logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Bagtyýar çagalar - ýagty ertirleriň umydy

Kitaphanalar

22.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda 160-njy çagalar bagynda «Bagtyýar çagalar - ýagty ertirleriň umydy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň ähmiýeti barada, ertekilerde haýwanlaryň keşpleriniň sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan eýjejik çagalarymyz çagalar bagynda öz öwrenen aýdymlarynda, goşgularynda ajaýyp döwrümizi, Watanymyzy wasp etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ýürekleriň aýdymy - bedew batly Türkmenistan ösüşleriň aýdyňy

Kitaphanalar

22.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk Bitaraplyk ýürekleriň aýdymy-bedew batly Türkmenistan ösüşleriň aýdyňy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdymyzyň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy üstünlikler gazanylýandygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna barýan halkymyz belent sepgitleri nazarlap, bedew bady bilen okgunly öňe barýan asuda, parahat Watanymyz ösüşlere, özgerişliklere beslenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugry bolmak bilen, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzy bedew batly menzillerden öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym

Kitaphanalar

22.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde, häzirki döwürde türkmen bedewlerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýäde wagyz etmek döwlet derejesinde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Atçylyk pudagynda alnyp barylýan ylmy-seçgi işleri, halkara sergiler we baýramçylyk çäreleri bedewleriň şöhratyny has-da artdyrýar. Türkmen bedewleriniň milli buýsanjy hökmünde sarpalanmagy ýaş nesillerde taryha hormat goýmak we milli gymmatlyklara wepalylyk ruhuny berkitmäge hyzmat edýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Garaşsyzlyk maksat-myradym bilen, öňe barýar bedew batly Watanym!

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk maksat-myradym bilen,öňe barýar bedew batly Watanym!» ady bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly üstünliklere beslenip, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigi, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, bedew atlar türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirilýändigi, döwlet syýasatynyň üstünliklerini, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini bilen beýan etdiler.

No image
Türkmeniň buýsanjy bedew

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçysynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmeniň buýsanjy bedew» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlekde çykyş edenler eziz Diýarymyzyň buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegi bolup, türkmen bedewleriniň owadanlykda, çalasynlykda, duýgurlykda, ukyp-başarnyklarynda deňi-taýynyň ýokdugy, çünki bedewler biziň milli buýsanjymyz, uçar ganatymyz bolup, ata-babalarymyz ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan sarpa – söýgüsini nakyldyr, aýtgylarynda hem öwüşgin bilen beýan edendikleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ajaýyp döwrümiziň buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlermiziň adyny arşa göteren, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, eşretli durmuşda ýaşadýan, halkymyza döwletli döwrany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Nusgawy edebiýatymyzda bedewleriň waspy

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Nusgawy edebiýatymyzda bedewleriň waspy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede pähimdar pederlerimiz ahalteke bedewlerini kemala getirmekde seýisçilik sungatyny kämil derejä ýetirip ýyndam, owadan bedewleri ýetişdirendikleri, ahalteke bedewleriniň waspyny halk döredijilik eserlerinde, nusgawy edebiýatymyzda uly orun alyp, şahyrlar şygyrlarynyň üsti bilen taryplandyklary barada çykyş etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri barada ýazan gymmatly kitaplarynda we beýleki eserlerinde , goşgularynda hem bedewler hakyndaky waspnamalaryny görmek bolýandygy barada aýratyn belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmeniň göz guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Maşgala mukaddesligi – terbiýe gözbaşy

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Maşgala mukaddesligi – terbiýe gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz diýarymyzda maşgala mukaddesligine goýulýan hormat sarpanyň bimöçberdigini, edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgaladan başlanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, çaga asylly terbiýe bermekde esasy şertleriň biri-de maşgaladaky agzybirlik bolup, özara ylalaşyk bar ýerinde birek-birege hormat sarpa goýulsa, kiçiler söýülse, çaga edep-terbiýeli bolup ýetişýändigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlary edep-terbiýeli we giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Edep – terbiýe ynsan durmuşynyň bezegi

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda “Edep – terbiýe ynsan durmuşynyň bezegi” ady bilen “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ata-eneler öz durmuş mekdebinden alan terbiýesini, ata-babalarymyzdan miras galan milli häsiýetleri çagalaryň kalbyna guýup, olarda gowy häsiýetleri terbiýelemekde we ösdürmekde görelde görkezmegi başarmalydygy, “Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini” diýip aýdylyşy ýaly, terbiýe meselesinde enäniň hyzmatynyň has-da uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, ata-babalarymyzyň çaga eziz, edebi ondanam eziz diýmek bilen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, batyrlyk, halallyk, ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini çaganyň kalbynda ol heniz sallançakdaka guýup başlanýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar geljegiň şöhraty bedew

Kitaphanalar

21.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Bagtyýar geljegiň şöhraty bedew” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ahalteke bedewi täze taryhy döwrümiziň ganatyna öwrülip, ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň waspyny bütindünýä wagyz etmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda täze döwrümiziň zynaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Dutara örklenen ykbal

Kitaphanalar

21.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda bellenilen meýilnama esasynda ýaş nesillerimize aýdym-saz sungatynyň beýik ussatlarynyň ömri we döredijiligini giňişleýin wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň “Bagtyýar nesiller” adyndaky ýöriteleşdirilen 74 -nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen öz ýaşan gysga ömründe milli sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşan bagşy Gulbaba Akyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlap, “Dutara örklenen ykbal ” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda gysga ömründe ýakymly sesi, saýrak owazy bilen sungat äleminde yz goýan Gulbaba Akyýewiň halkymyza miras goýan aýdymlary barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinde türkmen aýdym-saz sungaty, halypa-şägirtlik ýoly, aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşant goşan ussatlar baradaky gymmatly maglumatlar ýaşajyk okyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimizde, sungatymyzda öçmejek yz goýan ussatlarymyzyň ömri we döredijiligini ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.