logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
EL HÜNÄRI, IL GEZER

Kitaphanalar

28.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar-sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtyny sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda «El hünäri il gezer» ady bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik ýazgy etdi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly gymmatly eserinden ýurdumyzda ýaş nesiller üçin durmuşa geçirilýän döwletli işler barada täsirli gürrüňler edildi. Ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimiz bolan alaja işmek, keşde çekmek, jorap örmek ýaly hünärlerimiziň ähmiýeti dogrusynda hem söhbetler diňlenildi. Dynç alyşyny şadyýan geçirýän körpeje gyzjagazlarymyz merkezde hereket edýän, el-işleri gurnagyna höwesjeň gatnap, öwrenen işlerini ýerine ýetirdiler. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesiller üçin giň-şert mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
TÜRKMENI DÜNÝÄ TANADAN AKYLDAR

Kitaphanalar

28.07.2025

«Türkmeni dünýä tanadan akyldar» atly söhbetdeşlik. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda şeýle-de «Arkadag» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň esasynda «Türkmeni dünýä tanadan akyldar» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny bölümleriniň aýratynlygyny, şeýle-de türkmen döwletliligini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga hem-de beýleki ençeme taryhy şahsyýetlerimize goýulýan beýik hormatyň aýdyň nyşanydyr diýip, täsirli gürrüň berdiler. Şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen söz sungatynyň pälwany Magtymguly Pyragynyň sarpasyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
SAGLYGYM–BAŞ BAÝLYGYM

Kitaphanalar

28.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Aşgabat” seýilgähinde “Saglygym–baş baýlygym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň abadan geljegi üçin kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, häzirki zaman, döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalary, şypahanalary gurmak, lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda uly ösüşler gazanylýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

Kitaphanalar

25.07.2025

2025-nji “Halkara–parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 25-nji iýulynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Lebap welaýat kitaphanasyna 105 kitap dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Myhmanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berip, kitaphanada döwrebap tekjelerde guralan giňişleýin kitap sergilerine syn etdiler. “Bitaraplyk-belent maksatlara ruhlandyrýar” diýilip atlandyrylan esasy sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň türkmen dilindäki we daşary ýurt dillerine terjime edilen kitaplary ýerleşdirildi. Şeýle-de welaýat kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan ýapon dilindäki, ýapon halkynyň taryhy baradaky bir näçä kitaplaryň kitap sergisi guraldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/70.jpg)

No image
TÜRKMENISTAN HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ MEKANY

Kitaphanalar

25.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda ýurdumyzda görülýän taýýarlyk işleri barada “Altyn asyr” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde täsirli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek uly göwrümli forumyň çäklerinde gurnaljak medeni-köpçülik çäreleri, maslahatlar, howa menzilinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlary türkmeniň milli ýörelgelerine, myhmansöýerlik dessurlaryna laýyk derejede garşy almak, hemme taraplaýyn ýokary derejede guramaçylyk işlerini alyp barmak hakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren iş maslahaty barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanadyp, asudalygy, parahatçylygy, dost-doganlyk ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
AMERIKAN NUSGAWY ÇAGALAR WE ÝETGINJEKLER EDEBIÝATYNYŇ KITAP SERGISI

Kitaphanalar

25.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň kitap sergi ýarmarkasy geçirildi. Kitap sergi ýarmarkasyny ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud açyp berdi. Kitap sergi ýarmarkasynda Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler,iňlis dili we ylym,tehnologiýa, inženeriýa we matematika (STEM) boýunça gollanmalar we ABŞ-da okamak boýunça kataloglar ýerleşdirildi we sergi ýarmarkasyna gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Sergi ýarmarkasyna gatnaşanlar Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler edebiýatyndan bölekleri okap berdiler şeýle hem iňlis dilinde sözleri harpma-harp dogry aýtmak boýunça “Speliň Bi” bäsleşigi geçirildi. Kitap sergi ýarmarkasynyň Multimediýa böleginde tanyşdyrylan kitaplara degişli filmler we ýanyna goşulyp okamak üçin sesli kitaplar görkezildi. Soňra bolsa,sergä gatnaşýanlar kitaplar üçin bezelen sahypa belligini ýasadylar. Kitap sergi ýarmarkasynyň ýapylyş dabarasynda guramaçylar «Speliň Bi» bäsleşiginiň ýeňijilerine hormat hatlaryny gowşurdylar. Soňra bolsa, Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçylary sergi ýarmarkasynyň guraýjylara we şeýle mümkinçilikleri döredip beren, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag bolmaklaryny arzuw etmek bilen öz minnetdarlyklaryny bildirdiler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu kitap sergi ýarmarkasy türkmen okyjylaryna Amerikan ýazyjylarynyň edebiýatlaryny has hem gowy bilmäge,öwrenmäge öz täsirini ýetirdi.

No image
PARAHATLYK ÝOLY–BAGTYÝARLYK ÝOLY

Kitaphanalar

25.07.2025

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, ýurdumyzyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Parahatlyk ýoly–bagtyýarlyk ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Diýar» žurnalynyň bölüm redaktory Akkeýik Allagulyýewa dagy gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, dost-doganlyk watansöýüjilik terbiýesiniň esasy özenidir. Parahatçylygyň belent düşünjeleriniň çuň many-mazmunynyň Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenista-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgularynyň gymmatly pikir-garaýyşlarynda beýan edilýändigini belläp geçdiler. Şeýle hem häzirki döwürde medeniýet diplomatiýasy döwletiň daşary syýasatynda dostlugyň has-da pugtalandyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat etmek bilen, dünýäniň medeni siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyz goňşy we dünýä döwletleri bilen dostlukly hyzmatdaşlyk etmekde hem medeni ugra uly üns berýär. Munuň özi dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň binýadynyň berkemegine oňyn täsirini ýetirýär. Parahatçylygyň bagtyýarlyk ýoludygyny dabaralandyrýar. Şeýle hem çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynyň başynda geçiriljek, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çäreleri we forumlary hakynda durup geçdiler. Ýurdumyzda geçirilýän iri halkara çäreleriniň halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine oňyn ýardamyny ýetirýändigini nygtadylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar parahat ýurdumyzy dost-doganlygyň mekanyna öwren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÝAŞLAR–WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABYNDAN

Kitaphanalar

24.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň bu günki üstünliklerinden, Diýarymyzyň beýik ösüşlerine goşýan mynasyp goşandyndan söz açýan bu gymmatly eser, ýaş nesillerimiz üçin ylham çeşmesine öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, geljegimize uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI – RUHY DÜNÝÄMIZIŇ HAZYNASY

Kitaphanalar

23.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – ruhy dünýämiziň hazynasy” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler häzirki döwürde dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleri halklaryň dostluk köprüsine öwrülip, onuň ynsanperwer wesýetleri, berkarar türkmen döwleti baradaky arzuwlary siňen ajaýyp şygyrlary halkara derejesinde ynsanperwerligiň, watançylygyň, agzybirligiň, jebisligiň, senasy höküminde ýaňlanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragy hemmeleriň ruhy dünýäsiniň baý hem owadan bolmagyny arzuw eden şahyrdygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÄZE GELEN KITAPLARA KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

23.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölüme Täze gelen kitaplara kitaphana syny geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölüme täze gelen we awtoryň öz gollary bilen sowgat berlen kitaplary okyjy köpçüligine tanyşdyrmak maksady bilen kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda täze gelen kitaplaryň her biri bilen aýratyn tanyşdyryp okyjy köpçüligine ýetirildi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.