logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Şöhratly türkmen bedewi

Kitaphanalar

24.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde “Şöhratly türkmen bedewi” atly türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan gürrüňdeşlik geçirdi. Gürrüňdeşlikde ahalteke bedewi täze taryhy döwrümiziň ganatyna öwrülip, ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sport bilen meşgullanmana işjeň çekmek, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň waspyny bütindünýä wagyz etmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda täze döwrümiziň zynaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan- şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitap geljegiň habary, geçmişiň sapagy

Kitaphanalar

24.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Kitap geljegiň habary, geçmişiň sapagy” ady bilen kitaphana işi barada söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bilelikde medeniýet ulgamynda, şeýle hem onuň aýratyn ugry bolan kitaphanalar we kitaphana işini hemmetaraplaýyn ösdürmekde, düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň çäklerinde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitabyň adamzadyň durmuşynda deňsiz-taýsyz gymmatlykdygyny örän jaýdar belläp geçdiler. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Hut şonuň üçin hem ol adamy aň-düşünje ummanyna, ylmyň-bilimiň täze menzillerine, giňişliklerine tarap alyp gidýär diýip, söhbetdeşlige gatnaşanlar belläp geçdiler. Bize işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlary sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

No image
Aşgabat gözelligiň şäheri

Kitaphanalar

24.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Garaşsyzlyk” seýilgähinde «Aşgabat gözelligiň şäheri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Ak şäherimiz Aşgabadyň şeýle ajaýyplyklary halkymyzyň arşa göterilen bagtynyň nyşany bolup, älem jahana şugla saçýandygyny, çünki gözellikde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan merjen şäherimiz Aşgabat görenleri haýrana goýup, dünýä ýüzünde iň ajaýyp şäherleriň biri hökmünde tanalyp, merkezi Aziýanyň göwher gaşyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ata-watanymyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabatda ýaýbaňlandyrylýan ajaýyp özgertmeler gözel Aşgabadymyzyň halkymyzyň ruhy dünýäsine we türkmen milliligini beýan edýän mekanyna öwrülendigi barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyz, Bitarap eziz Watanda, waspyň sena boldy dillere bedew

Kitaphanalar

24.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, Bitarap eziz Watanda, waspyň sena boldy dillere bedew» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, görkanalygy jahana ýaýylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýmakda, milli oýunlary, sungatyň ajaýyplyklaryny dabaralandyrmakda asylly maksatlara eýerilip, türkmen ýigitleriniň ahalteke bedewlerine erk etmegi, milli oýunlarda ezberligi bilen öňe saýlanmagy dünýä ýüzündäki şöhratyny ýene-de belent derejelere ýetirilýändigi barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bedew batly ösüşleriň mekany

Kitaphanalar

24.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň bilelikde guramagynda «Bedew batly ösüşleriň mekany» ady bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” köpugurly stadionynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatlary, taýsyz tagallalary bilen badalga berilýän taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenmegi, ägirt uly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ata Watanymyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze üstünlikler ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewleriň şöhratyny dünýä ýaýjak ýol-ýörelge bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, bu günki günde bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda milli ýörelgelerimize uly üns berilýändigi barada buýsançly sözlerini beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

24.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi kitaphana gelip gowşan täze kitaplardan kitaphana syn geçirildi. Bu kitaphana synynda çykyş edenler Döwlet kitaphanasyna dürli pudaklara degişli täze gelip gowşan edebiýatlar bilen okyjylary tanyşdyrdylar,şeýle hem kitaphana synynda kitaplaryň iň gyzykly ýerlerinden okyjylara okap berdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

No image
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi taýy

Kitaphanalar

24.04.2026

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy Türkmenabat şäheriniň 65-nji çagalar bagynda “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi taýy” ady bilen çagalar ertirligini geçirdiler. Kitap okamak çagalaryň sagdyn, arassa, belent ruhly ösüp kemala gelmeklerine öz täsirini ýetirýär. Körpeler öz arasynda Watanymyzy wasp edýän goşgulary, aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu ajaýyp pursatlar çagalarda örän täsir galdyrdy. Ýaş körpelerimiz ýerine ýetirilen goşgularyň üsti bilen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Gadamy batly – baky şöhratly bedew

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde “Gadamy batly – baky şöhratly bedew” atly türkmen edebiýatynda bedew atynyň keşbiniň şöhlelendirilişine bagyşlap çeper okaýyş geçirdi. Çärämiziň hormatly myhmanlary “Behişdi ahalteke atlary” žurnalynyň baş redaktory Narly Nuryýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy-usulyýet müdirliginiň usulçy redaktory Baýram Goçmyradow “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly şadessanlarymyzda, “At myrat”, “At münen döwletli bolar”, “At agynan ýerde toý bolar”, “Atdyr ýigidiň myrady”, “Atym bar – ganatym bar”, “At adamyň ganaty – zeminiň görki” ýaly nakyllarda, dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň “At gazanar goç ýigidiň, owal başda aty gerek” ýaly goşgy setirlerinde bedew atymyza bolan milli garaýyşlaryň öz beýanyny tapyşy barada täsirli gürrüňleri berdiler. “Dal bedewler, döwrüň uçar ganaty” atly göçme kitap sergisi hem guraldy. Çärämize işjeň gatnaşan okuwçylaryň sahnalaşdyrylan sahna eserleri hem-de olaryň türkmen bedew atlarymyzy wasp edip ýerine ýetiren goşgulary çärämize aýratyn bezeg berdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň atçylyk pudagy ösdürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Biz erteki gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen janlandyrýarys

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Aşgabat şäherindäki 75-nji çagalar bagynda “Biz erteki gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen janlandyrýarys” atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphananyň hünärmeni körpeje jigilerimize erteki barada gysgaça gürrüň berip, olaryň halaýan ertekileriniň gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen hereketlendirip kiçijik sahna oýunlary görkezdiler. Şeýle hem, çagalar uly höwes bilen oýuna gatnaşdylar.

No image
Kitap syny

Kitaphanalar

23.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi Gahryman Arkadagymyzyň iňlis dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XVII tomundan syn geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplar toplumy, türkmen topragynyň şypaly baýlyklaryny, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgelerini we häzirki zaman fitoterapiýasyny özünde jemleýän örän gymmatly çeşmedir. Bu kitabyň täze XVII tomunda gadymy türkmen lukmanlarynyň, şol sanda Berdimuhamet Annaýewiň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki taryhy şahsyýetleriň dermanlyk ösümlikler baradaky garaýyşlaryna hem orun berilýär. Her jiltde ösümlikler botaniki taýdan suratlandyrylyp, olaryň düzümindäki peýdaly maddalar barada ylmy maglumatlar berilýär. Bu ensiklopediýa diňe bir lukmanlar we dermanşynaslar üçin däl, eýsem, ösümlik dünýäsi bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ylmy ensiklopedik iş hökmünde bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edilip, halkara ylmy jemgyýetçiligine uly gyzyklanmasyny döredýär. Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.