logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BAGTYÝAR BALALAR WATAN BUÝSANJY.

Kitaphanalar

16.06.2025

Türkmenabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar Lebap welaýat kitaphanasynda gezelençde boldylar. Ýaş nesillerde kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen kitaphananyň hünärmenleri ýörite kitap sergilerini gurnadylar Kitaphana işgärleri döwrebap tekjelerde ýerleşdirilen halk ertekileriň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler. Körpeler gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň sergisine syn etdiler.

No image
MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ WE SUNGATYMYZYŇ WASPY

Kitaphanalar

16.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň waspy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede dost-doganlygyň ýurdy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýändigi, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, her ýylyň 27-nji iýunynda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet» güni uly dabaralara beslenip geçilýändigi, elbetde bu goşa baýramçylygyň utgaşykly bellenilmeginiň uly manysynyň bardygy, ýagny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri ajaýyp döwrümizde hasyl bolmagy, şahyryň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri bolsa biziň bagtyýar döwrümiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATLYK DOST – DOGANLYK MEKANY, MILLI MEDENIÝETIŇ ÖSEN ZAMANY

Kitaphanalar

16.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ylham» seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Parahatlyk dost-doganlyk mekany, milli medeniýetiň ösen zamany» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda eziz Diýarymyzyň toý-baýramlara ulaşýandygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek barada uly aladalar edýändikleri, medeniýet ulgamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary döredijilik dünýäsiniň ilkinji ädimlerine höweslendirmek boýunça bäsleşikleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň ahyrynda şeýle beýik işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HEMIŞELIK BITARAPLYK BUÝSANJYMYZDYR

Kitaphanalar

16.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk buýsanjymyzdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi. Çärede Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň mekanydygy, asuda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bolsa, halkyň abadan durmuşy, bagtyýarlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy, şonuň üçin hem gazanylýan üstünlikler, ösüşler bagtyýarlyk döwrümizi has-da dabaralandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Goý, dünýä nusgalyk işleri bitirýän, baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTAN– ÇAGALARYŇ IŇ ARZYLY ISLEG-ARZUWLARYNYŇ HASYL BOLÝAN MEKANY

Kitaphanalar

13.06.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji günlerinde «Aşgabat» seýilgähinde «Türkmenistan – çagalaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekany» atly göçme kitap sergisini gurnady. Sergini synlamaga kitaphanamyzyň hemişelik okyjylary hem geldiler. Ýaşajyk kitap söýüjiler ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Seýilgähe gezelenç etdiler. Göçme sergide ýerleşdirilen türkmen halk ertekilerini uly höwes bilen okadylar. Göçme sergä gatnaşanlaryň ählisi ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
SAŇA ÝARAN BOLDY AJAÝYP ZAMAN, BITARAP DÖWLETIM – TÜRKMENISTANYM!

Kitaphanalar

13.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi «Saňa ýaran boldy ajaýyp zaman, Bitarap döwletim – Türkmenistanym!» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýa beslenmeginiň, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň çuň hem düýpli taryhy kökleri bar. Taryha giren 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň resmi taýdan ykrar edilen günüdir. Bu bolsa parahatçylygyň şygar edilip dabaralanýan ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ýokary derejelere galjakdygyna, türkmen halkynyň halkara abraýynyň artjakdygyna, ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy öňe sürýän başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenjekdigine ynamymyzy berkidýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler bolsa, munuň aýdyň şaýadydyr. Söhbetdeşligiň dowamynda hem çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýänligi, döwletimizde kitaphana ulgamynyň işiniň kämilleşdirilýänligi dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÇAGALAR BIZIŇ GELEJEGIMIZDIR

Kitaphanalar

13.06.2025

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin örän uly tagallalar edilýär. Olaryň döwrebap derejede bilim almaklary we dynç almaklary üçin Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz uly mümkinçilikler we şertler döredip berýär. Bu günki günlerde hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň hem-de Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň ýaş hünärmenleri tarapyndan «Altyn damja» dynç alyş we sagaldyş merkezinde göçme kitap sergisi gurnaldy hem-de çagalar bilen sorag-jogap alyşyldy. Bu göçme kitap sergisinde türkmen halk döredijiligine degişli birnäçe kitaplar hem-de daşary ýurt dillerindäki ertekiler giňden sergilendi. Bu göçme kitap sergisi çagalarda örän uly gyzyklanma döretdi. Bu söhbetdeşligiň ahyrynda çagalar özlerine döredilip berilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerinden çykýan buýsançly alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
SUNGAT DIÝMEK NÄME, BILÝÄRMISIŇIZ

Kitaphanalar

13.06.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her güni toý-baýramlara şanly senelere beslenýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy şanly senelere, baýramçylyklara, ömrüni sungata-medeniýete bagyşlan sungat ussatlaryň ömri döredijiligine bagyşlap - hemişelik, wagtlaýyn, senenamalaýyn we göçme sergilerini yzygiderli guraýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi «Sungat diýmek näme, bilýärmisiňiz» atly sergi gurady. Baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
SUNGAT – ÄLEME NUR-ÝAGTY, MEDENIÝET – ADAMZADYŇ BAGTY

Kitaphanalar

13.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Sungat–äleme nur-ýagty, medeniýet–adamzadyň bagty» atly döredijilik duşuşygy mynasybetli sergi guraldy Döwlet kitaphanasynyň girelgesinde myhmanlary duz-çörek we aýdym-saz bilen garşylandy. Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda bolan dürli neşirlerden, gollanmalardan we şeýle-de sungatynyň dürli görnüşlerinden guralan sergiler dabara gatnaşýan myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän, türkmeniň beýik ussady Magtymguly Pyraga uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
SUNGAT – ÄLEME NUR-ÝAGTY, MEDENIÝET – ADAMZADYŇ BAGTY

Kitaphanalar

13.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Sungat – äleme nur-ýagty, medeniýet –adamzadyň bagty» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Dabarada çykyş eden myhmanlar–Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan her bir ynsan çeken zähmetiniň rehnetini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Biziň ýurdumyzda gazanylýan zähmet üstünlikleri, toýlara badalga bolup, toý-baýramly günler bilen utgaşýar. Diýarymyzda her ýylda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet» gününiň giňden bellenilmegi, onuň medeniýet hepdeligi diýen ajaýyp hem asylly däbe öwrülmeginiň milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli medeniýetiniň we sungatynyň şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan her bir ynsan çeken zähmetiniň rehnetini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Aramyzdan giden ussatlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sungat ussatlarynyň beýik mugallymy Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan sapalanýar, sarpalanýar diýip belläp geçdiler. Dabaranyň ahyrynda - Baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän, Türkmeniň beýik ussady Magtymguly Pyraga uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.