logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitap-ruhy tämizligiň açary

Kitaphanalar

20.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi “Kitap-ruhy tämizligiň açary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler adamzadyň parh goýýan iň gadymy we häzirki zaman gymmatlyklarynyň biri hem ömrüňi nurlandyrýan kitapdygyny, kitap egsilmez hazynadygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň kitapsöýüjiliginden ugur alyp, kitaphana işlerini kämilleşdirmäge uly üns berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden kitaphana işgärleri kitabyň gymmaty, onuň adamzat durmuşynda tutýan orny hakynda söz açdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty eýýamlaryň jümmüşine ýaň salmagyny, bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew

Kitaphanalar

20.04.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Baş bilim müdirliginiň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çykyşlarda ahalteke bedewleri toýlarymyzyň bezegi, türkmen halky asyrlaryň dowamynda uçar ganaty bolan bedewini özüniň ýakyn syrdaşy, dosty hasaplanýandygy, gamyşgulak bedewlerimiz ata-babalarymyzyň durmuşynda belent hormat-sylaga eýedigi barada gürrüňler edildi. Kitaphana işgärleri tarapyndan “Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr” ady bilen guralan kitap sergisi gatnaşyjylarda has-da täsir galdyrdy. Bu giňişleýin kitap sergisinde esasanam Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimizi wasp edýän eserleri ýerleşdirildi. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary

Kitaphanalar

17.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary» ady bilen aýdym-sazly maslahat geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, ata-babalarymyzyň parahatçylyga, halallyga we adalatlylyga bolan belent garaýyşlaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini jemleýän mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň belent buýsanjy bolup durýandygy hakynda beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine eýerýän türkmen halkyny ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda

Kitaphanalar

17.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, ahalteke bedewiniň buýsançly şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy-da onuň milletimiziň buýsanjynyň suwutnamasydygy barada aýtdylar. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady we guralan göçme kitap sergisi hem olarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy ösdürmek we dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew

Kitaphanalar

17.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda «Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ähli ugurlarda bedew bady bilen okgunly öňe barýan, halkara abraý-mertebesi belende göterilýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadançylygynyň, watançylyk ruhunyň, şöhratly taryhymyzda gazanylan milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjynyň mynasyp beýanyna öwrülýändigi, Diýarymyzyň şan-şöhraty günsaýyn artyp, belent derejelere göterilýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda kitap okamaklyga bolan söýgüni has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Saglygym baş baýlygym

Kitaphanalar

17.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 75-nji çagalar bagynda “Saglygym baş baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Kitaphananyň hünärmenleri Türkmen halk ertekilerindäki gahrymanlaryň arassaçylyk we sagdynlyk hakyndaky keşplerini janlandyryp çagalara gyzykly gürrüňleri wagyz-nesihat etdiler. Çagalar hem öz gezeginde ertekileri uly gyzyklanma bilen diňläp kitaphananyň hünärmeni bilen sorag-jogap alyşdylar. Hünärmen söhbetdeşlikde ertekilerdäki gürrüň berilýän arassaçylyk saglygyň girewi, saglyk-baýlyk ýaly gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda sagdyn bedenli kämil ýaşlar bolup ýetişmelidigini, her bir ýerde çagalar bagynda, mekdebe baranlarynda hem arassaçylyk düzgünini berjaý etmelidigini düşündirdi. Hünärmenler saglyk hakyndaky ertekili kitaplaryndan sergi hem gurnadylar.

No image
Baky minnetdar Watan

Kitaphanalar

17.04.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 30-njy çagalar bagynda “Baky minnetdar Watan” atly sesli okaýyş geçirdiler. Bu ýerde körpeleriň watana bolan söýgüsini artdyrmakda, edepli, edermen ýaş nesli ýetişdirmekde hekaýalaryň, ertekileriň täsiri uludyr. Mekdebe çenli çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleri bilen yzygiderli dürli usullarda sesli okaýyş geçirilýär. Kitaba bolan söýgüsini ösdürmek, akyl taýdan ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil dünýägaraýyşly, ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

No image
Ynsan kalbynyň aýdymçysy

Kitaphanalar

17.04.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Okyjylara hyzmat edýän” bölümi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdebinde Garajaoglanyň doglan gününiň 420 ýyllygy mynasybetli edebi agşamy geçirildi. Garajaoglan aýdym-saz sungatyny ösdürmek we olary halk durmuşyna ýakynlaşdyrmak işine sarp eden ussat hökmünde tanalýar. Öz senedi bilen gamly ýürekleri ruhlandyryp, eli galamly we saz gurally ýurdy aýlanan şahyr diýip tanalýar. Garajaoglanyň kalbyndan çykan şygyrlary, onuň döreden belent sazy bilen birleşende mylaýym liriki aýdym dünýä inýär. Onuň şygryýeti halk aýdymlarynyň äheňine ýakynlygy bilen tapawutlanýar diýip çykyşlarda bellediler.

No image
ÄLEM IÇRE SARPALANÝAN BEDEWLER

Kitaphanalar

17.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramyna “Älem içre sarpalanýan bedewler” atly görnükli atşynaslar bilen duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşykda çykyş eden, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyndan gelen myhmanlarymyz, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä belli edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sap ganly ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olary köpeltmek, seýislemek we atçylyk sportuny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

17.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler “Ylym” neşirýaty tarapyndan 2026-njy ýylda çap edilen “Muaý-taýyň nazaryýeti we usulyýeti” atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Sport ugrundan hünär öwrenýän ýaşlar üçin niýetlenen bu kitapda muaý-taý söweş sungatyna degişli maglumatlar beýan edilýändigini belläp geçdiler. Muaý-taý söweş sungatynyň tehniki-taktiki tilsimleri türgende tutanýerlilik, sabyrlylyk, döredijilikli işlemek ýaly gymmatly häsiýetleriň kemala gelmegine hem oňaýly täsirini ýetirýändigini beýan etdiler. Şeýle-de J.Gurbanowanyň “Bedenterbiýäniň, sportuň etikasy we estetikasy” atly kitaby bilen hem tanyşdyrdylar. Kitaba sport estetikasynyň öwrenýän meseleleri, döremeginiň we ösmeginiň sebäpleri, etikanyň esasy meseleleri, umumy wezipeleri, sportuň ösüşiniň häzirki zaman ugurlary barada materiallar girizilendigini beýan etdiler. Kitaphana synyna gatnaşanlar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.