logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Garaşsyzlyk bilen galkynan, Türkmen bedewi

Kitaphanalar

17.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Garaşsyzlyk bilen galkynan, Türkmen bedewi» ady bilen Bagtyýarlyk Medeniýet köşginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da artýandygy, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň şygarynyň adyndan belli bolşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew bady bilen okgunly ösüşleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Halypa-şägirtlik ýoly – kämilligiň mekdebi

Kitaphanalar

17.08.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda ýazyjy, çagalar üçin birnäçe ertekileriň awtory Goçy Annasähedow bilen “Halypa-şägirtlik ýoly – kämilligiň mekdebi” atly gadymdan gelýän halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň edebi barada söhbetdeşlik geçirdi. Nesil terbiýesinde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň uly ähmiýeti bar. Ussatlara, halypalara jemgyýetde uly sarpa goýulýar. Olar jemgyýetiň iň uly baýlygy bolan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde uly işleri bitirýärler. Islendik adam belent mertebeli halypadan tälim alsa onuň ýagşy gylyk-häsiýetlerini öz şahsyýetine ornaşdyrmaklyga çalyşýar. Alan bilim-başarnygyňy, toplan tejribäňi beýlekilere sahylyk bilen öwretmek bolsa asyllylykdan nyşandyr. Halypa sözüniň başyny kitap okamagyň ynsanda halallyk, dogruçyllyk, adalatlylyk, watansöýüjilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleri terbiýeleýändigini aýdýar. Halypa Goçy Annasähedow döredijiliginde uly ýaşly okyjylar üçin hem birnäçe eserleri ýazypdyr. Ýöne döredijiliginiň köprägi çagalar üçin niýetlenen ertekilerdir. Bu ertekileriň köpüsi haýwanlaryň durmuşyndan, tebigat bilen bagly bolsa-da ertekide dostluk-doganlyk, gatnaşyklary, ýagşylyk, bir-birege kömek etmek ýaly häsiýetleri özünde jemleýär. Halypa esasan ertekileri köplenç haýwanlaryň durmuşyndan, tebigat bilen baglanyşdyryp ýazypdyr. Ol ýagşy, erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, köpçülik ýerlerinde, mekdebe baranlarynda hem bir-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy ündeýär. Şeýle hem ýazyjy mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde çärelerde bolýandygyny gürrüň berdi. Täze taryhy döwrümizde nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berlip, Milli Liderimiziň hem-de döwlet baştutanymyzyň tagallalary bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändigini uly buýsanç bilen nygtalyp söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Bedew bilen beýgelýän döwür

Kitaphanalar

17.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Türkmen atlary” döwlet birleşiginde “Bedew bilen beýgelýän döwür” ady bilen Gahryman Arkadagymyzyň bedew hakdaky eserlerinden göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da bedewler baradaky neşir edilen edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Göçme kitap sergisini görmäge gelenler üçin bedewlerimiziň taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Dünýä ahalteke bedewleriniň haýrany

Kitaphanalar

17.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Dünýä ahalteke bedewleriniň haýrany” ady bilen “Türkmen atlary” döwlet birleşiginde görnükli atşynaslar bilen duşuşyk gurnady. Bu duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä derejesinde beýikligi, olaryň gelip çykyşy, taryhy barada, Gahryman Arkadagymyzyň bedewler baradaky nusgalyk eserleriniň many-mazmuny dogrusynda hem giňişleýin gürrüň berildi. Duşuşyga gatnaşan myhmanlar bedewleriň şan-şöhratyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

Kitaphanalar

14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary “Halk Maslahaty – Türkmenistanyň milli demokratiýasynyň aýdyň ýoly” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnadylar. “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen söhbetdeşlikde paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçiriljekdigi we halkymyzyň isleg-arzuwlaryny, tekliplerini öwrenip, bagtyýar ýaşaýşymyz üçin möhüm meselelere serediljekdigi dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem Halk maslahatynyň asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirligimiziň, milli demokratik ýörelgelerimiziň aýdyň beýanydygyny belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş eden mugallymlar talyp ýaşlary ylymdan-bilimden paýly, edepli, watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmekleri ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
Kitaphana – döwletli döwrüň ruhy baýlygy

Kitaphanalar

14.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphana – döwletli döwrüň ruhy baýlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde kitaphana işinde döwrüň gazananlary bilen aýakdaş gitmek, jemgyýetde kitap okamaklyga bolan höwesi, söýgini has-da artdyrmak, okyjylara gerekli maglumatlary tapyp bermek kitaphana hünärmenleri üçin uly wezipe bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Milli Liderimiziň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde kitaphana ulgamy ygtybarly ösdürilýändigi, sanly ulgam ornaşdyrylyp, okyjylara ýokary hilli kitaphana hyzmatlarynyň ýola goýulandygy barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny has-da ösdürip, döwrebaplaşdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk baky bagtyň ak ýoly

Kitaphanalar

14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri we Bibliografiýa bölümi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy bilen bilelikde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk baky bagtyň ak ýoly” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş eden kitaphana hünärmenleri asly Oguzhandan gaýdýan ata-Watanymyz bu gün özüniň Garaşsyz baky Bitarap döwletini berkarar etdi. Ýurdumyz bu ýörelge bilen ösüşlere sary ynamly öňe barýar. Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik özbaşdaklyk bagtyýar geljege ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren mukaddeslikdir diýip çykyş etdiler. Şeýle-de Döwlet kitaphananyň baý gaznasyndan “Garaşsyzlyk bagtymyzyň buýsanjy” atly kitap sergisi hem gurnaldy. Bu çäre türkmen halkynyň taryhyny hem-de geçmişimizi çuňňur öwrenmeklikde, esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly ýardam berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Türkmen bedewi – gözelligiň ajaýyp nusgasy

Kitaphanalar

14.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Türkmen bedewi – gözelligiň ajaýyp nusgasy» ady bilen Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň adyndan belli bolşy ýaly şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy bosagamyzda, şeýle-de bedew atlarymyzyň ady ýylymyzyň şygary bilen baglanşykly bolmagy elbetde, türkmen halky üçin bu ýyl aýratyn ähmiýete eýe bolandygy hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhy ösüş ýolunda ynamdar we ygtybarly ýoldaş hökmünde bedew atlary aýratyn orun tutandygy türkmeniň nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinde öz ornuny tapýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2026-njy ýylda neşir edilen H.Kulyýewiň “Goşgular”, I.Nuryýewiň “Goşgular” atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar. Bu kitaplarda Watan, il-ýurt, söýgi, tebigat hakynda ýazylan goşgularynyň girizilendigini beýan etdiler. Şeýle-de A.Baýlyýewanyň şekillendiriş sungatynyň görnüşlerini we žanrlaryny, olardaky çeperçilik serişdeleriň baýlygyny, köpdürliligini açyp görkezýän “Sungaty öwreniş” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaphanaçylary Ž.Werniň “Ýeriň daş-töweregine – 80 günde” atly ylmy-fantastika eseri bilen hem tanyşdyrdylar. Kitapda täsin başdan geçirmeler ylmyň dürli pudagyna degişli gyzykly maglumatlar bilen baýlaşdyrylandygyny beýan etdiler. Kitaphana synyna gatnaşyjylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Ajaýyp ýurdum bagy-bossan

Kitaphanalar

14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Ajaýyp ýurdum bagy-bossan” ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da bagçylyk bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin.