logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GARAŞSYZLYK–ÄHLI ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI

Kitaphanalar

08.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk–ähli üstünliklerimiziň özeni» ady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde müňýyllyklardan gözbaş alýan gadymy taryhy bolan türkmen halky üçin eziz Watanymyz Garaşsyzlyk, parahatçylyk söýüjilik gymmatlyklar, mukaddeslikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da çuňňur many-mazmuna eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu gymmatlyklaryň dünýä ýaýylýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITATAPHANAÇYLAR JEM BOLANDA

Kitaphanalar

08.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi merkezinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň kitaphanalarynyň işiniň möhüm wezipeleri» atly geçirilen okuw usulyýet maslahatyna gatnaşdy. Türkmen halky gadymdan bäri kitaba gadyr-gymmat goýup gelýär. Halkyň ruhy gymmatlyklaryny geljek nesillere ýetirmekde kitaphana ulgamynyň işgärlerine uly orun degişlidir. Häzirki döwürde kitaba söýgi has-da artýar. Munuň şeýledigini kitaphana gelýän okyjylaryň sanynyň artýandygyndan hem bilip bolýar. Sebäbi kitap adamyň iň ýakyn dosty, onuň üsti bilen durmuşyň kän sowallaryna jogap tapmak bolýar. Bular dogrusynda kitaphana hünärmenleriň «Altyn asyr» hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynda beren buýsançly gürrüňlerinde hem giňişleýin beýan edildi. Kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän, döwlet galamynda çykýan dürdäne eserleri bilen halkymyzyň alkyşyna mynasyp bolýan Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.

