logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Bildiriş

Muzeýler

05.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 6-njy maýynda sagat 10:00-da Ýeňiş güni mynasybetli “Hakyda ýazylan ýatlamalar” atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
Ýeňişli ýollaryň senasy

Muzeýler

05.05.2026

Dünýä taryhyndaky iň gazaply we gandöküşikli uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş gününden bäri 81 ýyl geçdi. Bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere sebäp bolup, millionlarça adamyň gurban bolmagyna getirdi. Doganlyk halklar gazaply howpuň garşysyna jebisleşip, söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezdiler. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş umumy gymmatlyk bolup durýar. Türkmen halky hem Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy.Ýeňişden soňra geçen 81 ýylyň dowamynda şol ýyllaryň gahrymançylykly ýatlamalary biziň kalplarymyzda saklanýar, watandaşlarymyzda belent buýsanç duýgusyny artdyrýar. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli “Ýeňişli ýollaryň senasy” atly sergi gurnaldy. Bu sergä Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, ýaşuly nesliniň wekilleri we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan bu sergide surat eserleri, nakgaş eserleri, zergärçilik sungatyna degişli şaý-sepler sergilenen. Gazaply uruş ýyllarynda tylda tutanýerli zähmet çeken ildeşlerimiziň edermenligi hem hiç wagt ýatdan çykarylmaz. Olar janyny aýaman kärhanalarda, ekin meýdanlarynda zähmet çekip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler we ýygnadylar. Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow ýetginjekkä, 1944-nji ýylda “Köp ekeliň dänäni!” atly goşgusyny ýazypdyr. Bu täsirli setirlerde hakyky watançylyk, Ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmak üçin tagallalar öz beýanyny tapýar. Ähli halk işine türkmen zenanlary-da uly goşant goşdular. Olar urşa giden gerçekleriň ýerine halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tutanýerlilik bilen zähmet çekdiler. Goranmak gaznasyna 7400 kilograma golaý altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrdylar. Türkmenistanyň ýaşaýjylary uçar we tank öndürmek üçin 243 million rubl we 7,392 kg kümüş we altyn ýygnadylar. Gyzyl Goşunyň esgerleri üçin sowgatly 202 otly fronta iberildi. 2 million ýyly eşik we 20,386 tonna galyndy metal iberildi. Biz edermenlik üçin türkmenistanlylaryň 104-siniň “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” diýen belent ada mynasyp bolandygyna, 19 frontçynyň bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri bolandygyna çäksiz buýsanýarys. Ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň orden-medallar bilen sylaglanyldy. Olaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Häzirki wagtda Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly ýurdumyzyň ýaşlary üçin watançylygyň, belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew fronta meýletinlik bilen gidip, uruşdan agyr ýaralanyp geldi hem-de mugallymçylyk işini dowam etdi. Ol SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Permany esasynda “Hormat nyşany” ordeni bilen sylaglanyldy. 2018-nji ýylyň iýunynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza we halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr.

No image
«Gahrymanlarymyza hormat» atly sergi

Muzeýler

04.05.2026

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: “Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir” diýip belleýär. Dünýä taryhyna örän pajygaly döwür bolup giren 1941-1945-nji ýyllarda merdana halkymyz söweş meýdanynda batyrgaýlyk, mertlik, edermenlik, watansöýüjilik ruhunyň belent nusgasyny görkezip, nesilleriň ömürlik hormatyna mynasyp boldular. Ýeňiş diňe bir taryhy waka däl-de, eýsem, biziň ruhy gymmatlygymyz, asuda asmanymyzyň binýady hökmünde dabaralanýar. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde gurnalan “Gahrymanlarymyza hormat” atly sergide hem, şol gahrymançylykly ýyllaryň çeper beýany, halkymyzyň sarsmaz ruhy sungatyň dili bilen açylyp görkezilýär. Sergide ussat suratkeşlerimiziň we heýkeltaraşlarymyzyň dürli öwüşginli eserleri ýerleşdirildi. Sergä myhmanlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Goý, ýurdumyz hemişe parahat, asmanymyz dury we asuda bolsun!

