logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitap okan gullar manydan dokdur

Kitaphanalar

21.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugynyň kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň “Bagt şäheriniň säheri” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Kitap okan gullar manydan dokdur” atly söhbetdeşligi geçirdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar hakymyz üçin kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini we many-mazmunyny ýokarlandyrmaga, Türkmenistanyň halkara derejesinde kitaphana işi babatyndaky işleri ösdürmäge döwlet derejesinde maksatnamalaýyn kabul edilýän kararlaryň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Ýaş nesilleriň arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde kitaplaryň ähmiýeti dogrusynda hem-de häzirki döwürde kitap neşir etmeklige we kitaphanalara ýaýratmaklykda alynyp barylýan işler baradaky gürrüňlere hem orun berildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

No image
Nesil saglygy-ýurduň baýlygy

Kitaphanalar

21.04.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Ülkäni öwreniş, düşündiriş we sorag-jogap” bölüminiň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň №22-nji çagalar bagynda ,,Nesil saglygy-ýurduň baýlygy” atly çagalar ertirligini geçirdiler. Körpe nesiller üçin niýetlenen ertekiler okalyp sorag-jogap alşyldy hem-de çagalar bagynyň körpeleri tarapyndan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ýurdumyzy wasp edýän goşgular aýdyldy.

No image
Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym

Kitaphanalar

21.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde, häzirki döwürde türkmen bedewlerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä¬de wagyz etmek döwlet derejesinde mö¬hüm ugurlaryň biri bolup durýar. Atçylyk pudagynda alnyp barylýan ylmyseçgi işleri, halkara sergiler we baýramçylyk çäreleri bedewleriň şöhratyny has-da artdyrýar. Türkmen bedewleriniň milli buýsanjy hökmünde sarpalanmagy ýaş nesillerde taryha hormat goýmak we milli gymmatlyklara wepalylyk ruhuny berkitmäge hyzmat edýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz

Kitaphanalar

21.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz’’ ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde gazanylan taryhy ösüşler, biziň ykdysadyýetimiz bilen deň derejede ösýän milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ägirt uly ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanmyzyň ähli pudaklarynyň ajaýyp ösüşler,ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň binagärlik derejesiniň ösüşleri hakynda hem giňişleýin durup geçdiler. Söhbetleriniň ahyrynda çykyş edenler bize şu ajaýyp bagty beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Behişdi bedewler – türkmen halkynyň milli mirasy we buýsanjy

Kitaphanalar

21.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy Görogly adyndaky Arkadag şäher Döwlet atçylyk sirkinde “Behişdi bedewler – türkmen halkynyň milli mirasy we buýsanjy” atly göçme kitap sergisini gurnadylar. Sergide Ber¬ka¬rar döw¬le¬tiň tä¬ze eý¬ýa¬my¬nyň Gal¬ky¬ny¬şy döw-rün¬de ga¬nat¬ly ahal¬te¬ke at¬la¬ry¬myz bi¬len bü¬tin dün¬ýä¬niň at¬şy¬nas-la¬ry¬na, be¬dew atyň muş¬dak¬la¬ry¬na ta¬nyş¬ma¬ga müm¬kin¬çi¬lik dö¬re-dil¬di. Bu günki gün bolsa taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzda behişdi bedewlerimiziň waspy has-da belentde ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehinden dörän “Atda wepada bar sapada”, “Ganatly bedewler” ýaly çuň manyly eserlerinde ganatly bedewlerimiziň waspy tymsallaryň, rowaýatlaryň üsti bilen giň okyjylara ýetirilýär. Ahalteke bedewlerimiziň waspyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja¬nlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

No image
Bedew waspy söz äleminde

Kitaphanalar

21.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi “Bedew waspy söz äleminde ’’atly söhbetdeşlik gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen bedewi özüniň owadanlygy, çydamlylygy, eýesine wepalylygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýan naýbaşylarynyň biridir. Gözellikde, ýyndamlykda deň-taýy bolmadyk gamyşgulak türkmen bedewiniň şöhraty asyrlardan-asyrlara aşyp, dowamat-dowam boljakdygy, onuň gadyr-gymmatynyň hemişelikdigi biz ýaş nesiller üçin buýsandyryjydyr. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Bedew waspy söz äleminde ’’ atly söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan” Behişdi- Bedewler”atly kitap sergi hem gurnaldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag , ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Bedew waspy

Kitaphanalar

21.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplarynda bedew waspy eriş-argaç bolup geçýär. Biziň ata-babalarymyz bolsa öz bedew atlaryny gardaşym hem syrdaşym diýip söýipdirler. Söhbetdeşlikde ahalteke bedewlerimiz barada ylmy maglumatlaryň üsti bilen gyzykly taryhy wakalary gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Berkarar döwletimizde behişdi bedewlere goýulýan sarpa

Kitaphanalar

20.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Berkarar döwletimizde behişdi bedewlere goýulýan sarpa» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toý-baýrama beslenýändigi, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde, eziz Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň döwlet derejesinde bellenilip geçilmegi we dürli bäsleşikleriň, at çapyşyklaryň guralmagy atyň türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde örän uly ornunyň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini has-da artdyrandygy barada buýsanç bilen beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýmakda döredip berýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Döwrebap kitaphanalar - kämilligiň binýady

Kitaphanalar

20.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy esasynda «Döwrebap kitaphanalar – kämilligiň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kitaphanalar ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, hormatly Prezidentimiziň saýasynda kitaphana işiniň has-da kämilleşdirilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulmagy, olarda bitewi elektron kitaplar bilen üpjün edilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, kitaphana işi, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet

Kitaphanalar

20.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň iňlis dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Taryhy medeni seýilgähinde “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet” atly söhbetdeşlik geçirdi. Ýaş nesillere kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” hem-de hormatly Prezidentimiziň “Änew müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet” atly eserlerinde beýan edilýän şöhratly taryhymyz barada täsirli gürrüňleri berdi. Bu taryhy ýadygärliklere gezelençleriň guralmagy, olaryň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmeklerine, geçmiş baradaky bilimlerini ylmy maglumatlaryň üsti bilen baýlaşdyrmaklaryna, döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, ylmy iş bilen gyzyklanmalaryna esas döreder. Çäräniň ahyrynda oňan gatnaşyjylar Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlaryň medeni-aň derejesiniň ösmegine, ylmy dünýägaraýyşlaryň kemala gelmegine, ýurdumyzyň baý taryhyna, Watan mukaddesligine buýsançlaryny artdyrýan beýik işleri amal edýän hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.