logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ÝAŞLAR WATANYŇ GELJEGI

Kitaphanalar

09.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýaşlar Watanyň geljegi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleri ylymly-bilimli, berk bedenli, halkyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny hem-de milli ýörelgelere eýerýän ýaş nesillerimizi kemala getirmek bilen bagly möhüm wezipeler amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny we milli buýsanjy terbiýelemekde, hünär saýlamaga ugrukdyrmak işlerini has-da döwrebap guramak ugrynda uly işleriň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň berkararlygy, il-günümiziň bagtyýarlygy ugrynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ HEM-DE MILLI LIDERIMIZIŇ MILLILIK TAGLYMATLARY

Täzelikler

09.09.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini tele-radioýaýlymlarda wagyz-nesihat etmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda mugallymlaryň gatnaşmaklarynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň millilik taglymatlary» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymynda ýazgy edildi.

No image
GAZAK HALKYNYŇ GÖRNÜKLI ŞAHYRY ABAÝ KUNANBAÝEWIŇ DOGLAN GÜNINIŇ 180 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP «ADAM BIR ÇEMENDIR» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

09.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda, gazak halkynyň görnükli şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň doglan güniniň 180 ýyllygyna bagyşlap A.Kunanbaýewiň heýkeli bina edilen «Laçyn» seýilgähinde «Türkmenistan» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Adam bir çemendir» atly gepleşik geçirdi. Gazak halkynyň beýik şahyry we akyldar Abaý Kunanbaýewiň heýkeliň oturdylmagy iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyga we iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumylyşyga, däp-dessurlaryň meňzeşligine esaslanýan gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany bolup türkmen gazak dost-doganlygynyň güwsini aňladýar. Çünki doganlyk gazak halkynyň beýik ogly we akyldar gazak şahyry Abaý Kunanbaýew hem Gazagystanda ýazuwly edebiýatynyň esaslandyryjysy bolmak bilen milli medeniýetiň, sungatyň ösmeginde uly işler bitirdi. Ol, gazak edebiýatynyň gündogaryň nusgawy edebiýatynda mynasyp orun almagynda uly goşant goşdy. Beýik şahyryň, akyldaryň filosofyň we alymyň döreden eserleri, ajaýyp sazlary häzirki nesiller üçin buýsanç hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Kitaphana hünärmenleri şular dogrusynda täsirli gürrüňleri beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar doganlykly halklarymyzyň söz sungatynyň döredijilik ýoluny öwrenmeklikde ägirt uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan edildi.

No image
2025-nji ýylyň 12-14-nji sentýabr aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Teatr we kino dünýäsi

09.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 14.09.2025ý. «Hindi rowaýaty» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 13.09.2025ý. «Ynsap» sagat 19:00 14.09.2025ý. «Toýmyza gel, toýmyza» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 13.09.2025ý. «Bir gijäniň gudraty» sagat 19:00 14.09.2025ý. «Gyzyl alma» sagat 19:00 A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 12.09.2025ý. «Чеховские водевили» sagat 19:00 13.09.2025ý. «Красная шапочка» sagat 12:00 13.09.2025ý. «Ханума» sagat 19:00 14.09.2025ý. «Доктор Айболит» sagat 11:00 14.09.2025ý. «Доктор Айболит» sagat 13:00 14.09.2025ý. «Мадам» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 13.09.2025ý. «Sakawyň soňuna seret» sagat 19:00 14.09.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 19:00 ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 13.09.2025ý. «Ýagyş ýagan gijesi» sagat 19:00 14.09.2025ý. «Älemgoşarly tomus» sagat 19:00 TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 13.09.2025ý. «Böwenjik» sagat 17:00 13.09.2025ý. «Söýgi bizi halas eder» sagat 19:00 14.09.2025ý. «Çagalyk älemgoşary» sagat 12:00 14.09.2025ý. «Çagalyk älemgoşary» sagat 17:00 14.09.2025ý. «Arşyn mal alan» sagat 19:00 BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 13.09.2025ý. «Dessembil» sagat 19:00 14.09.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 13.09.2025ý. «Çynymy aýtsam» sagat 18:00 14.09.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 18:00 LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 13.09.2025ý. «Söýgi oýun däl» sagat 19:00 14.09.2025ý. «Söýmedige süýkenme» sagat 19:00 MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 13.09.2025ý. «Ir gelen bahar» sagat 19:00 14.09.2025ý. «Söýgi ummanynda küreksiz» sagat 19:00

