logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
PEDERLERIŇ HATYRASY–HALKYMYZYŇ HAKYDASY

Muzeýler

03.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda «Pederleriň hatyrasy–halkymyzyň hakydasy» atly sergi guraldy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp «Pederleriň hatyrasy–halkymyzyň hakydasy» atly sergi gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, milli halk senetçiliginiň eserleri, zergärçilik we bezeg önümleri, dokumental fotosuratlar görkezilýär. Sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümi Aşgabat ýertitremesine, ikinji bölümi bolsa Gökdepe söweşine bagyşlanýar. Serginiň birinji bölüminde Döwlet muzeýiniň «Ýazuw çeşmeleri» gaznasynda saklanylýan dokumental fotosuratlara aýratyn orun berilýär. Aşgabat şäheriniň taryhyna bagyşlanan suratlar tematiki taýdan toparlara bölünip, onda Aşgabat şäheriň ýertitremeden öňki görnüşlerine, XX asyrdaky we Garaşsyzlyk döwrüniň binagärçiligine degişli bolan fotosuratlar görkezilýär. Aşgabat ýertitremesi ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine hem uly zeper ýetirdi. Sergide Seýitjemaleddin metjidiniň bina bölekleri hem sergilenýär. Serginiň dowamynda paýtagtymyzyň häzirki ak mermere bürenen gözel keşbini wasp edýän türkmen zergärleriniň zähmetsöýer ellerinden çykan zergärçilik eserlerine aýratyn orun berilýär. Bu eserler gözel paýtagtymyzyň mermer binalaryny wasp edip, milliligimizi özünde jemleýär. Serginiň ikinji bölüminde türkmen gerçekleriniň taryhda görkezen gahrymançylykly hereketlerini aýdyň şöhlelendirýän Gökdepe söweşinden söhbet açýan muzeý gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Sergide goýlan şekillendiriş sungatynyň eserlerini hem-de fotosuratlary synlanyňda bu söweşde görkezilen edermenligi aýdyňlygy bilen duýmak bolýar. Şeýle hem sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan söweş ýaraglary, sowuk ýaraglar hem görkezilýär. Hatyra gününde ýurdumyzda merdana ata­babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirip, öten­geçenlerimizi, Gökdepe söweşinde wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan ildeşlerimizi hatyralanýar.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

02.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda sagat 15:00-da Hatyra gününe bagyşlanyp «Pederleriň hatyrasy–halkymyzyň hakydasy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
ÝAŞULYLARYŇ GÖRELDESI-ÝAŞLARYŇ ÝÖRELGESI

Muzeýler

30.09.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň» altyn güýziniň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Milli senenamyzda mynasyp orun alan her ýyl ýurdymyzda uly şatlyk–şowhun bilen bellenilýän Ýaşulylaryň Halkara güniniň dabaraly, göwün joşdurujy çäreleri gadymy Lebabyň medeniýet ojaklaryny, edara-kärhanalaryny toý lybasyna besläp hemişelik bitaraplygymyzyň barha golaýlaşýan ajaýyp baýramynyň uly joşguna beslenýän çäreleri bilen utgaşýar. Şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ýaşulylaryň Halkara güni mynasybetli «Ýaşulularyň göreldesi-ýaşlaryň ýörelgesi» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Il-sylagly ýaşulylaryň, kümüş saçly mährem eneleriň, hem-de eşretli zamanamyzyň bagtyýar nesilleriniň uly ruhubelentlikde gatnaşmagynda muzeý gymmatlyklaryndan düzülen, milli mirasymyzy şöhlelendirýän sergi ýaşuly nesliň wekillerinde bagtyýar zamanamyzyň mährem enelerinde şeýle-de bagtyýar körpelerde uly buýsanç duýgusyny döretdi. Serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda muzeýe täsirli gezelenç gurnaldy. Täsirli hem-de ýatda galyjy pursatlara beslenen gezelenjiň dowamynda ýurdumyzda ýaşuly nesliň wekillerine çäksiz sarpa goýýan, halkymyzy toýly günleriň gujagynda, parahatçylygyň, asudalygyň goýnunda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler. _____________________ Gülüstan HUDAÝAROWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
MASLAHATLY ILIŇ–MAKSADY AÝDYŇ

Muzeýler

26.09.2025

Belent ösüşleri nazarlap abadançylygyň röwşen gadamlary bilen ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän taryhy hem-de şanly wakalar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Ýaňy ýakynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzda möhüm ähmiýetli çäre bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Lebap welaýat birleşmesiniň, Lebap welaýat kazyýetiniň, Lebap welaýat Adalat bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda ,,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň il-ýurt bähbitli taryhy çözgütleri” atly dabaraly wagyz –ündew hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýokary ruhubelentlikde, baý many-mazmunly çykyşlary özünde jemlän hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Diýarymyzyň Garaşsyzlygy, ýurt Berkararlygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdymyzda ýetilýän belent sepgitler, mejlisde kabul edilen taryhy çözgütler, kararlar, il-ýurt bähbitli möhüm meseleler, halkara derejesinde barha artýan abraý–mertebesi, bagtyýar hem-de eşretli zamanamyz barada çuňňur mazmunly söhbetler edildi. Hoşallyk maslahatyna gatnaşanlaryň her biri halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny hem-de alkyşly sözlerini beýan etdiler. ______________ Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
MEKDEP OKUWÇYLARYŇ MUZEÝMIZE GEZELENJI

Muzeýler

25.09.2025

2025-nji ýylyň okuw ýylynyň başlanmagy bilen Mary ertabynyň Aşgabat geňeşligindäki taryhy muzeýine mekdep okuwçylar yzygiderli gezelenç etmäne gelýärler. Okuwçylar muzeýe gezelenç etmek bilen obanyň taryhy bilen we birnäçe taryhy gymmatlyklar bilen giňişleýin tanyşýarlar. Muzeýdäki her bir ekisponatlar barada özlerinde döreýän soraglara giňişleýin düşinje alýarlar. Okuwçylaryň muzeýe gezelenç etmekleri olarda Watana bolan söýgini oýarmakda muzeýiň ähmiýeti ulydyr. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiz öz mukaddes topragynyň, milletiniň şöhratly geçmişine, şu günine guwanýarlar we busanýarlar. Taryhy gymatlyklarymyzy öwrenmäge we gorap saklamaga döredilip berilýän müňkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

No image
MUZEÝ HÜNÄRMENLERI MUZEÝ IŞINI DÖWREBAP DEREJEDE GURNAMAKLYKDA DÜRLI IŞLERI ALYP BARÝARLAR

Muzeýler

24.09.2025

Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede gülläp ösýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmegi üçin örän uly tagallalar edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda dünýäniň ösýän-özgerýän döwründe, biz muzeý işgärleri hem türkmen halkymyzyň taryhyny we taryhy ýadygärliklerini dünýä ýaýmakda arman–ýadaman zähmet çekýäris. Şol maksat bilen Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri bellenen meýilnamalar esasynda, muzeýiň ekspozisiýa zallary barada täze maglumatlar öwrenýärler hem-de maslahat esasynda ekspozisýon zallarda ýörite ýygnanşyp edilýän maslahat arkaly täze maglumatlary ara alyp maslahatlaşýarlar. Esasan hem halypa hünärmenler ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Hawa hakykatdan hem ýaş nesilleriň ylmyny artdyrmakda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilýär. Türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini, medeniýetini, sungatyny, geçmiş-taryhyny has çuň we giň manyda hem-de ylmy taýdan öwrenmek we olar bardaky maglumatlary halka ýetirmek bolsa muzeý hünärmenleriniň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda bolsa muzeýimiziň “Türkmen tebigaty” zalynda ýaş ylmy işgärleriň hünär derejesini has içgin berkitmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Muzeý hünärmenleri muzeý işini döwrebap derejede gurnamaklykda dürli işleri alyp barýarlar. Türkmeniň tebigatyny, medeniýetini, taryhyny has çuňňur öwrenip halka ýetirmekde, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödejekdigimizi ynandyrmak isleýärin. Türkmen halkyny beýik derejelere ýetirmekde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

No image
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 34 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI AÇYLDY

Muzeýler

19.09.2025

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy bilen ýurdymyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdymyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini jemledi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan sergide medeniýet ministrliginiň pawilýonynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde goralyp saklanylýan ajaýyp gymmatlyklar goýulan. Bu gymmatlyklar ýurdymyzyň syýasatyny beýan edýän zergärçilik eserleridir. Bu sungat eserleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza daşary ýurtly syýasy wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleri tarapyndan sowgat berlen. Ata Watanymyzyň syýasatyny we paýtagtymyzdaky ajaýyp binalaryň görnüşini beýan edýän bu zergärçilik eserleriniň ählisi gymmat bahaly metallardan ýasalyp, gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir. Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň pawilýonynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň göreldeli talyplary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplaryny beýan edýän sungat işleri görkezildi. Ykdysady üstünlikleriň sergisi öz işini 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

No image
GARAŞSYZLYK-WATANYMYZYŇ ŞÖHRATY

Muzeýler

19.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at owazasyny äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatsöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi. Garaşsyzlyk halkyň arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyzlyk-Watanymyzyň şöhraty» atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň «Güýz aýdymy», Türkmenistanyň at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Meniň Watanym», Gennadiý Babikowyň «Aşgabat güýzi», Kakageldi Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk toýy» ýaly ajaýyp eserler sergimizde öz mynasyp ornuny tapdy. Ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy aýdyň geljege, belent sepgitlere alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/12.jpg)

No image
MUZEÝMIZDE GURNALAN GÖÇME SERGI

Muzeýler

19.09.2025

2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňsyrasynda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi tarapyndan Türkmenistan Watanmyzyň Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresinde mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary özleriniň folklýor çykyşlarynda türkmen halkynyň arzuwlap gelen Garaşsyzlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarmyzyň saýasynda bahar-ýazly, aýdym-sazly Diýarymyzyň, bu günki -gün ösüşleri, Garaşsyzlygymyzyň miwesi bolan asuda, abadan Watan goýnunda garşy alýan her günümiziň bagtyýarlygy, özbaşdak millet hökmünde milli däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň, urp-adatlarymyzyň dabaralanmagy wasp edildi. Türkmen halky toý tutanda geçmişiň däp-dessuryna eýerip, uludan tutýar. Bu çärede Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan hem göçme sergi gurnaldy we milli mirasymyz bolan haly we haly önümleri, kümüş şaý-sepleriniň dürli görnüşleri, türkmen zenanlarynyň on barmagyndan çykan dürli nagyşlar bilen bezelen zenan lybaslary bolan keteni köýnekler, çabytdyr çyrpy-kürteler ýaly taryhy gymmatlyklaryň birnäçesi sergilendi. Talyp ýaşlaryň arasynda gurnalýan sergiler ata-babalarymyzyň Watany söýmegi öz ömürleriniň manysyna öwrüp, arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi bolan ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary bilen giňişleýin tanyşdyrmaga ýol açýar. _____________ SEÝIDOWA G. Muzeýiň uly ylmy işgäri

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARYŇ MUZEÝE GEZELENJI

Muzeýler

18.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Bu iri jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyjylar 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler we muzeýiň ekspozisiýalaryna aýlanyp gördüler. Döwlet muzeýiniň işgärleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga gelen myhmanlary ýokary derejede garşyladylar. Myhmanlara Döwlet muzeýiniň ekspozisiýalarynda görkezilýän gymmatlyklar barada muzeýiň hünärmenleri giňişleýin ekskursiýalary berdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga gelen myhmanlar Döwlet muzeýiniň her bir bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary gyzyklanma bilen synladylar.