logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

Täzelikler

10.04.2026

9-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Hanym Neda Berger duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi.

No image
ORNUŇYZ TÖRDEDIR SARPAŇYZ BELENT, ÝAŞAÝŞA ÝARANDYR MÄHREM ZENANLAR

Täzelikler

09.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly çäresi geçirildi.

No image
SERGIDE SAKLANAN SARPA...

Täzelikler

09.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gurbangeldi Gurbanowyň «Meniň doglan günüm», «Ýüpek ýol», «Ýaz», «Güýz», «Gyş», «Tomus», «Kese ýapda ýagyş», «Üç gözel», «Näme sen», «Kese ýabyň säheri», «Kosmos», «Düýeler», «Merwe gezelenç», «Kerwen», «Ak gämi» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Gurbangeldi Gurbanow 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dogulýar. Ol Çingiz Aýtmatowyň eserlerinden aýratyn hem «Ak gämi» powestinden täsirlenip döreden nakgaşlyk we grafika eserleri bilen tanalýar. Gurbangeldi Gurbanow tanymal erkin suratkeşdir. Halypa suratkeşiň grafika eserleri hem mazmunlary boýunça düýpli ýazylan işler hasaplanýar. Nakgaşçylyk işleri taslama we reňk çözgütleri taýdan aýratyn tapawutlanýar. Gurbangeldi Gurbanowyň işleri ynsan dünýäsine inçe täsir edýän eserlerdir. Suratkeşiň edebiýat sungatyna goýýan sarpasy onuň grafika, nakgaş eserlerinde aýdyň ýüze çykýar. Onuň eserlerinde türkmen dünýäsiniň keşbi, owadan pursatlar, durmuşyň lezzeti aýratyn pelsepewi pikirler bilen baýlaşdyrylyp çeper beýan edilýär. Şahsy döredijilik sergisi 10 gün dowam eder. Taýýarlan Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
«SAZA SIŇEN ÖMÜR» ATLY ÝATLAMA DUŞUŞYGY

Täzelikler

09.04.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän kafedralaryň hepdeligi geçirilýär. Hepdelikde ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, konsertler, bäsleşikler, aýdym-sazly we döredijilik duşuşyklary gurnalýar. “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň hepdeliginde şol kafedranyň uly mugallymy M.Saparmyradowanyň gurnamagynda D.Öwezowyň 115 ýaş ýubileýine bagyşlanan “Saza siňen ömür” atly ýatlama duşuşygy geçirildi. “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby A.Abalakowa Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Öwezowyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdi. M.Öwlýakulowanyň sazandarlyk etmeginde “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy R.Baýramow D.Öwezowyň “Hally gözel” eserini ýerine ýetirdi. Soňra “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy G.Ýazmämmedowa “D.Öwezowyň aýdym-saz mirasy”, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy M.Saparmyradowa “D.Öwezow – türkmen klassiki operalarynyň düýbüni tutujy”, “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby M.Mediýewa “D.Öwezowyň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden hor eserleri” atly temada çykyş edip, many-mazmunly we gyzykly maglumat berdiler. M.Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde “Ýekelikde aýdym aýtmak” hünäriniň IV ýyl talyby Ý.Ataýew D.Öwezowyň Ý.Meýtus bilen bilelikde döreden “Leýli-Mejnun” operasynyň II aktyndan “Köriň aýdymyny” keşbi janlandyryp ýerine ýetirmegi başardy. Şeýle hem D.Öwezowyň hor üçin döreden “Baglar, heý” eseri diňlenildi. Beýik kompozitorlaryň hatyrasyna geçirilýän şeýle çäreler, talyplar üçin uly nusga alarlyk mekdepdir. Bu ýatlama duşuşygy diňe bir taryhy ýatlama bolman, eýsem, ýaş nesilleriň beýik ussatlaryň döredijiliginden ylham almagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. “Saza siňen ömür” atly ýatlama duşuşygynda çykyş eden talyplara we mugallymlara aýdym-saz, sungat we döredijilik äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris. Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTAN — SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY

Täzelikler

08.04.2026

#### *Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy* 7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy Türkmenistanda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde sport diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda halkara standartlara laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. «Türkmenistan» gazeti

No image
ŞEKILLERDE JANLANAN BEDEW

Täzelikler

06.04.2026

Türkmeniň milli buýsanjy we gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerini şekillendiriş sungatyň dürli görnüşlerinde, her bir suratkeşiň döredijiliginde görmek bolýar. Türkmen grafika sungatynda bedewleriň mynasyp orny bolup esasanda, ussat grafika suratkeşi Alymjan Işangulyýewiň döredijiliginde bu behişdi barlygyň sarpasy belent tutulýar. Grafikanyň dürli tilsimleri bolup, olar boýunça naýbaşy eser döretmek ussatlygy talap edýär. Grafikanyň seýrek ulanylýan çylşyrymly görnüşi bolan gratografiýa usulyny ulanyp ençeme eserleri döreden ussat halypa suratkeş Alymjan Işangulyýew döredijiliginde türkmen bedewlerine aýratyn ähmiýet berýär. Gratografiýa - bu garaňky fonda ýörite şol tehnika üçin niýetlenen kagyz arkaly keşbi ýagty esasa çyzmak arkaly şekil döredilýän grafiki sungatyň bir görnüşidir. Bu tehnika hiç hili ýalňyşlygy kabul etmeýär. Şonuň üçin bu usul ussatlygy we irginsiz zähmeti talap edýär. Suratkeş şeýle tilsim arkaly bedewleri şahyrana wasp etmek üçin inçe we täsir ediji şekilleri ulanýar. Onuň grafika dili örän çeper bolup, ownuk ştrihler uzyn üznüksiz çyzyklar bilen sazlaşýar. Suratkeşiň gratografiýa tehnikasynda jikme-jik ýerine ýetirilen “Türkmen awçylary” (2016 ý.) eseri bizi däp bolan türkmen awçylygynyň dünýäsine alyp barýar. Taslamada aýratyn teksturany, kontrasty we çyzyklaryň aýdyňlygyny duýmak bolýar. Monohrom sahnanyň dinamikasy we ritm, keşpleriň hereketliligi tolgundyryjy, dartgynly pursaty nygtaýar. Taslamanyň merkezinde çöl peýzažynda çapýan üç atly bar. Öňdäki esasy gahryman ýaý atýan pursatynda görkezilýär. Aýgytly pursat iň ýokary derejede ünsimizi bir ýere jemleýär. Esasy gahryman ýaýyny çekip atuwa taýýar. Onuň lybas aýratynlygyna üns bersek soltan ýa-da beg bolmaly. Yzky meýilnamada şekillendirilen ýigitler bolsa türkmen milli lybasynda görkezilýär. Atlylar batly öňe okdurlan. Ýokary tizlikli bedewleriň myşsalary dartgynlylygy atlaryň güýjüni we çydamlylygyny görkezýär. Iki sany türkmen tazy iti bolsa awyny kowmaga işjeň gatnaşýar. Bu eser diňe aw sahnasyny suratlandyrmak bilen çäklenmän eýsem, türkmen awçylarynyň däp-dessurlaryna, batyrlygyna we ussatlygyna bagyşlanan öwgüdir. Gratografiýa usulyny ussatlyk bilen ulanmagy başaran eserlerinden A.Işangulyýewiň “Türkmen hany”, “Serkerde şahyr”, “Awçy” (2014 ý.) diýen üç bölekden ybarat triptihiniň esasy temasy bedewlere bagyşlanyp, ahalteke bedewleriň türkmen gerçekleriniň durmuşyndaky mynasyp orny görkezilýär. Dabaralylyk, gözýetim, giňişlik, howa eseriň çeperçiligini alamatlandyrsa, şekilleriň takyk ýerine ýetirilmegi onuň gymmatyny artdyrýar. Millilige ýugrulan bu triptihde merkezi bölekde türkmen hany tuguny belentde parladyp türkmen topragynyň han-begleriň, şalaryň merkezi bolandygyny, ahalteke atlaryň mekany bolandygyny nygtasa, birinji bölekde serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi çuňňur oýa batyp bedew wepadarlygyndan ylhamlanyp eser döredýän ýaly. Triptihiň üçünji bölegi bolsa ýene suratkeş üçin gyzykly bolan temalaryň biri aw sahnasyna bagyşlanýar. Türkmen milli däp-dessurlaryna döredijiliginde mynasyp orun bermegi başaran suratkeşiň “Türkmenistan – toýly mekan” triptih eseriniň sag tarapky “Owlak gapdy” (2012 ý.) bölüminde grafika sungatynyň çylşyrymlylygy ýeňillik bilen çözülýär. Eseriň merkezinde bedew atly ýigitlere orun beren suratkeş olaryň anatomik gurluşyny ussatlyk bilen görkezmegi başarýar. Grafika eseriň taslama merkezinde esasy keşp hökmünde bedewi şekillendiren eserleriniň arasynda “Hoş geldiňiz Türkmenistana!” (2017 ý.) atly gratografiýa tehnikasynda ýerine ýetirilen eserinde atly ýigitler toparyny we olary buýsanç bilen garşy alýan märekäni görmek bolýar. Ak-garanyň sazlaşygyndan gözýetimi görkezmek, ýagty-kölege täsirini, göwrümi ýüze çykarmak bu çylşyrymly tilsimde köp zähmeti talap edýär. Suratkeşiň ýerine ýetiren eserleriniň ählisinde adamzadyň ýürekdeşi, ýow gününiň ýoldaşy bedewleriň tarypy ýetirilýär. Bedew keşbi suratkeşiň döredijiliginde dürli tehnikada ýerine ýetirilen eserlerde gabat gelip bu onuň irginsiz zähmetiniň, sungata, milli buýsanjymyza bolan söýgüsiniň miwesidir. Elbetde şeýle söýgi Alymjan Işangulyýewyň maşgalasy suratkeş zenan Ýelena Işangulyýewanyň döredijiliginde hem gabat gelýär. Ahalteke bedewleriniň taýsyz gözelligi sungatyň düýpsiz ummany bilen sazlaşanda ajaýyp eser döreýär. Grafika sungatynyň dürli tilsimlerini ulanyp döredijiligini baýlaşdyrýan suratkeşlerden Ý.Işangulyýewa “Meniň wepaly dostlarym” (2020 ý.) we “Bedew” (2022 ý.) atly eserlerini şolkografiýa tehnikada ýüpek matanyň ýüzüne akril boýagda mawy-gök reňk öwüşginleri arkaly monohrom işleýär. Eserler milli ruhy mirasy wasp edip mawy we pöwrize reňkleriň sazlaşygy adatdan daşary gözelligi ýüze çykarýar. “Meniň wepaly dostlarym” atly eserde taslamanyň merkezinde oglanjyk alabaýy gujaklaýar, şol wagtyň özünde bedew olara goragçy ýaly hemaýat berýär. Ýüpek mata bu tehnikada reňkleriň ýumşak geçişini üpjün edýär we şekilleriň göwrümini duýmaga ýardam berýär. “Bedew” eserde bolsa dolan aýyň şöhlesine garaňky gijeden saýlanýan ahalteke bedewi, dünýä şöhraty dolup, türkmen dünýäsiniň nurana geljegi manysynda berilýär. Elbetde suratkeşiň şeýle baý dünýägaraýşy milli gymmatlygymyz bilen sazlaşanda taýsyz sungat eseri döreýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň şygaryndan ruhlanýan suratkeşler şu ýyl bilen baglanyşykly täze taslamalaryň üstünde işlemegi bolsa eziz Watanymyza, ahalteke bedewimize çäksiz buýsanjyň nyşanydyr. Bagtygül HOJAGELDIÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy

No image
ORNUŇYZ TÖRDEDIR SARPAŇYZ BELENT, ÝAŞAÝŞA ÝARANDYR

Täzelikler

06.04.2026

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda mähriban Diýarymyz türkmen zenanlarynyň sarpasynyň belentde tutulýan, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýän ajaýyp, bagtyýar ýurdy hökmünde tanalýar. Döwletimizde zenanlaryň syýasy, durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işler zenanlary has döredijilikli işlemäge, zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar. Gender deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny we mümkinçiliklerini göz öňünde tutýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda zenanlaryň erkekler bilen deň hatarda ýurdumyzyň syýasy, jemgyýetçilik durmuşyndaky tutýan orny, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, zenanlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler bimöçberdir. Zenanlarymyz maşgala binýadynyň daýanjy, öýlerimiziň bezegi, ýüzümiziň tuwagydyr. Her bir maşgalada nesil terbiýesinde zenanlara möhüm orun degişlidir. Olar türkmeniň milli däp-dessurlaryny, durmuşymyzy bezäp gelýän asylly ýörelgelerini dowam etdirijilerdir. Ine, hut şol mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň zenanlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalary tarapyndan 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny, ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy müdirliginiň gözegçilik bölüminiň baş maslahatçysy, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Nurbike Amanowa, Aşgabat şäheriniň 165-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Oraztäç Nuryýewa, Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina biologiýasy we genetika kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Şemşat Wekilowa dagylar çykyş etdiler. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler mähriban Diýarymyzy bedew batly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, öňdengörüji syýasatlary netijesinde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, enäniň we maşgalanyň goraglylygy, dowam edip gelýän milli ýörelgelerimiz, jemgyýetçilik durmuşymyzdaky zenanlaryň orny, olaryň edep-terbiýesi barada gyzykly we täsirli gürrüňler berdiler. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar zenan, maşgala, jemgyýet, olaryň abadançylygy, zenan hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek babatdaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Ogultäç Hojanazarowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ministrligiň zenanlar guramasynyň başlygy

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ GURLUŞYGYNYŇ BARŞY WE TAÝÝARLANAN TASLAMALAR BILEN TANYŞDY

Täzelikler

06.04.2026

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni uly zähmet ýeňişlerine, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ýokarlanýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäherinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etdirilýär. «Türkmenistan» gazeti

No image
SPORT DABARASY GEÇIRILDI

Täzelikler

04.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda mähriban Watanymyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, 4-nji aprelde Medeniýet şäherçesinde sport dabarasy geçirildi. Aýdym-sazly bu sport çäresine medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Sport çäresine gatnaşanlar bedenterbiýäniň we sportuň dürli görnüşlerini ýerine ýetirdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda, ilatyň jan saglygyny gowulandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketlerini giňden ýaýbaňlandyrmak, sport bilen meşgullanmak, ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgi döretmek ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletimizde sporty, bedenterbiýäni dünýä derejesinde ösdürmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, türgenlerimiziň sebit we halkara bäsleşiklerinde şowly çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolup ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmaklary örän buýsançlydyr. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli berkarar döwletimizde geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleri, sport ýaryşlary sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Dünýäde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň dabaralanmagyna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegine uly ýardam berýär. Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

04.04.2026

3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. «Türkmenistan» gazeti