logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BELENT MAKSATLY IŞLER ROWAÇLYGA BESLENÝÄR

Kitaphanalar

23.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamaklarynda 2025-nji “Halkara–parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 4-8-nji awgusty aralygynda Awazada milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty barada “Belent maksatly işler rowaçlyga beslenýär” atly söhbetdeşlik geçirildi.

No image
SANLY ULGAM WE ÝAŞLAR

Kitaphanalar

23.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde sanly ulgamyň kitaphanalara giňden ornaşmagy we sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri barada “Sanly ulgam we ýaşlar” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, dünýäde giň gerime eýe bolan ösen tehnologiýalaryň eçilýän miwelerinden gönüden-göni peýdalanmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada buýsançly gürrüňler etdi. Ýaşlaryň kompýuter tehnologiýalaryna erk etmegi, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy barada hem aýratyn nygtady. Döwür bilen deň derejede ösýän, kämilleşýän kitaphanalaryň biri bolan Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň öz saýdynyň üsti bilen okyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagy, has giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmegi baradaky buýsançly sözler söhbetdeşligiň dowamynda beýan edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegini hem-de döwrebap kitaphanalaryň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp, kitap bilen, kitaphana bilen dostlaşmagyny gazanmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
BITARAPDYR DIÝARYM–EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

22.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirliginiň bilelikde guramagynda Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde “Bitarapdyr diýarym–eziz türkmenistanym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we Hoşallyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biridigi, Bitaraplyk döwletimizde, asudalykda, agzybirlikde, erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda, batly gadamlar bilen beýik ösüşlere sary öňe gitmäge giň mümkinçilikleriň döredip berilýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy parahatçylygyň baýramy hökmünde bütin dünýäde bellenilip geçiriljekdigi, bagtyýar halkymyzyň kalbynda uly ruhubelentlik, buýsanç duýgularyny döredip, bu baýram dostlugy, jebisligi, agzybirligi, parahatçylygy has-da berkitjekdigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan birnäçe ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY–ŞYGRY PAÝHAS ÇYRAGY

Kitaphanalar

22.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda “Magtymguly Pyragy–şygry paýhas çyragy” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz- nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize miras goýýan şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan hem uly işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, Berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biziň üçin iň uly bagtdyr diýip belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KALBY ŞATLYKDAN DOLY ÇAGALAR

Kitaphanalar

22.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag şäheriniň 6-njy çagalar bakja bagynyň bilelikde gurnamagynda “Kalby şatlykdan doly çagalar” atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Ýaş nesliň kämil terbiýe we çuňňur bilim almagy, tebigy zehinleriniň açylmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly mümkinçilikler döredilýär. Owadan ülkämizde zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary çeper döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen ylymlaryň bilimleriň ojagy bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem ösüp gelýän ýaş nesilleriň okuwdan boş wagtlary döredijilik, sungat bilen meşgullanmaklary, bilim almaklary hem-de özleriniň ukyp başarnyklaryny açyk görkezmäge ajaýyp kitaphanamyz tarapyndan birnäçe çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu günki gün hem bakja bagynda terbiýelenýän zehinli çagalar kitaphanamyzyň çagalar okalga zalynda özleriniň Watanymyzy wasp edýän aýdymlarydyr, owadan tanslary bilen çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda kalby şatlykdan doly çagalar hakynda çäksiz alada edýän we olaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak hem-de ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek üçin, ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
SAGDYN NESIL, ÝURT BAÝLYGY

Kitaphanalar

22.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Arkadag şäherindäki 9-njy çagalar bakja bagynda «Sagdyn nesil, ýurt baýlygy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Çaga her bir maşgala üçin, döwlet üçin, iň uly gymmatlyk hasaplanýar. Söhbetdeşlikde, sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmek, çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek biziň iň esasy maksadymyz bolup durýar. Çagalaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň her birimiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr.Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, doly derejeli dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
KITAP ÇAGANYŇ GÖWÜN GUŞY

