logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«BEREKETLI TÜRKMEN TOPRAGY» HASYL TOÝY MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

07.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen hasyl toýy mynasybetli «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde kitaphananyň ýaşajyk okyjylaryň gatnaşmagynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Bereketli türkmen topragy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphana hünärmeni ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygy barada Bereketli topragymyzda ýetişdirilýän bol hasylyň gadyr gymmaty barada gürrüňler berildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly eserinden baý we köp dürli, lezzetli türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyş aýratynlygyny baradaky täsirli maglumatlar söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Hasyl toýy mynasybetli söhbetdeşlige gatnaşan halkymyzy ajaýyp, bolelin, bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
YNAM GÜÝÇLIMI BILIM

Kitaphanalar

07.11.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary. Türkmenabat şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň 6-njy synyp okuwçylary bilen bilelikde «Ynam güýçlimi bilim» atly temada sorag-jogap alyşdylar. «Ynam güýçli» bu türkmen dilinde ýeňilmeýän ynam ýa-da güýçli ynam diýen jümledir. Bilim jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän,ony öňe ilerledýän gymmatlykdyr. Bilime, ylma bolan ymtylmalar hem-de gözlegler ynsan durmuşyny baýlaşdyrýar. Bilim ojagy bolan kitaphana okyjylary çekmeklik, edebiýatlary hödürlemegiň okyjylara täzeçe, döwrebap usulda hyzmat edilýär. Kitaba we onuň gadyr-gymmatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag başlary dik il bähbitli ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
ARKADAG ŞÄHERI-BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI

Kitaphanalar

06.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň gurnamagynda «Arkadag şäheri-baky bagtyýarlygyň şäheri» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň akylly şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher - Arkadag şäheri kemala geldi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşa, abadan durmuşa, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydygy barada giňişleýin söhbetler edildi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
«ILHALAR ZEHIN» ATLY TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ GÖRNÜKLI ÝAZYJYSY WE USSAT TERJIMEÇI KÖMEK KULYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 70 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Kitaphanalar

06.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjysy we ussat terjimeçi Kömek Kulyýewiň ömri we döredijiligi hem-de onuň döreden birnäçe kitaplary ýagny “Bary–ýogum” powesti, “Ganatsyz perişde”, “Gumda”, hekaýalaryny we “Halasgär” atly nowellasyny aýratyn-da şahyryň “Ömür kerweni” ady bilen neşir edilip giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen kitabynyň many-mazmun baýlygy hakynda beren gürrüňlerini ýaşlar uly gyzyklanma bilen diňlediler. Häzirki wagtda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligi, olaryň döreden kitaplary we olarda beýan edilýän wakalaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhynda terbiýelemeklikde ähmiýeti barada täsirli gürrüňler berdi. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan şahsyýetimiziň döredijilik mirasyny öwrenmäge giň şert mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
HALK KÖŇLÜNIŇ ŞAHYRLARY

Kitaphanalar

05.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaş okyjylarynyň arasynda “Halk köňlüniň şahyrlary” atly türkmen nusgawy şahyrlary Gurbandurdy Zeliliniň Mämmetweli Keminäniň, Seýitnazar Seýdiniň eserlerini ýaş nesilleriň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen edebiýat agşamyny geçirdi. Türkmeniň nusgawy şahyry Gurbandurdy Zeliliniň watançylyk ruhuna eýlenen goşgulary, söýgi hakda, öwüt-nesihat äheňinde ýazan eserleri barada gürrüňler edildi. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Mämmetweli Keminäniň ömri we döredijilik ýoly hakynda hem gürrüňler diňlenildi. Onuň döreden şorta sözleri hem olarda beýan edilýän wakalar barada hem aýdyldy. XIX asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ýene biri Seýitnazar Seýidiniň watançylyk duýgularyna ýugrulan ajaýyp goşgularynda ata Watanymyzyň keşbini inçelik, ussatlyk bilen çekmegi başaran şahyrana döredijilik ýoly hakynda hem täsirli söhbetler edildi. Kitaphanamyzyň baý kitap hazynasyndan guralan göçme kitap sergimiziň ähmiýeti barada hem aýdyldy. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watany söýmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny öz goşgularyna siňdirip, hakyky watansöýüjiligiň beýik mekdebini öz eserleriniň üsti bilen nesihat eden görnükli şahyrlarymyzyň döredijilik ýoly bilen ýaş nesilleriň öwrenmekleri üçin giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
GÜÝZE GÖZELLIK BAR, GÜÝZDE ÝALKYM BAR

Kitaphanalar

05.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda “Garaşsyzlygyň XV ýyllygy” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Güýze gözellik bar, güýzde ýalkym bar” atly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmen tebigatynyň ähli pasyllary hem owadan, sahawatly sazlaşykly. Ýöne altyn güýzüň gelişi başgaça bolýar. Danalygyň, arassalygyň öwüşgüninde gelýän güýz paslyny wasp etmedik şahyr az-azdyr. Güýz biziň gözümize işeňňirligiň pasly ýaly hem görünýär. Dana ata-babalarymyz güýz paslynyň aýratynlygyny sanaýan nakyllary çintgäp-çintgäp aýdypdyrlar. “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür” diýip aýdylan sözler hem güýz paslynyň bereketli pasyldygyny kesgitleýär. Güýz şahyrlaryň döredijiligine hem uly täsir edýär. Güýz paslyny örän köp wasp eden şahyrlarymyzyň biri hem Gurbannazar Ezizowdyr. Onuň tebigat baradaky eserleriniň içinde altyn güýz hakyndaky goşgulary aýratyn saýlanyp dur. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmenleri söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňleri beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIŇ YLMY ÇEŞMESI

Kitaphanalar

05.11.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýän gününde däp bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenabat şäherindäki lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Bu goşa kitaplaryň çapdan çykmagy diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri däl, eýsem ähli halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu düýpli ylmy ensiklopediýasy okyjylara ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekde tebigy gorlarynyň maglumatlaryny ýetirýär. “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitaby bolsa 30 ýyl bolan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirililýän işleriň beýany we milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerine baý bolan ylmy-ensiklopedik seýle-de saglyk ulgamynda gazanylan üstünlikler baradaky bu kitaplar dünýäniň köp dillerine terjime edilip, lukmanlaryň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykýan ajaýyp kitaplarynyň, höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuwlar edilip, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyldy we janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KALPLARA ÝOL SALAN USSAT

Kitaphanalar

04.11.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Agamyrat Soltanowyň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli kitaphananyň sungat bölümçesiniň gurnamagynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Bu ýerde şahyryň kitaplarynyň sergisi guraldy. Dabarany kitaphananyň halypa işgäri kitaphanaçy Ýoldaş Mullaýew alyp bardy. Şahyr öz ömri döredijiligi, geçen döredijilik ýoly barada gyzykly gürrüň berdi. Duşuşyga gatnaşyjylar onuň döwlet galamyndan syzylyp çykan goşgularyny çeper okadylar. Dabaranyň dowamynda şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar dutarda ýerine ýetirildi.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ÄNEW-MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET ATLY KITABYNDAN

Kitaphanalar

04.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy medeni mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda amala aşyrylýan beýik işleriň çeper waspy öz beýanyny tapýandygy, hormatly Prezidentimiziň “Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda ajaýyp pikir garaýyşlaryň taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologiýa, etnografiýa, ýaly ylymy maglumatlaryň we rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, ýaş nesillerimize wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ ZERGÄRI

Kitaphanalar

04.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ylham» seýilgähinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Türkmen edebiýatynyň zergäri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň hem-de Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen edebiýatynyň şygryýetiniň ösmegine çuň mazmunly goşgulary bilen baýlaşmagyna uly goşant goşan, hakydalarda hemişelik orun alan, döredijiligi halkymyzyň öçmejek mirasyna öwrülen meşhur şahyrdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gurbannazar Ezizowyň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan şygyrlary indi ençeme ýyllar bäri Watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun alandygy barada, şeýle-de Gurbannazar Ezizow «Ýazyň-güýzüň şahyry» diýip tanalýandygy, ýöne ol Watanyna, ene-topragyna, adamlara bolan söýgüsini gursagynda göterip gezeni üçin oňa söýgüniň şahyry hem diýilýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda şahyryň birnäçe şygyrlaryndan labyzly okaldy we gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň ahyrynda ýazyjy-şahyrlaryň ömri-döredijiligini giňden öwrenmäge, wagyz etmäge, ýaş nesillere ýetirmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.