logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Şahyr Mämmet Seýidowyň ömri we döredijiligi hakynda söhbet

Kitaphanalar

04.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen “Miras” teleýaýlymynyň “Edebiýat dünýäsinden” atly gepleşigi tarapyndan XX asyr türkmen poeziýasynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýän şahyr, terjimeçi Mämmet Seýidowyň ömri we döredijiligi hakynda watançylyk, zähmet, ynsanperwerlik temalary bilen baglanyşykly ýazan eserleri dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Şahyryň birnäçe goşgulary labyzly okaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýat äleminde yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň sarpasyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun.

No image
Halal zähmet – baky döwlet

Kitaphanalar

04.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Halal zähmet – baky döwlet” ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da oba hojalyk ulgamyna degişli birnäçe edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň Döwlet kitaphanasyna myhmançylygy

Kitaphanalar

01.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary S.Raýew myhmançylykda boldy. Myhman Döwlet kitaphanasynda duz-çörek bilen garşylandy we kitaphana gezelenç etdiler. Soňra, olar kitaphanada bölümleriň alyp barýan işleri we türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sergi, ýazyjy-şahyrlaryň hem-de hemişelik, wagtlaýyn durýan kitap sergileri bilen giňişleýin tanyş boldylar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary S.Raýew “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde hem-de “Seýrek neşirler” bölüminde gezelençde bolmak bilen, seýrek neşirler bölüminde iň gadymy neşirler bilen hem tanyş boldylar. Gezelenjiň dowamynda myhman Döwlet kitaphanasyna “Türk dünyası geleneksel çocuk oyunları” atly kitaby sowgat berdi. Öz gezeginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretaryna hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly gymmatly kitaby sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen şeýle ajaýyp çäreleriň, gezelençleriň gurnalmagy ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna uly ýardam berýär.

No image
Kim köp erteki bilýär

Kitaphanalar

01.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 84-nji çagalar bagynyň bilelikde guramagynda «Kim köp erteki bilýär» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler çaga dünýäsine we onuň aň-düşünjesine täsir edýän žanrlaryň biri türkmen halk ertekileri bolup, bu ertekiler çagalarda çeper sözlülik, ýatkeşlik, pikirlenmeklik ýaly birnäçe häsiýetleri ertekilerden tapyp bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriň gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, namysjaňlyk, edep-ekramlylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, ýagşylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlarynyň ählisiniň jemlenendigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda çagalara okamaga, bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady

Kitaphanalar

01.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygy, munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk taryhyň dowamynda döredilen örän baý milli medeni mirasyny aýawly saklap, geljekki nesillerimize ýetirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergi bilen tanyşdyrylyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny hakynda beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Beýik Ýeňiş, öçmez seniň ýalkymyň

Kitaphanalar

01.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda Ýeňiş güni mynasybetli “Beýik Ýeňiş, öçmez seniň ýalkymyň” atly kitap sergisini synlamak we sergide ýerleşdirilen kitaplar bilen doly tanyş bolmak üçin gezelenç gurnady. Gezelenje il sylagly ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz, welaýatymyzyň hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Sergide ýerleşdirilen “Şöhrat”, “Hatyra”, “Esger ykballary” ýaly kitaplar gezelenje gatnaşyjylary has-da gyzyklandyrdy.

No image
Döwür we elektron kitaphana

Kitaphanalar

29.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda «Döwür we elektron kitaphana» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler kitaphanalar – medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, adamzat medeniýetiniň gymmatlygy hem-de halklaryň medeni ösüşine täsirini ýetirip, adamlaryň medeniýetli, sowatly şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle–de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” tassyklanmagy, bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmekden ybaratdygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Türkmen halk ertekileri

Kitaphanalar

28.04.2026

Halaç etrap merkezi kitaphanasy ýaş nesillerde kitaba bolan höwesini döretmek maksady bilen körpejileriň arasynda ýygy-ýygydan dürli mowzukda gürrüňleri, çagalar ertirlikleri yzygiderli geçirýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdymyzda ýaş nesillerimiziň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli, sagdyn ruhly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. Halk döredijiliginde özüne çekiji, täsirli görnüşleriniň biri hem ertekiler bolup, olar türkmen halk döredijiliginiň aýrylmaz şahsy bolup durýarlar. Halk paýhasynyň aýnasy bolan ertekiler gündelik durmuşda duş gelýän hadysalaryň çeper beýan edilmesidir, sebäbi ertekilerde beýan edilýän wakalar, suratlandyrmalar, ahlak sypatlar hut şu durmuşyň özünden alynýar. Çagalar “Türkmen halk ertekileri”, “Akpamyk”, “Ýartygulak”, “Ýüz tylla”, “Böwenjik”, “Akylly Ahmet”, “Ertekiler dünýäsinde”, “Dostlugyň miwesi” ýaly birnäçe ertekileri söýüp diňleýärler.

No image
GÖÇME KITAP SERGISI

Kitaphanalar

27.04.2026

Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan hem-de Arkadag şäherinde zähmet çekýän pudak edaralarynyň bilelikde gurnamaklarynda Akhan binasynda “Türkmen milli bedewiniň” baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresinde taryhy ajaýyp kamaty, ýyndamlygy, çydamlylygy, syzgyrlygy, wepalylygy kimin buýsançly häsiýetleri bilen giren türkmen bedewleriniň waspy belentden ýaňlandy. Şu ajaýyp pursatda dabaraly baýramçylyk çäresinde türkmeniň milli gymmatlyklaryna degişli behişdi bedewlerimize ajaýyp öwüşgin berýän şaý-sepleriň, haly önümleriniň, keçe önümleriniň sergileri gurnaldy. Şeýle-de, bu ajaýyp sergide däp-dessurlarymyz bolan üme dessury, milli saz senedimiz bolan dutar ýasamak işi hem-de türkmen ýigitleriniň bezegi bolan silkme telpeginiň tikilişi ýaly türkmen gymmatlyklary sergide giňden ýaýbaňlanyldy. Şeýle hem, bu ajaýyp sergini baýlaşdyrmak maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň göçme kitap sergisini gurnady. Göçme kitap sergide bedewlerimiziň waspyny ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri hem bu ajaýyp sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu dabaraly çärede hem bagşy-sazandalarymyz özleriniň ajaýyp sazlarydyr, aýdymlary bilen Watanymyzy, ahalteke bedewlerimiziň waspyny belentden ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny belentde sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Ak şäherimiziň bagtyýar nesilleri

Kitaphanalar

25.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymynyň gurnamagynda “Ak şäherimiziň bagtyýar nesilleri” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakynda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde okuw-terbiýeçilik edaralarynyň, sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi diýseň guwandyryjydyr. Elbetde, bu döwletli işleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalary ýatyr. Bu günki ýaş nesil ertirki ylym-bilimli kämil şahsyýetlerdir. Söhbetdeşligiň dowamynda gepleşige gatnaşýan çagalar Watanymyzy wasp edýän goşgularyny uly buýsanç bilen aýdyp berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.