logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«RÖWŞEN GELJEGIŇ–RUHY BINÝADY» ADY BILEN GEÇIRILEN HOŞALLYK MASLAHATY

Kitaphanalar

15.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly çözgütleri netijesinde Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna täze binanyň gurlup berilmegi baradaky hoş habar bizi diýseň buýsandyrdy. Paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde bina ediljek “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäklerinde gurmak hakyndaky karary mynasybetli «Röwşen geljegiň-Ruhy binýady» ady bilen hoşallyk maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda bu kitaphananyň kalplary buýsançdan, dilleri alkyşdan doly kitaphanaçylary ýurdumyzda kitaphana ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesilleri kitap bilen ýakyndan dostlaşdyrmak babatda edilýän aladalar dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de özlerine bildirilýän beýik ynamy ödemek üçin ýene-de irginsiz zähmet çekjekdiklerini ynamly nygtadylar. Buýsançly kalplardan syzylyp çykýan hoşallyk sözlerine Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bagtyýar kitaphanaçylary hem goşulyp, biragyzdan ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler. Hoşallyk maslahatyň ahyrynda kitaba, kitaphanalara aýratyn hormat-sarpa goýýan, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«ÜLKERIŇ BIR ÝYLDYZY» EDEBIÝAT ERTIRLIGI

Kitaphanalar

15.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde şahyr, redaktor, terjimeçi Kakabaý Gurbanmyradowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlap «Ülkeriň bir ýyldyzy» ady bilen ussat halypanyň döredijilik ýoly hakynda ýaş nesilleri tanyş etmek maksady bilen edebiýat ertirligini geçirdi. Çärämiziň başynda kitaphana hünärmeni ýazyjy K.Gurbanmyradowyň ömri we döredijiligi hem-de onuň döreden birnäçe eserleri ýagny “Sähra gözýetimi”, “Saňa köňül bersem”, “Ala-bahar”, “Hyýal guşum” we “Oglum ikimiz” atly kitaplarynyň ýaş nesilleri terbiýelemeklikde ähmiýeti barada gyzykly gürrüňleri berdi. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan şahyryň döredijiligine degişli neşirlerden guran göçme kitap sergimiziň ýany hem köp adamly boldy. Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy özleriniň ölmez-ýitmez eserleri bilen baýlaşdyran şahsyýetlerimiziň döredijilik ýoly hakynda ýaş nesilleri tanyşdyrmaklykda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
«KITAPHANA–MUKADDES OJAK, KITAP–IŇ GYMMATLY HAZYNA» ADY BILEN GEÇIRILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

15.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň hem gatnaşmagynda «Kitaphana–mukaddes ojak, kitap–iň gymmatly hazyna» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň “Arkadag” futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşynda ýeňiş gazanmagy we türgenleriň, futbolçylaryň haýyşy esasynda toparyň gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gullugyna geçirmegi, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly çözgüdi bilen şol pul baýragyny Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze guruljak binasynyň gurluşygyna gönükdirmek hakyndaky karary mynasybetli kitaphanaçylar ýürek buýsançlaryny, alkyşlaryny beýan etdiler. Hem-de özlerine bildirilýän beýik ynamy ödemek üçin irginsiz zähmet çekjekdiklerine tüýs ýürekden ynandyrdylar. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda kitaba, kitaphanalara aýratyn hormat-sarpa goýýan, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÝURT BERKARARLYGYNYŇ GOŞA SÜTÜNI

Kitaphanalar

15.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda özüniň owadanlygy, arhitektura taýdan kämilligi bilen tapawutlanýan Konstitusiýa binasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ýurt berkararlygynyň goşa sütüni» atly söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýaş nesli watançylyk, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Kanunlaryny berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olary döredijilik taýdan kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda alynyp barylýan işler barada täsirli söhbetler edildi. Soňra kitaphana hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dowam eden söhbetdeşliklerinde hem Baýdak-döwletiň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň halkynyň bütewiliginiň nyşany, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslik. Konstitusiýa-döwletliligiň binýady, döwletde halk häkimiýetliliginiň halkyň erk-isleginiň goraglylygynyň kepili. Ine bu iki gymmatlyk häzirki zaman dünýäsinde döwleti döwlet hökmünde öňe çykarýan iki sütün bolup durýanlygy barada hem gyzykly söhbetler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we mukaddes Türkmen Tugumyzyň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
BAÝDAK HEM KONSTITUSIÝA BERKARARLYGYŇ SYNMAZ SÜTÜNLERI

Kitaphanalar

15.05.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda kitaphana we bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda 18-nji maý Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdak hem Konstitusiýa berkararlygyň synmaz sütünleri» atly mowzuk agşamy geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Konstitutsiýa hem Baýdak–türkmeniň buýsanjy» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler. Ýaşamana, öwrenmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
BAGTYÝAR WATANYMYZDA PARLA, ÝAŞYL BAÝDAGYM!

