadymy nusgalarda dowam etdirilýär. Häzirki wagtda keşdeçilik sungatynyň ussat gelin-gyzlarymyzyň çeper gözlegleri bilen has-da baýlaşdyrylýandygy, owadan nagyşlar bilen bejerilen milli lybaslaryň, kürteleriň, çyrpylaryň, gyňaçlaryň, tahýalaryň halkyň arasynda giňden ýaýrandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Çäräniň dowamynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy.

No image
“Bilim - belentlige badalga” atly kitap sergisi

Kitaphanalar

18.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda “Bilim - belentlige badalga” atly kitap sergisi gurnaldy. Bu sergi oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. “Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys”diýip, ýaşlara uly ynam bildirýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän her bir tutumly işlerinde ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigine aýdyň göz ýetirýäris. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikler döredip beren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

18.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň guramagynda “Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr, dramaturg, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Orazguly Annaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde Orazguly Annaýewiň ömri we döredijiligi, ýazan eserleri, şeýle-de “Girdap” hakyndaky goşgulary barada täsirli söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda şahyryň eserleri barada sowal-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanaçylar kitaphana işini ösdürmekde hem-de aýawly saklap, kitaplary ýaş nesillere ýetirmekde uly aladalar edýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Parahatlyk nury ýagýar kalplara

Kitaphanalar

17.08.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde üstünlikli geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty mynasybetli Döwlet kitaphanamyzda yzygiderli söhbetdeşlikler, dabaralar, ýazgylar gurnalýar. ”Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde ýazgy edilen gürrüňdeşlikde çykyş edenler hem Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, milli we medeni mirasymyz, türkmen halkynyň şöhratly taryhy we ýurdumyzyň ösüşleri dogrusynda çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Milli mirasymyz arşa göterilýär

Kitaphanalar

17.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Milli mirasymyz arşa göterilýär» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, dünýä ýaýmak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, şol sanda keşdeçilik, halyçylyk, keçeçilik ýaly birnäçe sungatymyzyň dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp orun alandygyny aýratyn bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk – berkararlyk binýady

Kitaphanalar

17.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri we Bibliografiýa bölümleri Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk – berkararlyk binýady” atly göçme kitap sergisi gurnaldy. Döwlet kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda kitaphanalaryň baý gaznasyndan Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk–berkararlyk binýady” göçme kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagy Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary öz mynasyp ornyny tapdy. Kitap sergisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän başga-da birnäçe ýazyjy şahyrlaryň kitaplary ýerleşdirildi. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.