Kitaphanalar

22.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Beýik Serdaryň ruhybelent nesilleri” sagaldyş dynç alyş merkezinde “Kitap çaganyň göwün guşy” atly duşuşyk, gürrüňdeşligi geçirildi. Bagtyýar çagalarymyz berkarar döwletimiziň, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň beýik geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleridir. Çünki bu ajaýyp Diýarymyzda çagalar hakynda uly aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny göwnejaý we oňat geçirmekleri şeýle hem kitaba bolan söýgüni döretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Tomusky dynç alyş günlerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem “Beýik Serdaryň ruhybelent nesilleri” sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda göçme kitap sergileri bilen duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri, çeper okaýyşlary, ertirlikleri geçirýärler. Bu ýerde kitaphanaçylar türkmen halk ertekileriniň birnäçesini okap berdiler. Bu kitaplar bolsa çagalara mahsus oňat häsiýetleri oýarmaga uly gollanma bolup durýar. Çäräniň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalarynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

No image
ŞADYÝAN MÖWSÜMDE TÄSIRLI PURSATLAR

Kitaphanalar

22.07.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde çagalar üçin täsin dünýäni açyp görkezýän gyzykly pursatlary döredýärler. «Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde», şadyýan möwsümiň gyzykly günlerinde merkeziň ähli meýdanlary, açyk asman astyndaky hem-de üsdi ýapyk suw howuzlary, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kompýuter otaglary çagalaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün edilen dynç alyş merkezlerimizde welaýatyň dürli künjeklerinden gelen çagalar öz deň-duşlary bilen dostlaşyp, şatlyklaryny paýlaşýarlar. Bu ýerde guralýan medeni- köpçülikleýin çäreler, dürli oýunlar oýnalyp wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Lebap welaýat çagalar kitaphanasy hem tomusky dynç alyş merkezlerine baryp özleriniň kitap sergilerini gurap, çagalara ertekili kitaplary gürrüň berip, çagalary kitap bilen dostlaşdyrmak arkaly şadyýan möwsümiň şatlykly günlerinde tebigatyň gözel künjeklerinde çagalary syýahat etdirmekde öz goşandyny goşýarlar. Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan edýärler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33.jpg)

No image
ARKADAG SERDARLY BAGTLY NESILLER

Kitaphanalar

22.07.2025

Ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda gülüp-oýnap ýaşamagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilim-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki zaman iň oňat şert-mümkinçiliklerini özünde jemleýän çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport mekdepleriniň ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Körpelere ilkinji edep-terbiýe kadalary çagalar baglarynda öwredilip başlanýar. Bilimiň ilkinji başlangyçlaryna hem olar şol ýerlerde gadam goýýarlar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar baglarynda bilim-terbiýe bermegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylandygyny, körpeleriň aň-düşünjelerini ösdürmekde, dünýägaraýyşlaryny giňeltmekde munuň uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtamak bolar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp Balkan welaýat kitaphanasynda körpejeleriň gatnaşmagynda “Arkadag Serdarly bagtly nesiller” ady bilen ertirlik geçirildi. Ertirlige Balkan welaýatynyň 27-nji “Elektron” çagalar bakja bagynyň körpeleri hem-de 31-nji “Aýgül” çagalar bakja bagynyň körpeleri gatnaşdylar. Çagalara kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher zehinlerinden dörän ajaýyp kitaplaryndan , şeýle-de türkmen halk ertekilerini, rowaýatlary, tymsallary okap berdiler we ertekilerdäki gowy häsiýetli gahrymanlara meňzemekligi ündediler. Balkan welaýat kitaphanasynyň çagalar otagynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklere, sport ýaryşlara, ertirliklere bagtyýar körpeleriň höwes bilen gatnaşyp, öz zehinlerini açyp görkezýändiklerine tüýs ýürekden guwanýarys. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge hemme şertleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz asla egsilmeýär.

No image
HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ RÖWŞEN ÝOLY

Kitaphanalar

22.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň, Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Hyzmatdaşlygyň we ösüşiň röwşen ýoly” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty esasynda gazanan oňyn tejribesini halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin, iri halkara forumlarynyň geçirilmegi üçin beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.