«ARKADAGLY SERDARYŇ DÜNÝÄ UZAN AK ÝOLY-HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY
Kitaphanalar
28.04.2025Mary welaýat kitaphanasynda ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda halypa ýazyjy-şahyrlar–“Biznes reklama” gazetiniň bölüm redaktory Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, “Garagum” žurnalynyň bölüm redaktory Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatyrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň Halk artisti Gülälek Akmyradowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Muhammetjuma Hydyrow, “Türkmenistan” gazediniň habarçysy Muhammetberdi Annageldiýew, murgap etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň mugallymy, şahyr Aýnäzik Esenowa, Mary şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Zylyha Ýazberdiýewa dagy çykyş edip, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara özleriniň gymmatly öwüt-nesihatlaryny berdiler. Olaryň çykyşlarynyň özenini ýurdumyzda ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup kemala gelmekleri, şeýle-de, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilýändigi dogrusyndaky täsirli gürrüňler düzdi. Döredijilik duşuşygynda halypalaryň ýerine ýetirmeginde okalan şygyrlar bolsa, oňa gatnaşyjy ýaşlarda ýakymly duýgulary döretdi. Turuwbaşdan ýokary ruhubelentlikde geçen maslahatda oňa gatnaşyjylar eşretli zamany, bagtyýar durmuşy berkarar edip, halkyna ýagty ertiri bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýdyp olaryň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.