logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ KITAPHANA ULGAMYNY ÖSDÜRMEGIŇ 2025-2029-NJY ÝYLLAR ÜÇIN DÖWLET MAKSATNAMASYNDA BELLENILEN WEZIPELERI ÝERINE ÝETIRMEKDE KITAPHANA IŞINDE ILERI TUTULÝAN UGURLAR

Kitaphanalar

26.06.2025

Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmekde kitaphana işinde ileri tutulýan ugurlar» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Ahal welaýatynyň çäginde geçirilýän medeniýet hepdeliginiň dabarasy uly toý baýramçylyk şatlyga beslenip, geçirilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Medeniýet merkezinde ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen usulyýet maslahaty bilen uly badalga aldy. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen wezipeler maslahatda ara alynyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Maslahata gatnaşyjylar kitaphana işinde öňde baryjy usullar, häzirki zaman gaznalaryny döretmek, medeni, aň-bilim ýaýradyş çärelerini guramak we okyjylaryň işjeňligini ýokarlandyrmak ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlara giň gerim berildi .Şeýle hem kitaphana işini sanly ulgama geçirmek we bitewi maglumat gurşawyny kemala getirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi hem-de şular dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle hem akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleri bu çärede giňişleýin sergilendi. Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläkde baýlaşdyrmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.

No image
MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ WE SUNGATYMYZYŇ WASPY

Kitaphanalar

26.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň waspy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýändigi, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, her ýylyň 27-nji iýunynda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet» güni uly dabaralara beslenip geçilýändigi, elbetde bu goşa baýramçylygyň utgaşykly bellenilmeginiň uly manysynyň bardygy, ýagny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri ajaýyp döwrümizde hasyl bolmagy, şahyryň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri bolsa biziň bagtyýar döwrümiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
GÜLLE MEDENIÝETIM, GÜLLE SUNGATYM

Kitaphanalar

26.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Baýram han» seýilgähinde «Gülle medeniýetim, gülle sungatym» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet we sungat işgärleriniň işlerine uly üns berilýändigi, Milli medeniýetimizi açyp görkezmekde, dünýä ýaýmakda birnäçe tagallalar amala aşyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň öndümli işlemegi üçin ähli şertler döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdymyzda giňden bellenilip, elbetde, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hem medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde bellenilmeginiň aňyrsynda uly sazlaşyk many bardyr diýip, çykyşlarynda beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hemme taraplaýyn gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
MEDENIÝETIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

26.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak,Ýasmansalyk medeniýet öýleri bilen bilelikde guramagynda Gypjak medeniýet öýünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň we döredijiligiň baýramy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen medeniýet we sungat işgärleriniň günini dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini, milli medeniýet, onuň däp-dessurlaryny we ýörelgelerini, türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasy özenidigi barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň öndümli işlemegi üçin ähli şertler döredilýändigi, döwletara gatnaşyklarynda medeniýet milletleri, birek – birege ýakynlaşdyrmakda uly orun eýeleýändigi, ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Milli medeniýetimizi, däp – dessurlarymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
KITAP DÜNÝÄŇ AÇARY

Kitaphanalar

26.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphanamyzyň halypalary hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň kitap okamaklyga bolan höwesini artdyrmak, ýurdumyzda kitaphana ugruny kämilleşdirmek maksady bilen «Kitap dünýäň açary» atly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara öwüt-ündew berýän kitaplary, geçirilen maslahatlary barada gürrüň edildi. Bu gepleşigiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Medeniýet güni hem-de Magtymguly Pyragynyň güni bilen gutlap, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

No image
MEDENIÝET MILLETIŇ MERTEBESI

Kitaphanalar

25.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäherimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän agzybir işgärleriniň gelmeginde «Medeniýet milletiň mertebesi» atly gezelenç geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň günüdir. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreler geçirilýär. Ähli türkmen halkymyzy Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Milli medeniýetimizi wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.

No image
ARKADAG ÝYLDYZY BAGTYŇ ÝYLDYZY

Kitaphanalar

25.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň işgärleri bilen Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň fizika fakultetiniň mugallymlarynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Arkadag ýyldyzy bagtyň ýyldyzy» atly tegelek stoluň başynda gürrüňdeşlik geçirildi. Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar her bir Türkmenistanlyny ganatlandyrdy. Bu baradaky güwänamanyň, teleskopdyr onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetine gowşurylmagy ähli halkymyz, esasan-da ylymdan ganatly ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri bolandygy barada gürrüňler edildi. Söhbetdeşlikde şular dogrusynda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar, kitaphana işini kämilleşdirmekde uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ÝAŞLAR WATANYŇ GELJEGI

Kitaphanalar

25.06.2025

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde» «Ýaşlar Watanyň geljegi» atly bäsleşik we çeper okaýyş geçirdi. Ýörite çagalar üçin taýýarlanan gürrüňler bilen, kitaphana işgärleri gyzykly goşgy, erteki aýtmakda iki toparyň arasynda bäsleşik geçirip, ýeňijilere höweslendiriji baýraklar gowşurdylar. Bu ýerde çagalar özüni gyzyklandyrýan halk ertekileri okap olaryň gahrymanlary hakynda pikir alyşdylar.

No image
BAGTYÝAR BALALAR WATAN BUÝSANJY

Kitaphanalar

25.06.2025

Türkmenabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar Lebap welaýat kitaphanasynda gezelençde boldylar. Ýaş nesillerde kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen kitaphananyň hünärmenleri ýörite kitap sergilerini guradylar. Kitaphana işgärleri döwrebap tekjelerde ýerleşdirilen halk ertekileriň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler. Körpeler gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň sergisine syn etdiler.

No image
PARAHATÇYLYK - SUNGAT BILEN GÜL AÇÝAR

Kitaphanalar

25.06.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylarynyň gatnaşmagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlap paýtagtymyzdaky «Ertekiler dünýäsi» dynç alyş seýilgähinde,«Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Parahatlyk - sungat bilen gül açýar» atly duşuşyk geçirdi Gahryman Arkadagymyzyň köp ugurlaýyn pikir ýöretmeleriniň, çuňňur ylmy seljermeleri esasyny özünde jemleýän «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi»,«Parahatçylyk sazy dostluk doganlyk sazy» hormatly Prezidentimiziň «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly gymmatly eserlerinde milli medeniýetimiz barada beýan edilýän wakalar barada täsirli söhbetler edildi. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi, halkara abraýynyň artmagy babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler hakyndaky gürrüňler ýaş nesillerimizde uly täsir galdyrdy. Göçme kitap sergimiz hem okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşanlar medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler!