logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENÇ

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň işgärleri kitaphana gelen ýaş okyjylara bölüm hakynda giňişleýin gürrüň berip, hazynadaky kitaplary gorap saklamagyň düzgünlerini, okyjylara hyzmat etmegiň tertipleri bilen tanyşdyrdylar. Gezelenjiň dowamynda bölümiň işgärleri okyjylar bilen söhbetdeşlik geçirip, kitaphanamyza gelip gowuşýan kitaplaryň, gazet-žurnallaryň döwrümiziň toýdur-baýramly günleri barada giňişleýin maglumat berip, okyjynyň ünsini özüne çekmek bilen ýaş okyjylarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana gezelenje gatnaşyjylar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

No image
KITAPHANA IŞI KÄMILLEŞÝÄR

Kitaphanalar

09.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy «Kitaphana işi kämilleşýär» atly alnyp barylýan kitaphana gurnagyna gatnaýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda kitaphana işi hakynda birnäçe maglumatlar berildi. Gurnagyň esasy maksady ýaş nesillerimizi bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, sowatlylyk, hoşniýetlilik, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna wepalylyk duýgularyny oýarmakda, döwletimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gurnaga gatnaşýan okyjylaryň arasynda öwrenen maglumatlaryny özleşdirmek maksady bilen birnäçe sorag-jogaplar alşyldy. Gurnagyň ahyrynda eziz diýarymyzda ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

08.04.2026

Kitaphana synynda çykyş edenler döwlet kitaphanamyza gelip gowşan döwürleýin neşirleri giňişleýin tanyşdyrdylar. Кitaphanamyza gelip gowuşýan gazetdir, žurnallarda döwrümiziň toýdur-baýramly günleri barada, giňişleýin maglumatlaryň berilmegi her bir okyjynyň ünsini özüne çekmek bilen çäklenmän, parahat döwletimiziň ösüşiniň şaýady bolýandyklary üçin gatnaşyjylarda buýsanç duýgularyny oýardy. Ýurdumyzyň beýik ösüşini, taryha yz goýjak wakalaryny özünde jemleýän neşirlerimiziň dowamly gelip gowuşmagy bizi diýseň buýsandyrdy.

No image
DOKMA PUDAGYNYŇ ÖSÜŞLERI

Kitaphanalar

08.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Dokma pudagynyň ösüşleri” atly kitap sergisini gurady. Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşýan döwründe ähli pudaklarda guwandyryjy görkezijiler gazanylýar. Häzirki döwürde dokma pudagy ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy we kuwwatly pudaklarynyň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda işe girizilen dokma kärhanalarynyň ählisinde innowasion tehnologiýalar, ýokary öndürijilikli enjamlar, işiň gidişini dolandyrmak üçin iň ýokary derejeli dolandyryş-tehniki serişdeler ulanylýar. Täze gurlan kärhanalarda pagta süýümini, piläni gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önümleri öndürmeklige çenli gutarnykly tilsimat tapgyrlary ornaşdyryldy. Döwrebap dokma kärhanalarynda jinsi, setin, ýüpek, trikotaž matalary we öň Türkmenistanda öndürilmedik taýýar önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudaklarynyň birine öwrülip, döwletimiziň ykdysady ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu kitap sergisi her bir okyjyda uly täsir galdyrdy. Dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

No image
SAGLYK-BAŞYMYZYŇ TÄJI

Kitaphanalar

08.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi “Saglyk-başymyzyň täji” ady bilen kitap sergisini gurady. Bu guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ensiklopedik kitaplary hem-de Saglyk Maksatnamasy, şeýle hem ýurdumyzda täze guralan saglyk binalary, sport desgalary hakynda ýazylan eserler goýuldy. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaplary biziň ýol-ýörelgämiz we gymmatly gollanmadyr. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar. Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ PAÝTAGTY GÖZEL AŞGABAT

