logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Biz erteki gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen janlandyrýarys

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Aşgabat şäherindäki 75-nji çagalar bagynda “Biz erteki gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen janlandyrýarys” atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphananyň hünärmeni körpeje jigilerimize erteki barada gysgaça gürrüň berip, olaryň halaýan ertekileriniň gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen hereketlendirip kiçijik sahna oýunlary görkezdiler. Şeýle hem, çagalar uly höwes bilen oýuna gatnaşdylar.

No image
Kitap syny

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi Gahryman Arkadagymyzyň iňlis dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XVII tomundan syn geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplar toplumy, türkmen topragynyň şypaly baýlyklaryny, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgelerini we häzirki zaman fitoterapiýasyny özünde jemleýän örän gymmatly çeşmedir. Bu kitabyň täze XVII tomunda gadymy türkmen lukmanlarynyň, şol sanda Berdimuhamet Annaýewiň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki taryhy şahsyýetleriň dermanlyk ösümlikler baradaky garaýyşlaryna hem orun berilýär. Her jiltde ösümlikler botaniki taýdan suratlandyrylyp, olaryň düzümindäki peýdaly maddalar barada ylmy maglumatlar berilýär. Bu ensiklopediýa diňe bir lukmanlar we dermanşynaslar üçin däl, eýsem, ösümlik dünýäsi bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ylmy ensiklopedik iş hökmünde bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edilip, halkara ylmy jemgyýetçiligine uly gyzyklanmasyny döredýär. Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Göwhere beslenen bedew

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminde “Göwhere beslenen bedew” atly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaphanaçylary, halypalary, okyjylary her ýylyň aprel aýynyň ahyrynda Türkmenistanda bellenilýän ahalteke bedewiniň umumy-milli baýramçylyk güni bilen gutladylar. Ruhubelent türkmen halkynyň atlara bolan garaýşynda üýtgeşik many-mazmun, paýhas, söýgi ýatandygyny beýan etdiler. Her bir türkmen maşgalasy alawlaýan ojaklaryň örki, görki bolan näzikden salyhatly gelin-gyzlaryny bezeýşi ýaly, milli buýsanjy bolan bedewlerini-de zer-zerbapdan, altyn-kümüşden, lagyl-merjenden, zümerretden amal bolan şaý-sepler bilen bezändiklerini buýsanç bilen belläp geçdiler. Atlara niýetlenen şaý-sepler adamzat taryhynyň örän irki sahypalary bilen baglanyşyklydygyny, olaryň nagyş bilen bezelişiniň, ýasalyşynyň, atlandyrylyşynyň özboluşly aýratynlyklary barada beýan etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek hem-de ýaýratmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Milli miras bedew batly ösüşleriň binýady

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi M.Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Milli miras bedew batly ösüşleriň binýady” ady bilen göçme kitap sergisini gurnadylar. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da, milli mirasymyz baradaky edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Göçme kitap sergisini görmäge gelen professor-mugallymlar hem-de talyplar üçin, bu edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Kim biler?

Kitaphanalar

23.04.2026

Farap etrap merkezi kitaphanasy, etrabyň 3-nji çagalar bakja bagynyň uly topary bilen “Kim biler” atly bäsleşigini geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işler geljegimiz bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Körpeler bilen guralýan sözleýşi ösdürmek sapaklarynda we beýleki sapaklarda matallar, tapmaçalar has köp peýdalanylýar. Bu ýagdaý çagalaryň pikirleniş ukybyny, özbaşdak netije çykaryp bilmegine haýsydyr bir zadyň sypatynyň ýa-da häsiýetiniň üsti bilen onuň nämedigini tanamak ukybyny ýüze çykarýar. Matallar türkmen halk döredijiliginiň iň gyzykly we özboluşly görnüşleriniň biri hasaplanýar. Matallary tapmaça diýip hem atlandyrylýar. Tapmaçalaryň jogabyny bilmekde pikir etmek, oýlanmak, nämedir bir zadyň syryny açmak diýen ýaly manylaryň esasynda dörändigini düşünmek kyn däl.

