logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitaphana – rowaçlyklara badalga

Kitaphanalar

20.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan neşir önümlerini aýawly saklamak, halkymyzyň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen 2025-2029-njy ýyllar üçin kabul edilen Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy alnyp barylýar. Gurnagyň bu sapagynda “Kitaphanadan peýdalanmagyň düzgünleri, degişli resminamalar, olary doldurmagyň usullary” atly sapagy geçirildi. Gurnaga Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Gurnaga gatnaşýan talyplara umumy sapaklarynda öwrenenlerini amallaşdyrmak maksady bilen Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri tarapyndan bölümiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, bölüme okyjylary ýazmak, olaryň talaplaryny dogry we doly kanagatlandyrmak, şeýle-de bölümde alnyp barylýan işler barada aýdyp berdiler. Talyplaryň arasynda sorag-jogap bäsleşigi hem geçirildi. Gurnaga gatnaşan talyplar we Döwlet kitaphanasynyň işgärleri okamaga, öwrenmäge we işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
Milli miras – ösüşleriň binýady

Kitaphanalar

20.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli kitaphanalaryň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bir hepdelik kitap sergisini geçirmekligiň tassyklanylan meýilnamasy esasynda göçme kitap sergisini geçirdi. Kitaphana hünärmeni serginiň ilkinji gününde talyp ýaşlara bir hepde dowam etjek göçme kitap sergisiniň many-mazmuny we onuň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän çeper eserler hem-de ajaýyp döwrümizde kitap we kitaphanalardan peýdalanmaklygyň düzgünleri dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan guralan kitap sergimiziň üsti bilen ýaş nesiller ýurdymyzda çap bolup çykýan çeper eserler barada tanyş bolmaklyga mümkinçilik aldylar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli edebiýatymyzy, mirasymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Kitap-ruhy tämizligiň açary

Kitaphanalar

20.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi “Kitap-ruhy tämizligiň açary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler adamzadyň parh goýýan iň gadymy we häzirki zaman gymmatlyklarynyň biri hem ömrüňi nurlandyrýan kitapdygyny, kitap egsilmez hazynadygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň kitapsöýüjiliginden ugur alyp, kitaphana işlerini kämilleşdirmäge uly üns berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden kitaphana işgärleri kitabyň gymmaty, onuň adamzat durmuşynda tutýan orny hakynda söz açdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty eýýamlaryň jümmüşine ýaň salmagyny, bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew

Kitaphanalar

20.04.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Şöhraty äleme dolan, arşdan ykbally bedew” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Baş bilim müdirliginiň işgärleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Çykyşlarda ahalteke bedewleri toýlarymyzyň bezegi, türkmen halky asyrlaryň dowamynda uçar ganaty bolan bedewini özüniň ýakyn syrdaşy, dosty hasaplanýandygy, gamyşgulak bedewlerimiz ata-babalarymyzyň durmuşynda belent hormat-sylaga eýedigi barada gürrüňler edildi. Kitaphana işgärleri tarapyndan “Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr” ady bilen guralan kitap sergisi gatnaşyjylarda has-da täsir galdyrdy. Bu giňişleýin kitap sergisinde esasanam Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimizi wasp edýän eserleri ýerleşdirildi. Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary

Kitaphanalar

17.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary» ady bilen aýdym-sazly maslahat geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, ata-babalarymyzyň parahatçylyga, halallyga we adalatlylyga bolan belent garaýyşlaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini jemleýän mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň belent buýsanjy bolup durýandygy hakynda beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine eýerýän türkmen halkyny ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda

Kitaphanalar

17.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, ahalteke bedewiniň buýsançly şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy-da onuň milletimiziň buýsanjynyň suwutnamasydygy barada aýtdylar. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady we guralan göçme kitap sergisi hem olarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy ösdürmek we dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew

Kitaphanalar

17.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda «Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ähli ugurlarda bedew bady bilen okgunly öňe barýan, halkara abraý-mertebesi belende göterilýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadançylygynyň, watançylyk ruhunyň, şöhratly taryhymyzda gazanylan milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjynyň mynasyp beýanyna öwrülýändigi, Diýarymyzyň şan-şöhraty günsaýyn artyp, belent derejelere göterilýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda kitap okamaklyga bolan söýgüni has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Saglygym baş baýlygym

Kitaphanalar

17.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 75-nji çagalar bagynda “Saglygym baş baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Kitaphananyň hünärmenleri Türkmen halk ertekilerindäki gahrymanlaryň arassaçylyk we sagdynlyk hakyndaky keşplerini janlandyryp çagalara gyzykly gürrüňleri wagyz-nesihat etdiler. Çagalar hem öz gezeginde ertekileri uly gyzyklanma bilen diňläp kitaphananyň hünärmeni bilen sorag-jogap alyşdylar. Hünärmen söhbetdeşlikde ertekilerdäki gürrüň berilýän arassaçylyk saglygyň girewi, saglyk-baýlyk ýaly gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda sagdyn bedenli kämil ýaşlar bolup ýetişmelidigini, her bir ýerde çagalar bagynda, mekdebe baranlarynda hem arassaçylyk düzgünini berjaý etmelidigini düşündirdi. Hünärmenler saglyk hakyndaky ertekili kitaplaryndan sergi hem gurnadylar.

No image
Baky minnetdar Watan

Kitaphanalar

17.04.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 30-njy çagalar bagynda “Baky minnetdar Watan” atly sesli okaýyş geçirdiler. Bu ýerde körpeleriň watana bolan söýgüsini artdyrmakda, edepli, edermen ýaş nesli ýetişdirmekde hekaýalaryň, ertekileriň täsiri uludyr. Mekdebe çenli çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleri bilen yzygiderli dürli usullarda sesli okaýyş geçirilýär. Kitaba bolan söýgüsini ösdürmek, akyl taýdan ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil dünýägaraýyşly, ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

No image
Ynsan kalbynyň aýdymçysy

Kitaphanalar

17.04.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Okyjylara hyzmat edýän” bölümi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdebinde Garajaoglanyň doglan gününiň 420 ýyllygy mynasybetli edebi agşamy geçirildi. Garajaoglan aýdym-saz sungatyny ösdürmek we olary halk durmuşyna ýakynlaşdyrmak işine sarp eden ussat hökmünde tanalýar. Öz senedi bilen gamly ýürekleri ruhlandyryp, eli galamly we saz gurally ýurdy aýlanan şahyr diýip tanalýar. Garajaoglanyň kalbyndan çykan şygyrlary, onuň döreden belent sazy bilen birleşende mylaýym liriki aýdym dünýä inýär. Onuň şygryýeti halk aýdymlarynyň äheňine ýakynlygy bilen tapawutlanýar diýip çykyşlarda bellediler.