Kitaphanalar

08.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli “Bedew batly ösüşleriň paýtagty gözel Aşgabat” atly kitap sergisini gurady. Bu günki gün halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahabatly saýasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna gadam basdy. Bu ýylda türkmen halky Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny baýram edýär. Gahryman Arkadagymyz “Ak şäherim Aşgabat” atly eserinde: “Ýurdumyzyň şäherleriniň her biriniň özboluşly gözelligi bar. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa, şolardaky gözellikleriň baryny özünde jemleýän şäher. Onda tebigatyň täsinlikleri hem-de adam eli bilen döredilen ajaýyplyklar özboluşly sazlaşyga girýär. Aşgabadyň keşbinde diňe bir tebigatyň dürli gözellikleri däl, eýsem, döwürler hem bir sazlaşyga girýärler. Gözel Aşgabadymyzda gurulýan desgalaryň taryhyň we medeniýetiň gymmatlyklaryny jemleýän milli äheňdäki eser bolmagy, baş maksadymyzy aňladýar. Aşgabadyň keşbi - watançylyk söýgüsiniň janly keşbi” diýip jaýdar belleýär. Bu kitap sergisi her bir okyjyda uly täsir galdyrdy. Bedew batly ak şäherimiz Aşgabady günsaýyn buýsançly ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

No image
KITAP BAR ÝERINDE SAGDYN DÜŞÜNJELI NESIL KEMALA GELÝÄR

Kitaphanalar

08.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi Aşgabat şäheriniň 27-nji çagalar bagynda “Kitap bar ýerinde sagdyn düşünjeli nesil kemala gelýär” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi. Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara durmuşy, jadyly-hyýaly ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi, merdanalygy, ýagşy gylyk-häsiýetleri hakyndaky ertekiler, rowaýatlar labyzly okap berildi we çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Kitap sergisi ýaş nesilleriň her birinde kitaba bolan söýgi döretdi. Şeýle-de çagalara, kitap okan çaganyň - jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol ýörelgedigi hakynda maslahatlar berildi. Sergä gatnaşanlar bagtyýar çagalarymyzy milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
DÜNÝÄ SYRY KITAP BILEN AÇYLÝAR

Kitaphanalar

07.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Dünýä syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde kitap adamyň ruhy dünýäsiniň çyragydyr. Kitap okamak adamy diňe bir sowatly etmek bilen çäklenmän, eýsem ony rahatlandyrýar, özüne bolan ynamyny artdyrýar. Kitap okaýan adam sowatly bolmak bilen duýgularyna erk edip bilýär. Dürli meselelere dogry we çynlakaý çemeleşýär hem-de olary çözmegiň başga ýollaryny gözleýär, ýagny gözýetimini giňeldýänligi barada Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň ýaşulylar otagynda dürli ýaşly okyjylarymyza giňişleýin gürrüň berildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan eserlerimizi okyjylarymyza ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
SAGLYK–ABATLYK

Kitaphanalar

07.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynyň, “Arkadag” teleýaýlymyň taýýarlamagynda “Saglyk–abatlyk” atly söhbetdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, her bir ynsanyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek asylly maksatlaryň birine öwrüldi. Şu babatda durmuşa geçirilýän işler, saglyk maksatly gurulyp ulanmaga berilýän desgalar, iň döwrebap enjamlar ýokary hilli lukmançylyk bejeriş işlerini, şypahana hyzmatlaryny ýola goýmaga giň mümkinçilikler döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi. Işlemäge, döretmäge, gurmaga şu ajaýyp şäherde zähmet çekmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ,ömürleri uzak bolsun!

No image
SPORT – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

07.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 13-nji saglyk öýünde «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkymyz gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk hem-de ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýän jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleri berk ornaşdyrylyp, “Saglygym - baş baýlygym”, “Bar zadyň sakasy saglyk” diýen paýhasly sözleriň döremegi saglygyň hemme zatdan ileri tutulýandygyny giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy, ýurdumyzyň ähli taraplaýyn ösüşi şunuň bilen berk baglanşykly bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda hem-de bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.