logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
DOWAMAT-DOWAMDYR ÝOLLARYŇ BEDEW

Kitaphanalar

14.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Dowamat-dowamdyr ýollaryň bedew» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, şan-şöhraty dünýä ýaýran, milli gymmatlyklarymyzyň biri ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygy, ata-babalarymyzyň yhlasy, zehini bilen ýetişdirilen gamyşgulak bedewlerimiziň öz gözelligi, ýyndamlygy we ajaýyplygy bilen dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galmagy, häzirki wagtda diýarymyzda milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

14.04.2026

13-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ WASP MUKAMLARY!

Kitaphanalar

13.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Türkmen bedewleriniň wasp mukamlary!” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkymyzyň ganatly bedewleri, olar hakynda biziň asyrlardan-asyrlara geçip gelen halypa bagşy-sazandalarymyzyň döreden wasp mukamlary bolan “Atçapan”, “Şadilli”, “Göroglynyň at oýnadyşy” ýaly, biziň şan-şöhratly bedewlerimiziň şanyna bagyşlanyp döredilen sazlar, Gahryman Arkadagymyzyň ýazan türkmen halkymyzyň ahal-teke bedewleri barada ýazan ajaýyp eserleri, şeýle hem türkmen bedewleri barada biziň ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserleri hem-de bagşylarymyzyň, aýdymçylarymyzyň aýdýan ajaýyp aýdymlary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Ajaýyp bedewlerimiz hakynda olaryň dünýä dolan şan-şöhraty barada aýdylan ajaýyp söhbetler bu söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY, DIÝARYM!

Kitaphanalar

13.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bedew batly, at-myratly, Diýarym!” ady bilen ýazgy edildi. Çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni täze-täze ösüşlere, ajaýyp ýeňişlere beslenip gelýär. Biziň milli medeniýetimiz we sungatymyz bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýeti bilen deň derejede sazlaşykda ösýär. Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň häzirki wagtda döwrebap ösdürilýänligi hakynda hem giňişleýin durup geçdiler. Olar öz söhbetlerini türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat bähbitli beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etmek bilen öz çykyşlaryny jemlediler.

No image
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY

Kitaphanalar

13.04.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap birleşmesiniň, Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň we kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Garaşsyzlyk baky bagtyň ak ýoly” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitlerimiz, gazanan üstünliklerimiz dogrusynda uly işler durmuşa geçirilýändigi barada we ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy dogrusynda giň gürrüňler edildi. Kitaphana işgärleri tarapyndan “Ýollary nurly-geljegi röwşen Watanym” atly guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ajaýyp döwrümizde adamlaryň sagdyn, ruhubelent ýaşamaklaryna döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
NUSGAWY EDEBIÝAT WE AÝDYM-SAZ SUNGATY

Kitaphanalar

13.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde “Nusgawy edebiýat we aýdym-saz sungaty” atly göçme kitap sergisini gurnady. Sergide, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň netijesinde bagtyýar durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen birlikde, halkymyzyň milli mirasy kämilleşip, ruhy dünýäsi has hem baýlaşýar. Merdana halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-saz sungatyny ösdürmek we dünýä ýaýmak boýunça “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda hem uly rowaçlyklara beslenýän başlangyçlar giň gerime eýe bolýar. Adamzadyň köpasyrlyk taryhynda aýdym-saz ynsanyň hemişelik hemrasy bolupdyr. Adam öz içki joşgunyny aýdym-sazyň üsti bilen çeper beýan etmegi başarýar. Aýdym-saz sungatymyz, edebiýatymyz uzak taryhy ýoly geçip, kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetmek bilen, medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sergide edebiýat we aýdym-saz sungaty aýrylmaz baglanyşykly bolup, halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilendigi, häzirki ajaýyp döwrümizde giňden ösdürilendigi barada maglumatlar arkaly giňişleýin gürrüň berdiler. Serginiň, ahyrynda döwletli döwrümizi beýik işleri bilen özgerdip, göwünleri galkyndyrýan, türkmen aýdym-saz sungatynyň has hem ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
MEŞHUR TÜRKMEN SAZANDASY – ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYGY

Kitaphanalar

13.04.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Meşhur türkmen sazandasy – Şükür bagşynyň 195 ýyllygy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynda Meşhur türkmen sazandasy – Şükür bagşynyň 195 ýyllygy mynasybetli okuwçylara sungatyň inçe syrlaryny öwredýän sazanda mugallymlary bilen rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň durmuş ýoly we onuň türkmen saz sungatynyň altyn hazynasyndaky orny barada gyzykly maglumatlary barada söhbet etdiler. Duşuşygyň dowamynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Duşuşygyň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny ösüşiň aýdyň ýollary bilen öňe alyp barýan, bagşyçylyk ýolunyň has hem kämilleşmeginde çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ZEHINLI ÇAGALAR

Kitaphanalar

13.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzda ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan kitapsöýüji çagalar bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan “Zehinli çagalar” atly bäsleşik geçirýär. Gepleşigiň täze sanyna Aşgabat şäheriniň 131-nji orta mekdebiniň zehinlije okuwçylary gatnaşdy. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy. Gepleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
W.A.MOSARTYŇ 270 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERT

Täzelikler

11.04.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda dünýä belli kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň doglan gününiň 270 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert boldy. Konsertiň maksatnamasy gaty baý we dürli-dürli bolup, onda beýik kompozitoryň iň meşhur eserleri ýaňlandy. Sahna çykan zehinli sazandalar we mugallymlar Mosartyň eserleriniň inçe ruhuny diňleýjilere ýetirmegi başardylar. Konsertiň dowamynda “Sonata C-dur” Umumy fortepiano kafedrasynyň uly mugallymy Ýelena Arakelýan we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow bilelikde ýerine ýetirdiler. Soňra 4-nji sazçylyk mekdebiniň “Saýrak bilbiller” hor toparynyň ýerine ýetiren “Ave verum”, “Harplyk” eserleri täsirli boldy. Dabarada “Figaronyň öýlenişi” operasyndan Kerubinonyň ariýasyny Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Durdyýewa, şeýle-de “Don Zuan” operasyndan duet Begenç Gaýypow bilelikde ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda “Diwertisment D-dur” we “Gijeki serenada” eserleri Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky “Melodiýa” kamera orkestri ýerine ýetirdiler. Konsert ýokary ruhubelentlikde geçdi. Çykyşlar diňleýjiler tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyp, nusgawy sazlaryň adamyň ruhy dünýäsine ýetirýän oňyn täsiriniň bardygyny ýene bir gezek subut edildi. Konsertiň ahyrynda belent owazly sazlar we zehinli ýerine ýetirijileriň ussatlygy diňleýjileriň göwnüni galkyndyrdy. Bu ajaýyp agşamy gurap, bize nusgawy sazyň dünýäsine syýahat etmäge mümkinçilik döreden ähli mugallymlara, talyp sazandalara we guramaçylara köp sag bolsun aýdýarys! Hudaýguly HANOW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
DÜNÝÄ TARYHYNY BEZEÝÄN GYMMATLYKLAR

Medeni miras

11.04.2026

#### *Ylmy-döredijilik topary Balkan welaýatynda ylmy-etnografik ekspedisiýada boldular* Asyrlar aşyp gelen milli mirasymyz gymmaty egsilmejek baýlygymyzdyr. Medeni we taryhy ähmiýete eýe bolan gymmatlyklar halkymyzyň dünýä medeniýetini näderejede baýlaşdyryp gelendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda halkymyzyň şöhratly geçmişine we medeni-ruhy gymmatlyklaryna, çeper döredijiligine uly hormat goýulýar. Halk mirasy geljekki nesilleriň bahasyny ölçäp bolmajak hazynasy hökmünde aýalyp saklanýar, goralýar we çuňňur öwrenilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan döredilen ylmy-döredijilik topar Balkan welaýatynda ylmy-etnografik ekspedisiýada bolup geldi. Biziň ylmy-döredijilik toparymyz işini welaýatyň etrapdyr oba-şäherlerinde alyp barmak bilen ýerli ýaşaýjylar, kärine ussat senetkärler, haly, palas dokamak bilen meşgullanyp gelýän gelin-gyzlar, halk ussaçylygyny döredijilikli dowam etdirýän ussalarymyz, halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary baradaky maglumatlary köp bilýän ýaşuly nesiller bilen duşuşdylar. Topar bu ýerde deňiz kenarynyň ýaşaýjylarynyň medeni durmuşy, döredijiligi, senetçiligi, dokmaçylygy, milli tagamlary, ussaçylygy, folklory bilen ýakyndan tanyşmaga, baý maglumat toplamaga mümkinçilik tapdy. Toparyň agzalary haly-palas dokamak, keçe basmak, agaç ussaçylygy, ene hüwdüsi, küştdepdi milli tansymyz, onuň gazallary baradaky maglumatlary toplady. Welaýatyň özboluşly ýerine ýetirijilik aýratynlygyny özünde jemleýän folklor çykyşlary hem ýazylyp alyndy. Türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň düýpli öwrenilmegi hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Balkanly ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik: **Bal Balkanyň balygy, Hem tagamly, süýjüdir. Bizi bagta ýetiren, Gahryman Arkadagly Serdarmyzyň güýjüdir.** OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ylmy-döredijilik toparynyň ýolbaşçysy