SAZANDA
Täzelikler
21.04.2026#### (Hekaýa) Aşyr seýsiň soňky günler keýpi ýokdy. Ol ir säher bilen oýandygy athana gidýärdi. Atlara ot-iým berýärdi. Ene bedew Alagöze aýratyn mähir berip, daşyndan aýrylyp bilenokdy. Alagözem Aşyr agany görse başyny silkip horkuldaberýärdi, oňa gysmyljyraýardy. Aşyr seýis içini gepledýärdi: «Bäh, Alagözüň gulanlamaly wagty bolsa-da, taýçanagy dünýä getirip bilmän kösenýär-aý walla. Ýa, şu gün at lukmanyny çagyraýsammykam?! Ol atyň ýalyny barmaklary bilen darap durşuna: «Hany, şu günem bir garaşyp göreýin... bolýamy Alagazüm!» - diýip, atyň bedredäki suwuny täzeledi. Alagözem seýis bilen gürleşýän ýaly, ot iýmesini goýup, başyny silkdi. Ýöne onuň gözlerinden ýuwaşjadan ýaş syrykdy. Seýis atyň gözýaşlaryny süpürdi, hemem bedewe ýüzlenip şeýle diýdi: «Hany, hany mert bol, ynha, enaýyja taýçanagyňa gözüň düşer welin, çeken ähli jebirleriňi unudarsyň». Aşyr seýis Alagöze hoşamaýlyk bildirensoň, beýleki atlary otluk meýdana sürdi. Gün gyzyp, wagt günorta golaýlan-da, obanyň çetinden atlaryň dükürdisi eşidildi. Atlar otdan mesaňa doýup gelýärdi. Olaryň aýak sesleri, özboluşly owaz bolup, obanyň çetini ýaňlandyrýardy. Seýis atlary öňüne salyp gelşine: «Hany, öz ýatagyna bar» - diýip gygyrýardy. Bibi ene Aşyr seýsiň geler wagtyna gök çaýy demläp, basyryp goýupdy. Gyzgynjyk mele-myssyk çöregi ýüň saçaga dolap, peýwendi tuduň kölegisine oturdylan sekiniň üstüne getirdi. Ýumşak körpeçe atdy. Bi çetine ýassyk atdy. Ýöne bu gün seýis wagty bilen athanadan gelmedi. Ol şol wagt Alagözüň ot-iýmini çalşyp, baýtala hyzmat edýärdi. Seýis tamyň üstünden bir gulaç ýumşak saman düşürip, Alagözüň ýatagyna düşedi. Şol barmana-da: «Öýlänem gaýrat et, garaşaly Alagözüm, eger şu gün öýlän taýçanak dünýä gelmese, onda, ertir lukmanyň kömegini alarys...»-diýip, atdan ötünç soraýan ýaly oňa mähirli ýüzlendi... Seýis saçak başyna geçen-de, radioda «Günorta çaý başyndaky konsert» başlapdy. Dutaryň şirin owazy kalbyňy heýjana salýardy. Saçak başynda Aşyr aga, Bibi ene bilen gümür-ýamyr edip, nahar-tagamlardan garmak-gurmak edensoň, ýadawlygy aýyrýan gök çaýyň lezzetini duýup başlady. Ol saz diňläp, çaý içip otyrka maňlaýyna der örýärdi. Arasynda akja ýaglygy bilen derini süpürip «Berekella, sazandam, elleriňe güller bitsin, ussadym» diýýärdi. Ynha, konserti alyp baryjy: «Indi bolsa, Mylly Täçmyradowyň çalmagynda «Humarala» sazyny eşitdirýäris» diýen-de, Aşyr seýis ardynjyrady hem aýbogdaşyny gurap, edil ussadyň ýanynda oturan ýaly ykjamlandy. Ol saz başlandan bar ünsüni radiodan çykýan ýakymly owaza duwlanyp, dutar bilen bir gulaga öwrülipdi. Mylla