No image
TÜRKMENIŇ TOÝY–SAHAWATYŇ NUSGASY

Medeni miras

08.09.2025

(TOÝDAN ÝETIRSIN)–DOWAMY BAR Halkymyz dürli şertlere garamazdan kämilleşmegini dowam etdiren we öz milliligini saklan baý we köp görnüşli medeni-taryhy ähmiýetli mirasa eýedir. Olar türkmeniň ýaşaýyş-durmuşy bilen mizemez baglanyşykly gymmatlyklardyr. Gahryman Arkadagymyz: «Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesi esasynda kemala gelen milli ýörelgelerimiz we dessurlarymyz döwürleriň, nesilleriň arasyndaky sazlaşygy üpjün edýän mizemez nusgadyr» diýip belleýär. Durmuşymyzy dabaralandyrýan toýdur tomaşalarymyz, olaryň şüweleňli geçmeginde uly orun eýeleýän däpdir dessurlarymyz türkmeniň nusgalyk terbiýe mekdebiniň ömürlik hemrasyna öwrülip dowam edip geldi. Şatlykly-şowhunly, ruhubelent sahypalara beslenen toýlar türkmen durmuşynyň bezegidir. Aslynda türkmen söweşde janyny, toýda malyny gaýgyrmadyk halkdyr. Halkymyzyň häsiýetiniň, dünýägaraýşynyň esasy aýratynlyklary hem tutumly toýlaryň üsti bilen ýüze çykýar. «Toýdan ýetirsin», «Toý bolsun», «Gazananyňy toýa harçlamak nesip etsin», «Toýuňyz-toýa ulaşsyn» diýen ajaýyp aýtgylary döreden halkymyz toý tutup, onuň durmuşymyza şatlyk-şagalaň çaýýan däp-dessurlaryny agzybirlik bilen berjaý edýär. «Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn» diýen pähime eýerip ýaşaýan halkymyz toýuny ulus ili bilen toýlaýar. Toýlaryň içinde täze maşgalanyň döremeginiň özboluşly alamaty bolan durmuş toýy möhüm orun tutýar. Durmuş toýy türkmen maşgalasynyň köp görnüşli toýlarynyň iň tutumlysy, dabaralysydyr. Toýuny dogan-garyndaş, dost-ýar, goňşy-golam, il-gün bilen bilelikde belleýän halkymyz toý dessurlarynyň giden ulgamyny döredipdir. Toý tutmak ilki gudaçylyk dessurlaryny ýerine ýetirmek bilen başlanýar. Ogul öýermek üçin asly halal, il içinde abraýly, edepli-ekramly gyzy bolan maşgala bilen guda bolmak her bir ene-atanyň baş arzuwy. Munuň üçin ilki dogan-garyndaşlar bilen maslahatlaşylyp, gowy maşgalanyň gyzy göz öňünde tutulýar. Halk arasynda giňden ýaýran «Enesini görde gyzyny al, gyrasyny görde bizini» diýen atalar sözi hem şeýle garaýyşlaryň esasynda döräpdir. Gudaçylyga barmak üçin «Her kim öz deňini bilmeli» diýen düşünje hem dowam edip gelýär. Munuň özi gelip çykyşy, hüý-häsiýeti, maşgala ýagdaýy tarapyndan hem iki maşgalanyň derejesiniň deň bolmalydygy baradaky düşünjedir. Mahlasy ene-ata maşgalasy we oglan bilen maslahatlaşyp, soraşyp-ideşip göwnüne jaýlansoň gudaçylyga çykýar. Gudaçylyga barmagyň, «täze gapy açmagyň» hem halk arasynda kabul edilen öz düzgünleri, edep-kadalary bar. Saçakly gatnaşyga aýratyn sarpa goýýan halkymyz gudaçylyga hem saçakly barýar. Saglyk-amanlyk soraşylansoň «Habarlyja geldik» ýaly sypaýy sözler bilen habarly gelnendigi mälim edilýär. Gyz tarap hem sypaýyçylyk bilen «Soraşaly» diýen jogaby berýär. Şunuň bilen täze garyndaşlyga tarap ilkinji ädim ädilýär. Ýurdumyzyň käbir etraplarynda gudaçylyga barlanda saçaga iki sany çöregi salyp barýarlar. Eger gyzly öý çörekleri alyp galsa onda, olaryň «Geliberiň» diýdigi. Käbir ýerlerde yrym edip, gyz ýeriniň saçagynyň süýjüsinden 4 sanysyny alyp gaýdýarlar. Onuň «Iki öýüň süýjüligi garyşsyn, gudaçylyk işimiz şowuna bolsun» diýen manysy bar. Guda bolmak üçin ilki habar gatylýar. Ýene bir gezek gelnensoň, guda bolunjak bolsa «Geliberiň» diýilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22fff.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33fff.jpg) Gudaçylyk dessurynda sözsüz ýerine ýetirilýän hereketler hem bar. Mysal üçin, käbir etraplarda gudaçylyga barlanda öý eýeleri saglyk-amanlyk soraşyp, oturmagy mürähet edýärler. Orta saçak äberilýär. Oglan tarapdan sözaýdyjylyga baranlar saçagyň üstünde döwülgi çörek bar bolsa ondan döwmeýär. Bitin çörekden döwüp alýarlar. Eger öý eýesi ýarty çörek uzatsa: «Ýok, bitin çöregi uzat» diýilýär. Öý eýesi muňa derrew düşünýär. Olar: «Habaryňyzy aýdyberiň» diýýär. Gudaçylyga gelenler habaryny aýdansoň eger olar söz aljak bolsalar, oglan tarapyň süýjüdir köke düwlen düwünçegini alyp galýarlar we öz düwünçeklerini berýärler. Eger gyzlaryny bermejek bolsalar, oglan tarapyň düwünçegini almaýarlar. Käbir ýerde gyz tarap özlerine gelýänleri daşdan görüp, gudaçylyga gelýändir öýdüp güman etse, olar bilen hem guda bolasy gelmese, gapynyň agzynda sübsäni söýäp goýýarlar. Bu «Siziň bilen guda bolmak niýetimiz ýok» diýen manyny berýär. Halk arasynda «Gudaçylyga barsaň ojagyň başyny synla» diýlişi ýaly gyza gudaçylyga baran aýallar gyzyň ýaşaýan öýüni synlaýarlar. Düşekler dim-dik galdyrylanmy, gap-gaçlar, taňka-kündükler arassamy, içi suwlumy, howly süpürilenmi, ojak-tamdyr suwalanmy, hatda düşekleriň aşagyny hem galdyryp görýänler bar. Içeri arassa bolsa göwünleri hoş bolýar, hapa bolsa baran ýerlerinden göwünleri geçýär. Gyz maşgala göze görnüp ugrandan ene-mamalarymyz: «Eliň işden çykmasyn, sesiň ukdan» diýen pähime eýerip, diňe bir biş-düş, tikin-çatyn däl, eýsem gyzlarynyň keçe basmak, dokma dokamak ýaly işlerden hem başynyň çykmagyny isläpdirler we bu gadymy el senetlerimizi gyzlaryna hem öwredipdirler. Eli işli, edaly gyzlar bolsa her kimiň arzuwy. Gyz tarap hoş söz berensoň, guda bolnup sähet bellenilýär. Sähet bellenensoň toý eýeleri toýy deňli-derejeli, abraýly, sag-aman sowmak üçin maslahat edýärler. Toý tutmak toý çakylygy bilen başlanýar. Sähet bellenensoň obalarda toý çakylygy öýme-öý aýlanylyp aýdylýar. Ýurdumyzyň käbir obalarynda ýörite jarçylar bolýar. Jar çekilensoň hiç kimiň öýke etmäge hukugy bolmaýar. «Toý diýilse, çal kelle togalanarmyş» diýilýäni çyn. Toý çakylygy hemmelerde toýa barmak höwesini döredýär. Toýa saçakly-sowgatly barylýar. Toýa saçak taýýarlamak hem halkymyzyň iň asylly däpleriniň biridir. Saçak iň mukaddes zat hasaplanylýar. Toýa gidilende hem toý saçagy üçin pişme, gatlama, çörek, ýagly çörek ýaly milli tagamlar taýýarlanylýar. Goňşy-golam, garyndaşlar toý saçagy bilen jübütlenip çatylan atgulaklary hem-de süýjülikleri getirýärler we toý eýesine «Toýuňyz gutly bolsun!», «Agzybiri bolsun!», «Goňşyňyz gutly bolsun!», «Ýaşlar bagtly bolsun! ýaly arzuw-dilegleri edýärler. Saçagyň üstünde düwünçek, jübüt çatylan atgulak, toý süýjüligi bolýar. Toý tutýanlar hem saçagy yzyna boş goýbermeýärler. Oňa toý düwünçegi salynýar. Toý edýän maşgalanyň has ýakyn garyndaşlary toýa gatanç üçin mal, pul kömegini hem berýärler. Toýa getirilen saçaga toý düwünçegini salmak hem türkmeniň gowy dessurlarynyň biri bolup, mirasy öwrenijileriň hem belleýşi ýaly, ol toýuň süýji tagamyny beýlekilere dadyrýar. Ol düwünçekler toý paýy bilen bile gelýär. Her kim toý düwünçegini toýuň iň gowy alamaty hökmünde kabul edip, «Toýdan ýetirsin» diýip müň arzuw bilen ýüzüne sylyp, kabul edýär, ýagşy umyt bilen toý düwünçeginiň datly süýjüsinden dadýar. Toý düwünçekleri hem türkmen toýlarynyň ömürlik hemrasydyr. Çünki, toý-baýramy söýýän halkymyz «Toýdan topukça» diýip, toýdan paý almagy hem gowulyga ýorýar. Toý düwünçegi göräýmäge kiçijik bir düwünçek, emma ol toý berekedini, şatlygyny, toýuň milli ruhuny paýlaýar. Toý düwünçegi hem toýuň mukaddes nyşany. Goý, döwletli Diýarymyzda türkmeniň sahawatly ýüreginiň we sahawatly saçagynyň açyklygyny beýan edýän toýlarymyz uludan tutulsyn. Toýuň şowhunly şatlygyny kalba guýýan toý düwünçeginiň datly süýjüsi durmuşymyza hemişe süýjülik gatsyn. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
HALK MASLAHATY–JEBISLIGIŇ, AGZYBIRLIGIŇ WE ADALATLYLYGYŇ NYŞANYDYR

Täzelikler

08.09.2025

Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzalyp gidýän taryhynda döwletlilik ýörelgeleri, jemgyýetçilik geňeşleri, maslahatlar aýratyn orun eýeleýär. Ata-babalarymyz il-ýurt ähmiýetli meseleleri çözmekde «Geňeş–akyllylygyň gözbaşy» diýen sözlere eýerip, halk bilen giňişleýin maslahatlaşmak ýörelgesine uly ähmiýet berýär. Şol baý tejribe häzirki döwürde-de üstünlikli dowam etdirilip, döwletimiziň iň ýokary geňeş organlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň hem 19-njy sentýabrynda geçirljek Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti onuň türkmen döwletiniň ösüş ýolunda möhüm özgertmeleriň başlangyjyna öwrülmeginde görünýär. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşyny täze derejelere göterýär. Şeýle-de ykdysady ösüşi çaltlandyrmak, halkara gatnaşyklary giňeltmek, durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak ýaly, möhüm çözgütler hem hut şu ýokary geňeşiň işlerinde kabul edilýär. Halk Maslahatynyň işine ýaşlaryň gatnaşmagy aýratyn orna eýedir. Olar ýurdumyzy ösdürmek baradaky pikirleri bilen çykyş edýärler, täze nesliň döwlet işlerine bolan garaýyşlaryny beýan edýärler. Bu bolsa ýaşlaryň syýasy medeniýetiniň ösdürilmegine, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyna uly mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, Halk Maslahaty ýaşlaryň watançylyk terbiýesiniň hem-de döredijilik basgançaklarynyň berkidilýän mekdebine öwrüler. Umuman, Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň ösüş ýolunda taryhy, syýasy we jemgyýetçilik taýdan aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt ähmiýetli işlerinde kabul edilýän çözgütler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge, milli döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Halk Maslahaty öz many-mazmuny boýunça halkyň sesiniň beýgelýän münberi, syýasy durmuşymyzyň demokratiýalaşmagynyň nyşany we agzybirligimiziň berk binýadydyr. Güljemal TAÝLYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby

No image
«GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY

Täzelikler

08.09.2025

6-njy sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Konsertiň açylyş dabarasynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän bu bäsleşik Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ýaş nesiller baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biridiginiň aýdyň beýanydyr. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi milli aýdym-saz sungatymyzy ýaş nesle ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle bäsleşikler çagalar üçin özboluşly synag bolup durýar we olarda döredijilige söýgini artdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, zehinli ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelmegine mümkinçilik berýär. Ilkinji gezek uly sahnada çykyş etmek çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlar bolup, olaryň ruhy taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär hem-de sungat dünýäsine aralaşmagyna ýardam berýär. Milli aýdym-sazlar çagalarda Watany söýmek, öz halkynyň medeni mirasyna hormat-sarpa goýmak, oňa buýsanmak ýaly duýgulary terbiýeleýär. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. «Ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwletimiziň binýadynyň berkdigini kepillendirýän esasy şertdir. Şoňa görä-de, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagyna, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, ynsanperwer ýörelgelerimiziň, maşgala gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilmegine döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlary hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

No image
«ÝAŇLAN, DIÝARYM!» TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

Täzelikler

08.09.2025

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy. Sungat ussatlarynyň, aýdymçy-sazandalaryň çykyşlary ýurdumyzda geçirilýän dürli mazmunly çärelere aýratyn öwüşgin çaýýar. Şunuň bilen baglylykda, «Aşgabat» aýdym-saz merkeziniň sahnasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralan bu döredijilik bäsleşigi hem aýdym-saz muşdaklary üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýaş aýdymçylaryň arasynda yglan edilen bu bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde her ýyl geçirilýär. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi halkymyzyň ruhy mirasynyň baýlaşmagyna, aýdym-saz sungatynyň ösmegine mümkinçilik berýär hem-de gadymdan gelýän bagşyçylyk däpleri bilen häzirki zaman aýdym-saz sungatynyň arasynda köpri bolup hyzmat edýär. Munuň özi ýaş ýerine ýetirijileri halk aýdymlary döwrebap äheňler esasynda gaýtadan işlemäge we milli ruhda täze aýdymlary döretmäge mümkinçilik berýän döredijilik başlangyçlaryna höweslendirýär. Şeýle döredijilik çäreleriniň geçirilmegi milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Munuň özi milli medeniýetimiziň gülläp ösmegine goşant goşjak zehinli artistleriň täze neslini kemala getirmekde, türkmen aýdym-saz sungatynyň geljekki parlak ýyldyzlaryny ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşigi bolsa ýaşlary döredijilik bilen meşgullanmaga, sungatda öz ýoluny tapmaga we täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony has-da kämilleşdirmek, döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary bu ugurda höweslendirmek babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, merdana ata-babalarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda aýdym-saza uly ähmiýet beripdirler, sungatda synmaz güýjüň, mizemez erkiň bardygyna, onuň nesilleriň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirýändigine ynanypdyrlar. Gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten aýdym-sazlarymyzda halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri, belent adamkärçilik häsiýetleri jemlenendir. Pederlerimiz döwletli ojagynda, abadan ilinde ýaňlanýan aýdym-sazlary ruhy syrdaşyna, köňül penasyna öwrüpdirler, ony nesilden-nesle geçirip, häzirki döwrümize ýetiripdirler. “Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplarynda aýdym-saz sungatynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda uly orun tutýandygyny, türkmen halkynyň öz sungaty bilen dost-doganlyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýandygyny çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli aýdym-sazlarymyz üstünliklerimiziň mukamy bolup, dünýä ýaýylýar, asudalygyň we agzybirligiň waspyna öwrülip, belentden ýaňlanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar. Zehinli ýaş aýdymçylaryň«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda ata Watanymyzy, tebigatymyzyň gözelligini we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi. Onuň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar aýdymlary sazly we sazsyz görnüşde ýerine ýetirdiler. Olaryň çykyşlaryna ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlaryndan düzülen eminler topary baha berdi.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

08.09.2025

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň goranyş ukybyny has-da pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň başlanmagy, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da berkitmek, Ýaragly Güýçleri döwrebap derejede ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Baş prokuror B.Muhamedow hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, ähli ulgamlarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine geçirilen barlaglaryň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işinde sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň işjeň ulanylyşy barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet bähbitlerini goramak, hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

No image
BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE DIÝARYMYZYŇ KITAPHANALARYNYŇ IŞINIŇ MÖHÜM WEZIPELERI

Kitaphanalar

06.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň kitaphanalarynyň işiniň möhüm wezipeleri» atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Bu okuw-usulyýet maslahatynda çykyş edenler elektron kitaphanalarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmagyň we olary döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary,eserleri sanly ulgamyň üsti bilen wagyz etmegiň usullary,Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini wagyz etmegiň döwrebap usullary dogrusynda,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary,kitaphanalarda döwrebap hyzmat etmek we hyzmatyň görnüşlerini kämilleşdirmegiň ýollary barada söhbet etdiler. Bu okuw-usulyýet maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATDYR WATANYM,EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

06.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet Kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda guralýan «Parahatdyr Watanym,eziz Türkmenistanym» atly hünär bäsleşigi geçirildi. Bu hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň jemi jemlenip,bäsleşikde üstün çykan hünärmenlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar, we Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar dabaranyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,beýik işleriniň mundan buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
GARAŞSYZLYK–WATANYMYZYŇ ŞÖHRATY

Muzeýler

06.09.2025

Pederlerimiziň parahat söýüjülik ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň binýatlyk esasyna öwrülmek bilen, bu gün parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ykrar edilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyz dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Täze taryhy döwrümizde döretmäge, gurmaga, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan bagtyýar günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar, ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Baýramçylyk lybasyna beslenen eziz watanymyzda ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler, hoşallyk maslahatlary, syýasy söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar. Şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýa-synyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnama-gynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli muzeý hünärmenleri tarapyndan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen ,,Garaşsyzlyk-Watanymyzyň şöhraty” atly gurnalan wagtlaýyn serginiň açylyşygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler. Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/86.jpg)