No image
SÖHBETDEŞLIK

Muzeýler

09.09.2025

Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetinde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän günlerinde biziň Şekillendiriş sungaty muzeýimizde hem «Miras» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri Röwşen Maksatmyradow, sanly ulgamlar boýunça esasy hünärmeni Täjinar Allanurowa, şeýle hem muzeýiň esasy hünärmenleri Aýjemal Gatyýewa, Altynaý Esenowa dagylar gatnaşdylar. Gepleşige gatnaşanlar gepleşigiň ahyrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin türkmen halkymyzy Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

No image
BILDIRIŞ !

Teatr we kino dünýäsi

09.09.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň «Aba Annaýew» adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we Türkmenistanyň Döwlet sirkleri bilen bilelikde «Görogly» eposyndan, Göroglynyň döreýşi barada sahnalaşdyrylan täze sirk çykyşyny Size hödürleýär. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00 - da görkeziler. Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda «online» görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95. Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz.

No image
ÝURDUMYZYŇ SENAGAT TAÝDAN ÖSÜŞINIŇ NYŞANY

Täzelikler

09.09.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÖNÜMÇILIK DESGASYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY 8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, önümçiligiň ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleriň oňyn netijeleri bolsa täze önümçilik toplumlarynyň döremegine, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýerli çig malyň binýadynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümçilik desgasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Şu günki waka «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap önümçiligiň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabaraly ýagdaýda täze kärhananyň toý bagyny kesdi. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki howa şarlary uçuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz kärhananyň çäginde guralan gurluşyk we senagat toplumynyň sergisini synlady.

No image
NUSGALYK MEKDEBIŇ MIZEMEZ ÝÖRELGELERI

Täzelikler

08.09.2025

Halk bilen maslahatlaşmak, geňeşmek türkmeniň asylly milli däpleriniň we demokratik ýörelgeleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, miras hökmünde sarpalanýan bu milli demokratik ýörelgäniň nusgasyny özünde jemleýän, görüm-göreldäniň mekdebi bolup durýan Halk Maslahaty halkyň köňül telwasyna gulak goýmagyň, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty we medeni-ynsanperwer ulgamlar» atly maslahat geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilmeginiň öň ýanynda geçiriljek nobatdaky mejlisde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna, dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artmagyna ýardam etjek syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meselelere garalar. Maslahatda çykyş edenler öňde goýlan belent wezipelere ýetilmegini üpjün etjek il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji kabul ediljek resminamalar taryhymyzyň sahypasyny bezemekde ähmiýetli boljakdygy dogrusynda bellediler.

No image
GARAŞSYZLYK–ÄHLI ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI

Kitaphanalar

08.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk–ähli üstünliklerimiziň özeni» ady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde müňýyllyklardan gözbaş alýan gadymy taryhy bolan türkmen halky üçin eziz Watanymyz Garaşsyzlyk, parahatçylyk söýüjilik gymmatlyklar, mukaddeslikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da çuňňur many-mazmuna eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu gymmatlyklaryň dünýä ýaýylýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITATAPHANAÇYLAR JEM BOLANDA

Kitaphanalar

08.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi merkezinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň kitaphanalarynyň işiniň möhüm wezipeleri» atly geçirilen okuw usulyýet maslahatyna gatnaşdy. Türkmen halky gadymdan bäri kitaba gadyr-gymmat goýup gelýär. Halkyň ruhy gymmatlyklaryny geljek nesillere ýetirmekde kitaphana ulgamynyň işgärlerine uly orun degişlidir. Häzirki döwürde kitaba söýgi has-da artýar. Munuň şeýledigini kitaphana gelýän okyjylaryň sanynyň artýandygyndan hem bilip bolýar. Sebäbi kitap adamyň iň ýakyn dosty, onuň üsti bilen durmuşyň kän sowallaryna jogap tapmak bolýar. Bular dogrusynda kitaphana hünärmenleriň «Altyn asyr» hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynda beren buýsançly gürrüňlerinde hem giňişleýin beýan edildi. Kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän, döwlet galamynda çykýan dürdäne eserleri bilen halkymyzyň alkyşyna mynasyp bolýan Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.