logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
KITAP OKAN ÝOL TANAR

Kitaphanalar

03.05.2025

Kitap gatyny agtaryp, tebigatyň täsinligini, mährem topragyň tükeniksiz baýlygyny, Watanyň taryhy geçmişini, şu gününiň beýik ösüşlerini öwrenýän ynsanyň ýaşaýşa, durmuşa bolan gözýetimi giňdir. Kitap adama edil howanyň, günüň, suwyň zerur bolşy ýaly, gerekdir. Sebäbi ol özüňi tanamagy, dünýäni öwredýär. Häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe geljege ynamly ýaşlarymyzyň kitaba, bolan çäksiz söýgüsi kalplarda gaýnap joşýar. Ynsanyň ýaşaýyş durmuşunda taryhymyzda we häzirki zamanda hem iň gymmatly hazyna ömrüňi nurlandyrýan kitapdyr. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynda döreýän ajaýyp kitaplary hem tutuş adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Söhbetdeşlikde şular dogrusunda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
“Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym”

Kitaphanalar

02.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň bu gün bütin dünýäde dabaralanýandygy, ýurdumyzda beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek esasynda özara bähbitli gatnaşygyny yzygiderli ösdürilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilýän ýyly bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI

Kitaphanalar

02.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik eserinden ybarat bolan hemişelik sergini gurnady. Köp jiltli ylmy neşir diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Her jildiniň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Kitap her jildiniň aýry-aýry ösümlikleriň kökleriniň, ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Baý mazmunly, üç dilde çap edilen ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary Türkmenistanyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen bir hatarda, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan, halkymyzyň saglygy barada taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
KALPLARDA ORUN ALAN PYRAGY

Kitaphanalar

02.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Kalplarda orun alan Pyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy-öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde adamzadyň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Magtymguly Pyragynyň dürdäne sözleri halkymyzyň edep-terbiýe mekdebiniň, ahlak-ýörelgeleriniň ählisi babatda kämilliginden habar berýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary, kämil eserleri ýagşylygyň we edepliligiň gönezligidir. Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen diliniň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklarynyň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň nesillerimizi, terbiýelemekde uly ähmiýeti bardygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamaga, düýpli öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÇAGALAR ÝAZYJYLARY BILEN GEÇIRILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

02.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda kitaphananyň esaslandyrylmagynyň 90 ýyllyk toýuny belläp geçdi. Bu çäräniň dowamynda «Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek» atly maslahatda edilen çykyşlaryň kitaphana hünärmenlerinde galdyran täsiri dogrusynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynda kitaphanada zähmet çekýän birnäçe hünärmenler buýsançly gürrüňleri berdi. Dabaramyzyň hormatly myhmanlary, welaýat kitaphanalarynyň ýolbaşçylary we halypa kitaphanaçylaryň täsirli gürrüňleri tejribe alyşmaklyga aýratyn ýardam etdi. Aýdym-sazly çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar kitap we kitaphana işinde döwür bilen sazlaşykly parasatky işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygy beýan etdiler.

No image
«ÇAGALARA HYZMAT EDÝÄN KITAPHANALARYŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK» ADY BILEN KITAPHANAÇYLARYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN MASLAHAT

Kitaphanalar

02.05.2025

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» bellenilen wezipeler boýunça «Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek» ady bilen maslahat, şeýle hem Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyň döredilmeginiň 90 ýyllygy mynasybetli kitaphanada welaýat çagalar kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de paýtagtymyzyň mekdep kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda “Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşanlar ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini has-da artdyrmak, olaryň ösen isleglerini, talaplaryny doly ýerine ýetirmek babatda öz kitaphanalarynda alyp barýan işleri barada özara tejribe alyşdylar. Maslahat tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyň döredilmeginiň 90 ýyllygy mynasybetli çagalar ýazyjylar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň sungat mekdepleriniň ýaşajyk aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Dabara ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, sungat ussatlary gutlag sözleri, şygyrlary hem-de aýdym-sazlary bilen dowam etdiler. Dabaranyň ahyrynda kitaphanaçylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şowhunly dabara gatnaşanlaryň ählisi kitaba, kitaphanalara uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«Gül ülkämiň bagtyýar çagalary» atly kitaphana gezelenç

Kitaphanalar

01.05.2025

Mary şäheriniň çagalar bakja bagynyň körpeleri bilen Mary welaýat çagalar kitaphanasynda «Gül ülkämiň bagtyýar çagalary» atly kitaphana gezelenç gurnaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşlerini üpjün etmek hem-de olaryň ylymly–bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýar. Körpeje okyjylarmyzy kitaphana bilen ýakyndan tanyşdyryp, olara owadan suratly, gyzykly ertekili, goşguly kitaplary okap berildi. Şeýle ajaýyp zamanany peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ATLY KITABYNDAN SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

01.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilip, türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer halkymyzy täze belentliklere ruhlandyrýandygy hakynda buýsançly beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÝAŞLAR–WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABYNDAN SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

01.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar–Watanyň daýanjy» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň bu günki üstünliklerinden, Diýarymyzyň beýik ösüşlerine goşýan mynasyp goşandyndan söz açýan bu gymmatly eser ýaş nesillerimiz üçin ylham çeşmesine öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň geljegini ýaşlaryň mümkinçiliklerinde görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bildirýän belent ynamynyň nyşanyna öwrülendigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, geljegimize uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BITARAPLYK WE PARAHATÇYLYK BAKY ABADANÇYLYK

Kitaphanalar

01.05.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda bu medeni ojagyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýatynyň Maliýa-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Bitaraplyk we parahatçylyk baky abadançylyk» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şeýle-de kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Galkynýar gül açýar Bitarap Watan» ady bilen kitap sergisi guraldy. Örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.