logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«TÜRKMENISTAN–PARAHATLYK MEKANY, BITARAPLYK–WATAN ŞÖHRATY-ŞANY» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Täzelikler

25.11.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan–parahatlyk mekany, Bitaraplyk – Watan şöhraty-şany» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu okuw-usuly maslahatynyň umumy mejlisi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilip, soňra ol alty bölüme bölündi. Okuw-usuly maslahatyň üçünji bölümi «Milli medeniýetimiziň we mirasymyzyň hazynalary» ady bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň okuw binasynda dabaraly ýagdaýda geçirildi. Maslahatyň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhyny, meşhur şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada aýdylyp geçildi. Şeýle hem çykyş edenler döwrebap ösüşli medeniýetimiz, sungatymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň aýrylmaz bir bölegine öwrülip, jemgyýetiň ruhy bitewiligini kemala getiriji güýje eýe bolýandygyny, şonuň netijesinde hem türkmen medeniýeti häzirki döwürde milli mirasy we jemgyýetiň häzirki zaman ösüşini özünde jemleýän döwlet durmuşynyň depginli ösýän ulgamyna öwrülýändigi barada belläp geçdiler. Bulardan başga-da maslahatyň dowamynda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşi, Magtymguly Pyragynyň filosofik garaýyşlarynyň ylmy taýdan öwrenilişi, kitap okamak we kitaplaryň gadyr-gymmaty bilim özgertmeleriniň rowaçlanyşy giňden beýan edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary watansöýüjiligiň, milli mertebeliligiň, ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň beýik nusgasyny özünde jemleýändigi, bu bolsa ýaşlaryň terbiýesinde möhümdigi hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Okuw-usuly maslahatyň dowamynda mekdebiň agzybir döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazly folklor çykyşyna tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda bolsa, maslahata gatnaşan wekiller, mugallymlar we talyp ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY WE MEDENI MIRASY» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Muzeýler

25.11.2025

2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdy. «Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy» atly bu bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, gatnaşyjy talyplar muzeý gymmatlyklary boýunça referat ýazdylar. Bäsleşik Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, ol örän täsirli we çekeleşikli geçdi. Oňa gatnaşan Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary öz ukyp başarnyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýlelikde, bäsleşigiň Baş baýragyna Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Ýusupowa Aýjemal Hezretmämmedowna mynasyp boldy. Şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Mämmetweliýewa Orazgül Hydyrmämmedowna II orna mynasyp boldy. Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlar Hormat hatlar bilen sylaglandy. Bulardan başga-da bäsleşige işjeň gatnaşan talyplara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

No image
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE WATANSÖÝÜJILIGIŇ WASPY

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watansöýüjiligiň waspy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatynyň düýbini tutujy, görnükli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasyň belentden tutulýandygyny, çünki akyldaryň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda ynsanperwerlik, umumadamzat gymmatlyklaryny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, ýol görkeziji şamçyragdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserleri nesilleri ruhy, ahlak we medeni taýdan terbiýeleýändigini, onuň paýhasa, parahatçylyga, berkararlyga bolan ynamy häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATÇYLYK, YNSANPERWERLIK WE HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGESI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen birek–birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, ata–babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, parahatçylyk baradaky ýol–ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÝER ÝÜZÜNDE ÝAŇLANÝAR PARAHATLYK AÝDYMY

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ýer ýüzünde ýaňlanýar, parahatlyk aýdymy» ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirildi. Çärede çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde parahatçylygy ösdürmek, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, umumyadamzat bähbitlerini öňe sürmek asylly maksatlarymyza öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de parahatçylygy asylly ýörelge edinýän halkymyz bu günki günde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda parahatçylyk söýüjilik ýoluny dünýä ýaýýan beýik gymmatlygydygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY–SEBITDE WE DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ŞERTI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy–sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň şerti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ählumumy we sebit meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň BMG tarapyndan goldanylmagy, hususan-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedigini, bu bolsa parahat ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň hoşniýetli gatnaşyklaryň dostlugyň we ynsanperwerligiň ähli umumy ösüş maksatlaryna hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-SEBITDE WE DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ŞERTI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak Medeniýet öýi, 137-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň şerti» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplygyň gadyr-gymmatynyň bahasyzdygy, ýurduň ykbalyna nur bolup çaýylýan, ynsan kalbyny ýyladýan hemişelik Bitaraplygymyz aýdyň ertirlerimiziň, ýagty geljegimiziň çelgisine öwrülendigini, türkmeniň goşa ganatyna deňelýän hemişelik Bitaraplygyň 30 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzyň ykbalyna ýetiren täsirleri, ösüşleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu gün hemmeleri haýrana goýýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyrdylar we sergide goýlan birnäçe ajaýyp kitaplaryň many-mazmuny barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PYRAGYNYŇ ARZUW EDIP ISLÄNI, PARAHATLYK GURŞAP ALSYN DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen “Aşgabat” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Pyragynyň arzuw edip isläni, parahatlyk gurşap alsyn dünýäni» ady bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň akyldar şahyry, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp şygyrlary ynsan kalbyny ruhlandyrýan, döredijilik mirasy bilen halkyny tutuş ömrüni ene topragyna, halkyna hyzmat etmeklige bagyşlanan beýik şahsyýet bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň eserlerinde parahatlygy, agzybirligi, mertligi-edermenligi ussatlyk bilen beýan edýän parasatly goşgulary bu gün ýaşlary batyrlyk, gaýduwsyzlyk ruhunda terbiýelemekde uly gollanma bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
IL SAGLYGY ÝURT BAÝLYGY

Kitaphanalar

25.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda «Il saglygy ýurt baýlygy» ady bilen geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplaryndan kitap sergisini gurnadylar. Maslahatyň dowamynda hassahananyň lukmanlary gurnalan sergä syn etdiler, olar serginiň özlerinde galdyran gyzykly täsirleri barada öz ýürek buýsançlaryny uly höwes bilen beýan etdiler. Bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
YHLASLY ÝÜREK-HÜNÄRLI ELLER

Kitaphanalar

25.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde gurnamagynda «Yhlasly ýürek-hünärli eller» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çagalar otaglaryny özleriniň kagyzdan ýasan “sungat eserleri” bilen bezemek has-da täsirli bolýar. Kagyzdan dürli zatlary ýasamak çagalar bilen bir hatarda ulular üçin hem gyzykly güýmenjedir. Eýsem, kagyzdan nämeler ýasap bolar? Kagyzdan dürli görnüşli diwardan asylýan bezegleri, kebelek, gül, ösümlikdir jandarlaryň şekillerini, howa şaryny, we ş.m zatlary ýasamak mümkin. Zähmetiň bu görnüşi çagalarda has uly täsir galdyrýar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpeje nesillerimiziň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.