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän № 74-nji orta mekdebinde «Bagtyýar Watanymyzda parla, ýaşyl Baýdagym!» atly Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda edebi-sazly ertirlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza, her bir ýurtda geçirilýän olimpiadalarda, Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşyl tugy asmana galanda, biziň ýurdumyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abraýy, mertebesi belende göterilýändigi, Döwlet baýdagymyzyň mukaddeslik mertebesini saklamak–Watanyňa we halkyňa bolan hormatdyr diýip täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgulary, aýdymlaryny uly höwes bilen aýdyp berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde Türkmen Tugumyzyň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA BAZAR AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASY BILEN BILELIKDE HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI.

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Kitaphanalaryň akyl paýhas ojagydygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Munuň şeýledigini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amal edilýän guwandyryjy işler aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň guruljak döwrebap täze binasy ýurdumyzda ýaş nesil hakynda aladanyň, kitaba, kitaphanalara goýulýan sarpanyň nobatdaky aýdyň güwäsidir diýip belläp geçdiler. “Bilimli nesil kuwwatly Watan” diýlişi ýaly “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň binasynyň we çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň bir ýerde ýerleşmegi çagalaryň geljekde giň gözýetimli, bilimli, sowatly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde, watanperwer, belent adamkärçilikli ynsanlar bolup kemala gelmeklerinde uly ähmiýete eýedir diýip, kitaphanaçylar öz çykyşlarynda bellediler. Çykyş edenler çykyşlarynyň ahyrynda kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA BAZAR AMANOW ADYNDAKY DÖWLET ÇAGALAR KITAPHANASY BILEN BILELIKDE AŞGABAT TELEÝAÝLYMY BILEN BILELIKDE ÝAZGY GEÇIRILDI

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýazgy edilen söhbetdeşlikde çykyş edenler “Arkadag” futbol toparynyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasyna geçirmek hem-de ony Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelinmegini buýsanç bilen söhbet etdiler, bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň çagalar babatda alyp barýan dünýä nusgalyk sogaply işleriniň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasyna degişli şekil taslamalary bilen tanşyp, onuň “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde gurulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtmagy hem ýaş nesil üçin giň mümkinçilikleriň döredilýänliginden aýdyň nyşandyr diýip, bellediler. Çykyş edenler çykyşlarynyň ahyrynda öz dürdäne eserleri bilen ýollarymyza nur çaýýan, kitaba belent sarpa goýýan, kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
MEKDEP KITAPHANALARYNYŇ IŞINI HAS-DA KÄMILLEŞDIRMEGIŇ WEZIPELERI WE ÝOLLARY Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan kitaphana ulgamynyň işini has-da k

Kitaphanalar

14.05.2025

Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan kitaphana ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, giň okyjylar köpçüligini kitaphanalara çekmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde kitaba bolan sögüni döretmekde, höwesi artdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär.Şu maksatdan ugur alnyp Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» durmuşa geçirmek hem-de bu Namalarda bellenilenleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Balkan welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Mekdep kitaphanalarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň wezipeleri we ýollary» atly mekdep kitaphanalarynyň kitaphana işgärleri bilen bilelikde usuly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler kitaphanalaryň maddy enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmek, kitaphanalara häzirki zaman ösen tehnologiýa enjamlaryny ornaşdyrmak, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini hil we mazmun taýdan kämilleşdirmek, çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak barada, kitaphana ulgamynda alynyp barýan işler, döredilýän mümkinçilikler, we ֿ«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» öňde goýulýan maksatlar dogrysynda giňişleýin söhbet etdiler.Umuman kitaphanaçylar ilkinji nobatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny wagyz edijiler bolup durýar. Maslahatyň ahyrynda ýene bir ýola ata Watanymyzyň dünýä derejesinde gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, işlemegi, okamagy, döretmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar halkymyzyň adyndan köp-köp sagbolsun aýtdylar.

No image
BAÝDAGYMDA BAGTYÝARLYK BADY BAR, KANUNYMDA HALKYŇ BEÝIK BAGTY BAR

Kitaphanalar

14.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Telewideniýe radiýogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň agzybirligini we ýurdumyzyň berkararlygyny alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini, berkitýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, döwlet baýdagymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.