No image
Şahyry ýatlap

Kitaphanalar

23.04.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyry Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna bagyşlap edebiýat agşamyny geçirdiler. Çykyşlarda şahyryň ömri-döredijiligi, onuň eserlerinde watansöýüjilik, zähmetsöýüjilik, edep-terbiýe, ahlaklylyk ýaly çuňňur many-mazmunly garaýyşlar barada gürrüňler berildi. Şeýle-de, şahyryň liriki şygyrlarynda bolsa söýgi we wepalylyk, dostluk we agzybirlik, adamkärçilik, myhmansöýerlik, adalatlylyk ýaly pikirler eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär diýip bellediler.

No image
Kitaphana rowaçlyga badalga

Kitaphanalar

23.04.2026

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylymlaryna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak häzirki ösüş döwrüniň esasy üns merkezine öwrüldi. “Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, kitaphana işinde täze özgertmeleri durmuşa geçirmek bu ugurda zähmet çekýän her bir kitaphana işgärleriniň öňünde uly borç bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi “Kitaphana rowaçlyga badalga” atly gurnagyň “Kitaphananyň gaznasy, ondaky edebiýatlaryň ýerleşdiriliş düzgüni hakynda” sapagy geçirildi. Gurnaga gatnaşyjy talyp ýaşlara Kitap saklamak bölüminde kitaphananyň gaznasy, ondaky edebiýatlaryň ýerleşdiriliş düzgünleri hakynda, bölümde okyjylardan gelýän talaplara görä kitap bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýändikleri, hazynany nesilden-nesle gorap saklamak barada maglumat berdiler we giňişleýin tanyşdyrdylar. Bölümiň işgärleri talyplar bilen sowal-jogap alyşdylar, bölümde alyp barylýan gyzykly işler talyplaryň ünsüni özüne çekdi. Gurnaga gatnaşyjylar sapagyň ahyrynda şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Gagamy batly bedewler

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Gadamy batly bedewler” ady bilen türkmen halkynyň milli we ruhy gymmatlygy hasaplanýan bedew atlarymyza bagyşlanan kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt dillerinde neşir edilen behişdi bedewlerimiz baradaky kitaplary ýerleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewlerimiz taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň buýsanjy ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagyna galýar. Sergimizde goýulan kitaplar okyjylarymyzda uly gyzyklanma döretdi we ahalteke bedewlerimiz barada gerek bolan maglumatlary almaga kömek edýär. Häzirki wagtda ahalteke bedewlerimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny asylly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

No image
Kitaphana barsaň açyk gapylar, ertekiler, tapmaçalar tapylar

Kitaphanalar

22.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Kitaphana barsaň açyk gapylar, ertekiler, tapmaçalar tapylar» ady bilen sesli okaýyş geçirildi. Çärede türkmen halk ertekilerinde beýan edilýän wakalar çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolmagy, ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemekde ertekiler gymmatly hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk döredijiliginiň her bir žanry durşy bilen çaga we şahsyýet terbiýesine bagyşlanan, sanawaçlar, matallar, ýaňyltmaçlar, goşgular, ertekiler, rowaýatlar, bularyň ählisi hem bir tarapdan çaga düşünjesini, pikirleniş we sözleýiş ukybyny, ýatkeşligini ösdürmek üçin niýetlenendigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bedew bady bilen öňe, öňe diňe öňe jan Watanym Türkmenistan

Kitaphanalar

22.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Bedew bady bilen öňe, öňe diňe öňe jan Watanym Türkmenistan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri hasaplanýan, ahalteke bedewleri owadanlykda, ýyndamlykda deňi taýy bolmadyk, özüniň görkanalygy bilen älem-jahana ýaýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan, toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrülen bedewlerimiziň waspy giňden beýan edilýändigi, häzirki wagtda diýarymyzda milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.