logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ÝÜREGIMIZDE WATAN WASPY

Kitaphanalar

30.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Ýüregimizde watan waspy» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Watan türkmen üçin ähli zatdan zyýada, dünýe malyndan artyk gymmatlykdyr. Watan biziň her birimiz üçin ezizdir, mukaddesdir. Türkmen mukaddes hasaplaýan zatlaryny aýap, apalap, jandan ezizläp söýmegi, gadymy döwürlerden bäri adat edinipdir. Watan mukaddesdir, onuň duzy-da, suwy-da, topragy-da, müň bir derde dermandyr. Pederlerimiz bize watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýratlylygyň, gaýduwsyzlygyň, lebzi halallygyň, birsözlüligiň gaýtalanmajak nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2025-nji ýylyň «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda medeni we ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgüni has-da artdyrmakda, ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerini içgin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüjiligi, ilhalar we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegini gazanmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanda ,ýaşamana, döretmäne uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
ÝAŞULULAR ÝARAŞYGY-BAGTYÝARLYK DÖWRÜMIZIŇ

Kitaphanalar

30.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Ýaşulularyň halkara güni» mynasybetli halypa kitaphanaçylarymyz bilen «Ýaşulular ýaraşygy bagtyýarlyk döwrümiziň» atly söhbetdeşlik geçirdi. Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän bu däbiň gadymy dessurlarymyza ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat, sarpa goýmak, olaryň mertebesini galdyrmak ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. Il sylagly ýaşulularyň ýurdumyzda geçirilýän dürli medeni-köpçülik çärelerine, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşyp halkyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkemegine mynasyp goşantlaryny goşup gelýändikleri barada täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşliginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar asuda diýarymyzyň ýaşulularyna pähim-paýhas mugallymlary hökmünde uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
ÝOL DÜZGÜNLERINI HÖKMAN BERJAÝ EDELIŇ!

Kitaphanalar

29.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen 95-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Ýol düzgünlerini hökman berjaý edeliň!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendigi barada gürrüň berdiler. Ösüp gelýän jemgyýetde ýaş nesliň abadan we rahat durmuşda ýaşamaklary üçin birnäçe kada-kanunlar durmuşa geçirilýändigi hakynda belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny şeýle bagtly durmuşda ýaşamaga ajaýyp şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.

No image
ÝOLLARYMYZ ASUDA BOLSUN!

Kitaphanalar

29.09.2025

Aşgabat medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde «Ýollarymyz asuda bolsun!» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda asudalygyň, parahatçylygyň mekany bolan ata Watanymyzda halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, olaryň ömrüni we saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy, her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bir aýlyk wagyz-nesihat işleriniň geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi, halkyň abadançylygynyň kepili bolup durýandygy, ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsyzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK GÖZLERIMIZIŇ GUWANJY-ŞONUŇ BILEN BERKDIR WATANYM TÄJIM

Kitaphanalar

26.09.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda şanly garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp Lebap welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň, kitaphanaçylaryň gatnaşmagynda «Garaşsyzlyk gözlerimiziň guwanjy-şonuň bilen berkdir Watanym täjim» ady bilen baýramçylyk çäresini geçirdik. Bu ýerde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, özgertmeler, Watanymyzda höküm sürýän parahatçylyk, abadançylyk dogrusynda söhbetler edildi. «Garaşsyzlyga guwanmak, watany halky söýmek bagtdyr» ady bilen guralan kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
BILIMLI ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ GÜÝÇ KUWWATY

Kitaphanalar

26.09.2025

Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň 1-nji şahamçasynyň kitaphanaçysy Türkmenabat şäherindäki 17-nji orta mekdebinde «Bilimli ýaşlar Watanymyzyň güýç kuwwaty» atly gürrüň geçerdi. Bilim ulgamynda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, okamagy, öwrenmegi ugrundaky işler üznüksiz ýokarlandyrýandygy barada okuwçylaryň arasynda gyzykly gürrüňler edildi. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bilim işgärleriniň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
GARAŞSYZLYK–GÖZLERIMIZIŇ GUWANJY, ŞONUŇ BILEN BERKDIR WATAN DAÝANJY

Kitaphanalar

26.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen 82-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk – gözlerimiziň guwanjy, şonuň bilen berkdir Watan daýanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir bu bolsa, biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdygy hem-de şan-şöhratymyzdygy barada gürrüň berdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasatymyzy gyşarnyksyz amala aşyrmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belläp geçdiler. Baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyz şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň, öňde goýlan belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň, halkymyzyň ruhy galkynyşynyň hem baýramydyr diýip bellediler. Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN WATAN

Kitaphanalar

26.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenýän toýdur-baýramlar, şanly seneler we taryhy wakalar mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň asudalygynyň hem-de abadançylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige, uly zähmet üstünliklerine beslenýändigini, şeýle hem häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň beýik ösüşlerinden, üstünliklerinden ruhlanýan mähriban halkymyz agzybirlikde, beýik maksatlara ýetmegiň röwşen ýolunda üstünlikli badalga bolup hyzmat edýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÄHMIÝETLI ÇÖZGÜTLERI–GARAŞSYZ HEMIŞELIK BITARAP WATANYMYZYŇ DÖWLET BERKARARLYGYNYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

26.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistanyň Halk maslahatynyň taryhy ähmiýetli çözgütleri–Garaşsyz Hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet berkararlygynyň binýady» atly Jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkezinde geçirilen maslahata gatnaşdy. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň baş maksady ýylyň dowamyndaky işleriň jemlerini, seljermek bilen bir hatarda, şöhratly geçmişimizde, bagtyýar şu günümize nazar aýlap, röwşen geljegimize ynamly gadam urmak üçin döwrüň möhüm meselelerini, zerurlyklaryny, özgerýän dünýäniň şertlerini göz öňünde tutup, çözgütleri kabul etmekdir. Üstünlikli geçen halk maslahaty hem-de onda badalga berilen beýik maksatlar, geljekde ata Watanyňy, ene topragyňy gözüniň göreji deýin görýän mähriban halkymyzyň gazanjak beýik üstünliklerine badalga bolar. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmeni «Ýaşlyk» teleýaýlymynda ýazgy edilen söhbetdeşlikde täsirli gürrüňler berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny bir supranyň başyna jem edip, bagtyýar günleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
DÖWLETLINIŇ BAŞLAN IŞI OŇ BOLAR

Kitaphanalar

26.09.2025

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Halk maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen “Döwletliniň başlan işi oň bolar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň mertebesi bu gün dünýä dolýar. Ýurdumyzda 19-njy sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy syýasy-jemgyýetçilik wakalarynyň biri bolup, onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ýaly halk bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleler halkymyzyň ygtybarly wekilleri bilen maslahatlaşyp, her bir adamyň ykbalyna şugla saçjak çözgütler kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň öňde duran maksatlara amal etmäge, beýik tutumlary durmuşa geçirmäge ukyplydygynyň görkezijisi bolup durýar. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy asuda, parahat, eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun diýip alkyş sözlerini aýtdylar.