aganyň sazy paýawlaberende, birden athanadan Alagözüň çasly kişňeýän sesi ýaňlanyp başlady. Bu sese seýis tisgindi. Edil ýaş oglan ýaly ýeňil gopdy hem-de Bibi enä ýüzlenip: «Keýwany, hany, toý palawyňy ataryber, Alagöz-ä buşluk habaryny getirdi öýdýän» - diýip athana ýöneldi. Şol pursat okuwlaryny tamamlap gelen, Atajan gapydan ätledi. Geliş ugruna ejesini gujaklap ogşady, hemem: «Eje, bu gün birje buzgaýmak alyp berseň-ä kem bolmaz, bäş sany bäşligi gündeligime gonduryp gaýdandyryn akja mekdepden» - diýip ýylgyrdy. Bibi eje-de ogluny gutlap söýgüledi: «Janyň sag bolsun, oglum, iýjegiň buzgaýmak bolsun, günde şeýdip bäşlik getirseň, bizem begendirersiň, mugallymlaryňam»-diýip, onuň başyny sypady. Şol wagt Aşyr seýsiň buýsançly sesi eşidildi: «Buşluk, keýwany, buşluk, Alagaözüm gulanlady, hany, gelinleri çagyr, pişme bişirip, goňşy-golama paýlaň-da... Bu şatlykly habary eşiden Atajan kakasyna tarap ylgady: «Kaka, kaka, taýçanagy gowjamy, akyllyjamy, maňa beräý-de taýjagazy» - diýip kakasyna özelendi. Aşyr aga: «Bar seniňki bolsun ogul, at arkasy mübärek, nesip etsin, goç oglum, nesip bolsa seýisläp ak gaşly eýerem arkalabererin!»-diýip, Atajany gujaklady. Atajan athana bardy. Taýçanak kakasynyň diýşinden hem gowja ekeni. Reňkem gyzgylt-mele eken kaka owadanjadygyny... Aşyr aga: Hä, oglum, tüýs seýsiň gowy görýän reňkidir, oňa dor reňkli diýýerler ogul-diýip, oglumyň sözüni makullady. Atajan ýataga girip, taýyň boýnuny gujaklady, soňra sypalady, söýgüledi... Soňra Alagöze bede taýýarlap oturan kakasynyň ýanyna howlukdy. Kakasyna ýüzlendi: «Kaka taýa näme at dakarys?». Seýis, oglunyň gözlerini güldürip beren bu sowalyna ýylgyrdy. Oglunyň başyny sypap şeýle diýdi: «Oglum, biler bolsaň, şu gün bir täsin wakanyň şaýady bolduk. Alagöz birnäçe günden bäri gulanlap bilmän kösenip gelýärdi. Ýöne şu gün radioda Mylly aganyň «Humaralasy» ýaňlanan-da, Biribaryň gudraty bilen taýçanak Alagözi kösemänjik dünýä geläýdi. Şonuň üçin, gel, taýyň adyna Mylla aganyň çalan sazynyň, saz bilen dünýä gelmeginiň hormatyna Sazanda goýaly, bolýamy oglum»?! Atajan: «Bolýar kaka»-diýip, ýene-de taýçanagyň ýanyna ylgady, onuň boýnuny gujaklap sypalady: «Sazanda» sen adyňa gör nähili mynasyp taýçanagym. Asyl sen saz bolup gelipsiň-ä bu gözel dünýä, toýlarda ýeňiş gazan!»-bolýamy?! Günler-aýlar tirkeşip geçdi. Sazanda aýratyn üns berlip seýislendi. Atajan her gün günorta çagy radioda berilýän halk sazlarynyň konsertini diňlemäge höwesekdi. Ol okuwdan gelen badyna radionyň nurbadyny towlardy. Konsert başlanda Sazandam diňlesin diýip onuň sesini ýaňlandyryp goýýardy. Sazanda hem dutaryň owazyna öwrenişipdi. Her gün saz ýaňlanyp ugrandan Atajanyň gelerine garaşyp, kişňäberýärdi. Aşyr aga, ogluna at münmegi öwretdi. Atajan on ýaşan güni Aşyr aga söz berşi ýaly Sazandany eýerläp, jylawyny ogluna tutdurdy. «Oglum, indi sen ullakanja, tüweleme. Indi sen Sazanda bilen aýlawlary baglap, ýeňiş getir, il-güni begendir goçum, at eýeri gutly bolsun»-diýip, ogluny ata mündirdi. Sazanda iki ýaşyny dolduransoň, aýlawa çykaryldy. Atyň çapyksuwary körpe Atajandy. Geçen döwrüň içinde seýis hem Atajan Sazandanyň saz diňlemegi gowy görýändigini, aýdym-sazyň sesi ýaňlanan-da, has çalt ylgaýandygyny synlap-synlap doýmadylar. Çapuw ýodasyna düşende saz çalnaýsa, Sazanda taý tapylmaýardy. Bu gezegem şeýle boljagy ikuçsuzdy. Ýöne şu günki ýaryş Sazanda üçinem, Atajan üçinem aýratyn jogapkärlidi. Sebäbi Sazanda ilkinji gezek uly ýaryşa gatnaşýardy. Ýaryşda bolsa, her kim ýeňiş gazanmak isleýär. Şoňa görä-de, çapuwyň çekeleşikli boljagy bellidi. Ýaryşyň toý bagy kesilen-de, Sazanda gaty bir gyssanmady. Ýöne şol pursat Mylly Täçmyradowyň «Humarala» sazy ýaňlanyp başlady welin, Sazanda birden okdurylyp ýanyndaky atlary ozup öňe saýlanyberdi. Atlar dört öwrümden soň göni ýoda düşdiler. At çapyşygyny alyp baryjynyň «Ynha, atlar göni ýola düşdiler. Ahalteke bedewi. Ol türkmeniň uçar ganaty, syrdaşy. Döwrüň ähli pursatlarynda-da türkmen halky oňa uly sarpa goýup geldi. Ony ezizläp, söýdiler. Bedewlere bagry badaşan türkmene ýelden ýüwrük atlary şohrat-şan getirdi. Ynsan ýaly duýgurlyk, tebigy gözellik ahalteke bedewiniň hemişelik hemdemi, ýene-de sanlyja sekuntdan atlar toýhana ýeterler. Häzirlikçe ýaryşyň öňüni dor bedew –Sazanda çekýär»-diýen sözleri aýlawyň şowhunyna bat goşýardy. Ynha-da, ýaryşyň iň aýgytly ýerine ýetildi. Toý märekesiniň joşgunly «berekellasy» uzaklara ýaň salýardy. Pellehana golaýlaşýardy. Şol pursat Atajan maýyny tapyp, yzyndaky atlara gözüň gyýtagy bilen seretdi. Görse, eýýäm Sazanda beýleki atlardan arany esli açan eken. Ynha-da, ýaryşyň toý pellehanasy. Ussat emin elindäki ak ýaglygyny ýokary galgap, Sazandanyň ýeňiji bolandygyny buşlady. Şol pursatlary synlap, tolgunyp duran Aşyr seýsiň gözleriniň owasy begenç gözýaşyna doldy. Ol ýeňiş gazanan ogluny hem-de Sazandany gezekli gezegine gujaklap ogşady. Olary gutlap: «Gör-le, türkmen topragynyň gudratyny. Bu gün diňe Sazanda ýeňiş gazanmady, bu toý gününde türkmeniň sazy bilen bir kakuwdan, bir perdeden gopýan milli atşynaslygy ýeňdi» - diýip telpegini göge zyňdy. Bu ýeňiş Sazandanyň ilkinji gazanan ýeňşi boldy... Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy