logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY WE MEDENIÝETIŇ GADYMY KÖKLERI

Täzelikler

03.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda çykaran 344 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen şekillendiriş sungaty we medeniýetiň gadymy kökleri» atly maslahaty geçirildi. Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallym-öwrenijisi M.Şiriýewiň «Döwletmämmet Azady – ussat pedagog, şahyr, filosof», Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy M.Atajanowanyň «Sanly tehnologiýalara daýanýan ylym bilim ulgamyny kämilleşdirmek», Nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy K.Gurbangeldiýewiň «Talyplaryň döredijilik eserlerinde çeperçilik usulyny ösdürmek» we Dizaýn kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Ataýewanyň «Bedew atym – ganatym» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.

No image
Talyplaryň arasyndaky bäsleşik

Täzelikler

03.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Gülşirin Otuzowanyň gurnamagynda talyplaryň arasynda daşary ýurt dillerini ösdürmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Dünýä belli brendleriň döreýiş taryhy hakynda” iňlis dilinde prezentasiýa ýasamak bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik diňe “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyplarynyň arasynda gurnalyp, olaryň her haýsy öz halaýan dünýä belli brendleriň döreýiş taryhy hakynda iňlis dilinde prezentasiýa hem-de çykyş taýýarladylar. “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymlary Şeker Kulyýewa hem-de Dünýägözel Almowowa çykyşlaryň arasyndan iň gowularyny saýlap almak üçin bäsleşige eminlik etdiler. Eminler taýýarlanan prezentasiýalara we talyplaryň çykyşlardaky sözleri doly we dogry aýdylyşlaryna aýratyn üns berdiler. Talyp ýaşlar “Hermes”, “Ferrari”, “Coco Chanel”, “iPhone”, “Yamaha”, “Patek Philippe”, “Coca-Cola”, “Dior”, “Victoria’s Secret” we başgada birnäçe dünýä belli brendleriň taryhy hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Talyplar brendeleriň atlaryndan belli bolşy ýaly, diňe egin-eşik ýa-da sagat barada däl eýsem awtoulaglary, saz gurallary, telefondyr, kompýuterleri we kosmetika döredýän kompaniýalar barada gyzykly maglumatlary öwrenipdirler. Emin agzalary olaryň arasyndan I orna Altyn Ýangyýewanyň “The History of Channel” atly çykyşyny, II orna Orazjahan Mämmetdurdyýewanyň “Inside the world of Hermes” atly dünýä belli brendiň döreýiş taryhy barada gürrüňini we prezentasiýasyny, III orna “History of Yves Saint Laurent” atly tema bilen Aýnur Nuryýewanyň çykyşyny mynasyp gördüler. Şeýle-de höweslendiriji baýrak üçin diňleýji talyplara halan prezentasiýa we çykyşlara ses berip saýlamak mümkinçiligi berildi. Diňleýji talyplaryň beren sesleriniň netijesinde “History of the iPhone” atly prezentasiýa bilen çykyş eden Döwletowa Gülkamar höweslendiriji baýraga mynasyp boldy. Ýeňiji bolan talyplary sowgatlar bilen sylagladylar. Şeýle bäsleşikleriň geçirilip durmagy biz talyp ýaşlar üçin daşary ýurt dillerini has hem hyjuwly öwrenmäge uly itergi berýär. Bagtyýar zamanada okamaga we döretmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun! Altyn ÝANGYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.

No image
PAÝTAGTYMYZDA «HYZMATDAŞLYK WE ÖSÜŞ» ATLY KÖPUGURLY HALKARA SERGI AÇYLDY

Täzelikler

03.04.2026

2-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy. Ählumumy ösüş ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen aýrylmaz baglydyr. Halklaryň hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň berkligi özara bähbitli hyzmatdaşlyk gurşawyny emele getirmekde esasy gymmatlyklardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ilerledip, sebitdäki we ählumumy ösüşe mynasyp goşant goşýar. «Türkmenistan» gazeti

No image
ORAZ SALYRYŇ HALYPASY USSAT BAGŞY MUHY AMANOW

Täzelikler

02.04.2026

*Sarahs sährasynda sazyň älemde, Gadam goýduň mäkäm sazanda Muhy. Ussatlaryň ençe syrly tälimde, Joşup, hötde geler sazanda Muhy.* Gurban Wehimi Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Muhy Amanow 1880-nji ýylda Garaman obasynda daýhançylyk bilen meşgullanan we bagşyçylyk sungatyndan baş çykaran maşgalada eneden bolýar. Onuň çagalyk ýyllary ene-atasynyň terbiýesi bilen hoş geçýär. 1890-njy ýylda Muhy 10 ýaşyndaka kakasy Aman bagşy aradan çykýar. Wagtyň geçmegi bilen ol belli Soltanýaz bagşa gatnap, onuň şägirdi bolýar. Ussat bagşynyň ýaşlykdan ady halkyň içinde adygyp, ugraýar. Ol şol döwürde ady belli Gara bagşy bilen hem ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Muhy bagşy eýýäm 14 ýaşynda belli bagşylaryň hataryna goşulýar. Ussat bagşy öz döwründe türkmeniň aýdym-saz sungatyny nota geçiriji W.Uspenskiý bilen hem duşuşýar. Alym rus dilini türkmen diline geçirýän terjimeçi Muhammetmyrat Nepesliýew bilen Muhy bagşynyň öýünde bir aý töweregi bolýar. Salyr bagşylarynyň we sazandalarynyň aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýär. Şol wagt Uspenskiý Muhy bagşydan üç sany aýdymy nota geçirýär. Muňa mysal edip şulary görkezmek bolar: “Şelepli durna” (goşgusy “Saýatly-Hemra” dessanyndan), “Gand-u şekerli”, “Hamet agladan” (goşgusy Magtymgulynyňky). W.Uspenskiý “Türkmen sazy” kitabynda Muhy halypa hakynda şeýle belleýär: “Muhy bagşynyň kakasynyň dostlary, olaryň arasynda hususan-da, 1917-nji ýylda ýogalan, türkmen bagşylarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanandygy üçin “ussat” adyny alan meşhur dutarçy Soltannyýaz onuň aýdym-saz jähetden ösmeginde we kakasynyň aýdym-saz baýlygyny oňa geçirmekde uly işler edipdirler. Muhy bagşy dutar çalmakda uly ussatlyga ýetendigi üçin, Soltannyýazyň Muhy bagşa bir ýylyny sarp edendigini belläp geçmek gyzyklydyr. Muhy bagşy öň aýdym aýdar ekeni, ýöne 15 ýyl mundan ozal, ol diýseň gümürtik halda sesini ýitiripdir. Ol göriplik ýa-da şahsy hasaplaşyk üçin kimdir biriniň özüne däri-derman içirendigini güman edýär, ýöne gatybir ynanyp barmasa-da, sesiniň sowuklama zerarly giden bolmagynyň mümkindiginem aradan aýranok. Muhy bagşy salyrlaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Meniň tanşan wagtym ol 40 ýaşyndady. Sarahsdan gaýtmazymyň öň ýany, men Muhy bagşy bilen ýene-de kluba bardym we özünden ýazyp alan saz eserlerimi oňa çalyp berdim. Onuň şatlygynyň çeni bolmady. Türkmen saz eserlerini kagyza geçirip bolýandygy ony diýseň geň galdyrdy hem begendirdi”. 1970-nji ýylyň noýabr aýynda Muhy bagşy 90 ýaş ýubileýi bellenilýär. Şol ýubileýiň aýdym-sazyny meşhur bagşylar Täşli bagşy, Aman bagşy, Hally Mämmetýaz bagşy ýerine ýetiripdir. Bagşynyň 90 ýaş ýubileýi bellenen günlerinde dünýä inen agtygyna Togsan diýip at goýupdyrlar. Halypa bagşy 1972-nji ýylda 92 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Arzygül ÝAGMYROWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

02.04.2026

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenistan» gazeti

No image
DÖREDIJILIK SERGISI

Täzelikler

01.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Oraz Agabaýewiň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Suratkeşiň «Daragtyň miwesi» toplumy, «Ýolagçylar», «Ýol işçiler», «Duşuşyga», «Maşgala», «Gowagyň syry», «Dünýäler», «Geň myhman», «Täsin guş» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Taryhyň dürli döwürlerinde grafika sungatynda dörän eserler halkyň ruhuny galkyndyrmakda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Suratkeş Oraz Agabaýew grafika sungatynyň mirasyny baýlaşdyrjak ajaýyp eserler toplumlaryny döretdi. Halypa suratkeş ýurdumyzda geçirilýän sergilere hem-de halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýar. Ol Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň daşary ýurtlarda gurnaýan sergilerine hem gatnaşyp, sungat muşdaklarynyň aýratyn söýgüsini gazanýar. Oraz Agabaýewiň döredijilik işlerine Moskwa şäherinde geçirilen döwletara sergisinde uly orun berildi. Suratkeş Oraz Agabaýewiň şahsy döredijilik sergisi 10 gün dowam eder.

No image
UÇURYM TALYPLARYŇ KONSERTLERI DOWAM EDÝÄR

Täzelikler

01.04.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylda ýurdumyzda aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde birnäçe çäreler, bäsleşikler we festiwallar alnyp barylýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda uçurym talyplaryň ýerine ýetirmegindäki ýekelikdäki konsertleri dowam edýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurym talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedow “Dutaryň owazy”, A.Wiwaldi, “Ýyl pasyllary” Tomus II-III bölümler, H.Rizaýew “Çargah rapsodiýasy”, Ý.Klepanow “Ispan tansy”, Ý.Şabalin Improwizasiýa na temu L.Ýanga “Na sypoçkah” eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi we tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Biz ýaşlara okamaga, döretmäge, Watanymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin gerekli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Gülkamar DÖWLETOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTAN — BMG: HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA

Täzelikler

01.04.2026

31-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alyp barýan daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýolunda möhüm çäredir. Mejlise Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Mejlisde bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda işleri üstünlikli alyp barmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeşiň çäklerinde ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer syýasat babatda hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli onuň dört mejlisi geçirildi. Ýakynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, bu geňeşiň mejlisini ýokary derejede geçirmek barada tabşyryk bermegi onuň möhüm ähmiýetini aýdyň ýüze çykarýar. «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BOÝUNÇA MERKEZI TOPARYŇ MEJLISI

Täzelikler

01.04.2026

31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, degişli iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde bellenilişi ýaly, saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy ugra ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu strategiýa döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, milli saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna, umumy ykrar edilen halkara standartlara laýyklykda guraldy. Möwsümiň dowamynda we saýlawlaryň geçirilen gününde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezmegi şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy. «Türkmenistan» gazeti

No image
HIJRAN JORAKULYÝEWIŇ ÝEKELIKDÄKI KONSERTI

Täzelikler

30.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Halkara bäsleşikleriň laureaty Jorakulyýew Hijranyň ýekelikdäki “Uçurum - 2026” atly konserdi geçirildi geçirildi. Konsert Hijranyň meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Elegiki prelýudiýa we fuga” atly fortepiano üçin eserini taýýar-saýlama akkordeon üçin täzeden işlän sazy bilen başlady. Soňra Frank Anželisiň “Ритмическая коробочка” eserini Akardeon saz guralynda rän täsirleri ýerine ýetirdi. Rus we sowet kompozitory Анатолий Журбин “Соната № 2” e-moll sazy ýaňlandy. Konsert ýaş sazanda Hijranyň ýene-de bir täzeden işlän Fransuz kompozitory we pianisty Камиль Сен-Санс “Пляска смерти” atly eseri bilen diňleýjileri akkordeon saz guralyndan çykýan owazy bilen özüne maýyl etdi. A.Babaýewiň “Звёздный вальс” atly eseri diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. A.Şapoşnikow we W.Muhadowyň “Zöhre-Tahyr” operasyndan “Zöhräniň aýdymy” eseri ýerine ýetirdi. Konsert N.Halmämmedowyň “Ýetişermikä” atly aýdymy bilen dowam etdi. Soňra ýene-de Awstriýa kompozitory F.Şubertiň döredijiliginden “Serenada” ýaňlandy. Hijranyň ýerine ýetiren Анатолий Белощицкий “Испанская сюита” atly eseriniň 5-nji bölümi bilen konsert jemlendi. Konsert jemlenenden soň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary Halkara bäsleşikleriň laureaty Hijran Jorakulyýewi gutladylar we oňa üstünlik arzuw etdiler. Şeýle ajaýyp konsertleriñ, bäsleşikleriñ, saz festiwallarynyň döredijilik duşuşyklarynyñ yzygider geçirilmegi biz talyp ýaşlara zehinlerimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilik bolup durýar. Merjen ATDANOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby