logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BEÝIK MAKSATLAR–ULY ÝEŇIŞLERE ÝETIRÝÄR

Kitaphanalar

08.01.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynda «Beýik maksatlar-uly ýeňişlere ýetirýär» atly kitaphananyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Maslahatda 2026-njy «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan–Bedew batly at myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin tassyklanan Döwlet maksatnamasyna laýyklykda kitaphanada alynyp barylmaly işler dogrusynda durulyp geçildi.

No image
2026-NJI ÝYL «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

08.01.2026

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde 2026-njy ýyly «Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýazgy etdiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly dogrusynda çykyş edenler bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülendigi, ýurdumyzda her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny tassyklaýar diýip bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
2026-NJI ÝYL «GARAŞSYZ,BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» DIÝLI YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI ÝAZGY

Kitaphanalar

08.01.2026

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde 2026-njy ýyly «Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýazgy etdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwürlendigi, täze 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhyny has-da belende göterendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de uly ruhubelentlik bilen garşylan täze ýylymyz Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyza, bütin türkmen halkyna, rysgal-döwlet, abadançylyk, parahatçylyk, agzybirlik baradaky isleg arzuwlarynyň wysala öwrüljekdigi barada aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

07.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşigi bilen bilelikde 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler hem-de geçirilen halkara derejesindäki forumlardyr, maslahatlar dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem bedew bady bilen öňe barýan döwletimizde türkmen halkynyň arzuw-umytlar bilen garşy alan 2026-njy ýylyny “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy bilen Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL BIZIŇ ILLERE

Kitaphanalar

07.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adymdaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň “Döwlet sirkiniň” öňündäki arçada täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Hoş geldiň Täze ýyl biziň illere” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylyna gadam basmagymyz mynasybetli körpeje çagalar täze ýyl arzuwlaryny, goşgudyr-aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de kitaphana hünärmenleri Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew” atly ajaýyp eserinden birnäçe Ahalteke bedewlerimiziň foto suratlaryny görkezdiler we bedewlerimiz hakynda birnäçe gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Mundan başga-da körpeje nesillere türkmen halk ertekilerinden labyzly okap berdiler we ertekileriň gahrymanlary hakynda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakynda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
BEDEW BATLY, ŞAN-ŞÖHRATLY DIÝARYM!

Kitaphanalar

07.01.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň we kitaphananyň gurnamaklarynda «Bedew batly, şan-şöhratly Diýarym!» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiň we bilelikde jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alynyp barylýan beýik işler, Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasaty esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýändigi barada aýratyn durup geçdiler. döredilen. Kitaphanada ýylymyza bagyşlap «Bedew batly Türkmenistan-dillerde dessan» atly guralan kitap sergisi bolsa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ajaýyp döwrümizde okamana, döredijilikli zähmet çekmäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsyn aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
«GARAŞSYZ,BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI ÝAZGY

Kitaphanalar

07.01.2026

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde 2026-njy ýyly «Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýazgy etdiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly dogrusynda çykyş edenler bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülendigi, ýurdumyzda her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny tassyklaýar diýip bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ÝYLYŇ ŞYGARY-DÖWRÜŇ AJAP ÇYRAGY

Kitaphanalar

06.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Ýylyň şygary-döwrüň ajap çyragy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň, täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamlylygynyň ajaýyp beýanydyr, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň miwesidir. Ahalteke bedewi ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr. Halkymyzyň nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrmagy, üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip yglan edilmegi ahalteke atlarynyň ýurdumyzyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň bas nysanyna öwrülendigini subut edýär. Munuň özi täze ýylyň mazmunyny emele getirmek bilen, türkmen halkynyň durmuşynda bedewiň aýratyn orun eýeleýändigini dünýä jar edýär. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda eziz diýarymyzy bedew bady bilen öne alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
2026-NJY ÝYL «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY

Kitaphanalar

05.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwürlendigi, täze 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhyny has-da belende göterendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de uly ruhubelentlik bilen garşylan täze ýylymyz Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyza, bütin türkmen halkyna, rysgal-döwlet, abadançylyk, parahatçylyk, agzybirlik baradaky isleg arzuwlarynyň wysala öwrüljekdigi barada aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY DIÝLIP ATLANDYRYLMAGY MYNASYBETLI ÝAZGY

Kitaphanalar

05.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýazgy edildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymy kitaphana işgärleri bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işler, gazanylan üstünlikler dogrusynda söhbet etdiler, şeýle hem 2026-njy ýyly hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýazgy edildi. Ýazgynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň gülläp ösmeginde alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.