No image
Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary

Muzeýler

30.04.2026

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Lebap welaýat bölüminiň, şeýle-de Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda muzeýde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Bu söhbetdeşlik çäresinde bagtyýar zamanamyzda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat sarpa, olaryň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekmekleri barada döredilýän mümkinçilikler dogrusynda hem-de şu günler gyzgalaňly dowam edýän ýüpek gurçugyny idetmek, ýurdumyzyň oba hojalygynda ýüpekçilik pudagynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylýandygy, bu pudagyň ösdürilmegine onuň halkymyzyň medeni mirasynyň ajaýyp däpleriniň biri bolýanlygyndan ugur alnyp, ýüpekçilik dokma senagatyny belent sepgitlere çykarmaga ýardam edýändigi dogrusyndaky söhbetlere giň gerim berildi. Ýüpek keteniden tikilen egin-eşikler türkmen zenanlarynyň gadymdan gelýän milli lybaslarydyr. Örän owadan, köp öwüşginli, nepis, ýüpekden dokalan ajaýyp türkmen halylary gadymdan bäri Günbatary we Gündogary ygtybarly söwda ugurlary bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça kerwenlerde onlarça ýurtlara iberilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň ganatly galamyndan dörän “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýurdumyzyň ýüpekçiliginiň taryhy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň ýüpek almak usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr. Tut önümçiligi ýüpek gurçuklaryny köpçülikleýin köpeltmäge mümkinçilik beripdir. Diýarymyzda öndürilýän piläniň möçberleriniň artdyrylmagy, gaýtadan işleýän kärhanalaryň gymmatly çig mal bilen doly üpjün edilmegi, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça geçirilýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolup, olar doly döwrebaplaşdyryldy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümler — çig ýüpek, inçe ýüpek ýüplük, matalaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Bu önümler iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Ýüpek süýüminden başga-da, ajaýyp ýüpek halylar, keteni matalarydyr gyňaçlar dürli hili döwrebap öýme ýaglyklar öndürilýär. Bu önümler diňe bir öz ýurdymyzda däl, eýsem, daşary ýurtly sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar. Ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän, halkymyzy ganatly bedewleriň ýyndamlygy kimin ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy belleniljek “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň her bir güni bedew batly ösüşlere beslensin! Gülälek BATYROWA, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
Bildiriş

Muzeýler

30.04.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 4-nji maýynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli «Gahrymanlarymyza hormat» atly sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 11:00-da açylýar. Biziň salgymyz: Aşgabat ş. (A.Nowaýy) 2022. köçesiniň 88-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 92-71-69

No image
Bildiriş

Muzeýler

28.04.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň doglan gününiň 105 ýyllyk ýatlama sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýarys. Sergi sagat 16:00-da açylýar. Biziň salgymyz: Aşgabat ş. (A.Nowaýy) 2022. köçesiniň 88-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 92-71-69

No image
Bir belent ykbal sen illere bedew !

Muzeýler

24.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistan diýarymyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda, Watanymyz bedew bady bilen ynamly ösüşlere we özgerişlere barýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işleri dowam etdirýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary düýpli öwrenilýär we olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň baý milli gymmatlyklarynyň birnäçesi dünýä halklarynyň medeniýetini ösdürmekde uly goşandyny goşandyr. Türkmen halky özüniň ukyp başarnygy bilen atlaryň saýlama tohumlaryny ýetişdiripdirler. Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýandyr. Bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we ykbalyndaky möhüm ähmiýeti barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bedewlere bagyşlap, ýazan kitaplarynda atlaryň bu gadymy tohumynyň gelip çykyşynyň we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berilýär. Atlaryň bu tohumy türkmen topragynda halk sergiçiliginiň esasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir. Türkmenistanda gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galdyrylmagy ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Bedew atlary idetmek, köpeltmek üçin Milli Liderimiz ýörite atçylyk toplumlaryny döredip, ulanmaga berdi. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň baýramy döwlet derejesinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly ruhubelentlikde bellenilýär. Ýaňy ýakynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda “Bedew atyň badynda ýol uzasyn dowama” atly söhbetdeşlik brifing duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlarynyň, Lebap welaýat Maliýe-ykdysady hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň, muzeý hünärmenleriniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşlikde halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryny gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek, watançylyk ruhunda terbiýelemek we ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini wagyz etmek ýaly täsirli söhbetlere giň gerim berildi. Söhbetdeşlik çäresiniň ahyrynda halkymyzy ganatly bedewleriň ýyndamlygy kimin öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler. Uzukjemal ÝAZJUMAÝEWA, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy

No image
Dünýä ýaň salan milli gymmatlyklarymyz

Muzeýler

23.04.2026

Ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamyny ösdürmek, galyberse-de, türkmen medeniýetini we sungatyny döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Watanymyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, sanly ulgamyň gazananlary arkaly muzeý işini ösdürmek barada uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hereket edýän artmuseum.gov.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astyndaky onlaýn sergisi halk köpçüligine ýetirildi. Muzeýiň internet sahypasynyň täzelikler bölüminde ýerleşdirilen bu muzeý taslamasynyň ýurdumyzda ilkinji gezek girizilendigini bellenildi. Açylan onlaýn serginiň maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmek hem-de ýerlikli peýdalanmak bolup durýandygy dogrusynda muzeýiň ylmy işgäri Güljeren Atabaýewa “Altyn asyr Türkmenistan” teleýaýlymynda çykyş etdi. Bu taslamany (onlaýn sergini) durmuşa geçirmekde bar bolan sanly infrastruktura we elýeterli internet mümkinçiliklerine esaslanyldy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň internet salgysynda hereket edýän virtualmuseum.gov.tm internet sahypasy dogrusynda «Dünýä ýaň salan milli gymmatlyklarymyz» atly gepleşikde muzeýiň Mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň müdiri Aýgül Bekmiýewa «Türkmenistan» teleýaýlymynda çykyş etdi. «Wirtual muzeý» taslamasynyň üsti bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gaýybana syýahat edip, muzeý gymmatlyklary barada giňişleýin maglumat almak mümkinçiligi elýeterlidir.

No image
Behişdi bedewler – türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy

Muzeýler

22.04.2026

Taryhyň uzak ýyllarynyň dowamynda her bir halk özüne mahsus milli gymmatlyklaryny döredip, asyrlar boýy sünnäläp, ajaýyp sungat derejesine ýetiripdir. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri-de owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleridir. Türkmeniň köňül buýsanjy, gardaşy hasaplanýan behişdi bedewleriň aslyna ser salsaň, onuň aňyrsynda asman giňişligi ýaly giň we düýpsiz umman ýaly çuň taryhyň ýatandygyny, merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagynda, türkmen bedewleriniň ornunyň uludygyny duýmak bolýar. Dünýä derejesinde belent ada mynasyp bolan ahalteke bedewlerimiz ýyndam-ýüwrükligi, ýörişlere çydamlylygy bilen türkmeniň adyny belende göterip birnäçe ýaryşlara, atlaryň gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Geçmişde halkymyz öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Her bir türkmen hojalygynda bedew atyň bolmagy, bedew münüp, çarpaýa galmagy türkmeniň gerçeklik edebiniň dessurydyr. Bu dessur türkmen maşgalasynda atadan ogla, agadan inä miras bolup geçipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda, bedew batly ösüşler bilen öňe barýan Watanymyz toý-baýramlara beslenýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny jahana ýaýýar. Türkmen bedewiniň baýramy gözelligiň, sazlaşygyň we gaýtalanmajak okgunlylygyň baýramy bolup ýüreklere siňýär. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan dabaralanmagy ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli "Behişdi bedewler – türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy" atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide muzeý gaznalarynda saklanylýan bedew atlaryň milli bezeg şaýlary bilen bezelen fotosuratlary, tanymal suratkeşleriň ýerine ýetiren bedew atlary beýan edýän surat eserleri görkezilýär. Sergide arheologiýa tapyndylaryna degişli bolan bişen toýundan syrçalanyp ýasalan at heýkeljikleri hem görkezilýär. Ata-babalarymyz at üstüni şa tagtyndan eý görüpdirler, bedewini hormatlap, ony altyn-kümüş, haly önümleri bilen bezäpdirler. Serginiň görnükli ýerinde türkmen halkymyzyň milligini görkezýän “Ak öýüniň” içinde türkmen zenanlarynyň ussatlyk bilen dokan haly önümleri bolan dürli görnüşdäki torbalary, horjunlary, argaç çuwallary, ak öýüň bil ýüpleriniň görnüşlerini, at torbalaryny, erkek adamlaryň geýýän agarçäkmen, gyrmyzy donyny, halydan at basyryk, at ýapynjasyny, üsti eýerlikli atyň eýerlerini synlamak bolýar. Tärimiň iki gapdalynda gotazlar, şeýle hem, seçekler bilen bezelen at ýapynjanyň, haly eýerligiň, üstünde bezelip goýlan at şaýlary bolan boýunlygyň, göwüsbendiň, at gamçysynyň, uýan toplumynyň görnüşlerini görmek bolýar. Bu ýerde ussat zergärlermiziň döreden türkmeniň ahalteke bedewlerini wasp edýän, döwrüň bedew bady bilen ösüşlere barýandygyny alamatlandyrýan birnäçe zergärçilik eserlerini hem görmek bolýar. Serginiň dowamynda, türkmen bedewiniň keşbi halynyň çitimlerinde, nakgaşyň owadan reňklerinde, heýkeltaraşyň nepis sungatynda aýdyň beýanyny tapýar.

No image
«Türkmeniň aty - çüwen bagty» atly döredijilik bäsleşigi

Muzeýler

22.04.2026

Sungat gözelligiň waspy, ajaýyp keşbidir. Sungat ussatlary mydama gözelligiň gözleginde bolýarlar. Milli Liderimiziň “Gadamy batly bedew” atly kitabynda belleýşi ýaly, taryhy ýadygärlikler türkmen bedewiniň keşbiniň örän gadymy döwürlerden bäri heýkeltaraşlaryň, küýzegärleriň, senetkärleriň, suratkeşleriň, halyçylaryň ünsüni özüne çekendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bedewe sarpaly garaýşyň halkymyzda belentdigi ýaly, sungatdaky şol ajaýyp keşpler-de heňňamlar üzre ýaşapdyr. Häzirki döwürde hem dünýäniň sungat ussatlary bilen bir hatarda türkmen suratkeşleri, halyçylary, heýkeltaraşlary eserlerinde bedew keşbini döredýärler. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň şekili janlandyrylan surat eserleri, halylar dünýä belli muzeýleriň baş gymmatlygyna öwrüldi. Döredijilik ylhamynyň merkezindäki esasy joşgunly güýç ahalteke bedewinde jemlenendir. Döredijilik bäsleşigine milli senenamamyzda orun alan baýramçylyklaryň biri bolan, türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi bilen bilelikde, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň Şekillendiriş sungaty ugrundan okaýan talyplaryň arasynda «Türkmeniň aty - çüwen bagty» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Muzeýde geçirilen bu bäsleşikde okuw mekdebiniň talyplary sungat eserlerini döretdiler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi tarapyndan tapawutlanan ýaşlara bolsa, mynasyp baha berlip, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylagladylar.