logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTAN JENNET MEKAN

Kitaphanalar

15.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň ýaş okyjylarynyň gatnaşmaklarynda Aýazbaba bilen agtyjygy Garpamygy garşyladylar. Bu ýerde Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Täze ýyl baýramyny wasp edýän goşgular uly höwes bilen okadylar we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Täze ýyl her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlary we täze maksatlary täsinlik bilen bir ýere jemleýän baýramçylygydyr.Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňladyrylýan baýramçylyk dabaralary bu gün welaýat kitaphanasynda hem uly şatlyk-şowhun bilen guraldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/20.jpg)

No image
BELENT MAKSATLAR

Kitaphanalar

12.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen «Türkmenistan-parahatlyk, ynanyşmak Watany» hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň äleme ýaň salan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy berkarar Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň, şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň kalbynyň kelamyna, dilleriniň senasyna öwrüldi. Şanly ýylda tutuş adamzada aklyk, älem-jahana asudalyk, parahatçylyk ündeýän türkmen bitaraplygynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri wasp etmek, bagtyýar raýatlarymyzda halkymyzyň gadymyýetden gelýän mukaddes ýörelgelerine söýgi döretmek maksady bilen bu bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda «Hormat hatlary» we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

No image
BITARAPLYK MEKANY, BAKY BAGTYŇ MUKAMY

Kitaphanalar

12.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk mekany, baky bagtyň mukamy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler şu ýyl döwletimiziň taryhyndaky möhüm şanly senä–hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilendigine 30 ýyl dolýandygyny uly buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de Bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdigini we ol milletiň bütin ruhy durmuşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de nusgawy ýazjy-şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda halkymyza bagtyýarlygy peşgeş edýän, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
BAKY BITARAPLYK-BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

12.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Baky Bitaraplyk-bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly dabara bilen bellenilýändigini, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistan beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrülendigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek tassyklanmagy, eziz Diýarymyzyň halkara abraýy has-da belende göterilendigi, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BU GÜN TOÝ DONUNA BESLENIP DIÝAR, ŞANLY BITARAPLYK TOÝUN TOÝLAÝAR

Kitaphanalar

11.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bu gün toý donuna beslenip Diýar, şanly Bitaraplyk toýun toýlaýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Bitaraplyk–ösüşiň täze belentliklerine barýan röwşen ýolumyzda ruhlandyryjy güýç, syýasy gymmatlygymyzdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine uly itergi berýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BITARAPLYK–DILLERIMIZIŇ SENASY

Kitaphanalar

11.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk–dillerimiziň senasy» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini aýdyň beýan edýändigini, bu asylly ýörelge halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryndan, parahatçylyk söýüjilik ýolundan gözbaş alýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny ýöredýändigini hem-de bu ýol bütin dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolaýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
HEMIŞELIK BITARAPLYK AÝDYŇ ÝOLLARA ŞAMÇYRAG

Kitaphanalar

11.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk aýdyň ýollara şamçyrag» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar, ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler barada giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby halkymyz üçin baýramçylyk sowgady bolandygy hakynda hem belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlar ýaňlandy we baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen hem tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda mähriban halkymyzy ösüşlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
BAKY ÝAŞA, ASYRLARA DOWAMAT, BITARAP WATANYM, JAN TÜRKMENISTAN

Kitaphanalar

10.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adymdaky merkezi kitaphanasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Baky ýaşa, asyrlara dowamat, Bitarap Watanym, jan Türkmenistan» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýylyndan bäri, bu ugurda amala aşyrylan beýik işler dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde taryhy senä öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halky parahatsöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly bolmak bilen bu günki gün dünýä giňişliginde öz ornuny berkitýändigini, türkmen halky ilkinji nobatda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň özara bähbitli bolmagyna uly ähmiýet berip, dünýä ýüzünde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna uly itergi berýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda göçme kitap sergi gurnaldy we bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/sayt-2.jpg)

No image
«HEMIŞELIK BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY» ATLY KITAP SERGISI

Kitaphanalar

10.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi «Hemişelik Bitaraplyk-parahatçylygyň binýady» ady bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan kitap sergisini gurnady. Bu guralan kitap sergisinde türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan gymmatly eserleri,şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda çap bolan dost-doganlyk, parahatçylyk barada ýazylan edebiýatlar goýuldy. Mundan başga-da bu guralan kitap sergisinde Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan kitaplar hem ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

No image
GARAŞSYZ DIÝARYM BAKY BITARAP!

Kitaphanalar

10.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyz Diýarym baky Bitarap!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Garaşsyz döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişelik Bitaraplygymyza laýyklykda sebitde parahatçylygy gorap saklamakda, dünýäde dost-doganlygy berkitmekde beýik işleri alyp barýar. Onuň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bu gün dünýä dolýar. Taryhda şöhratly ýollary geçen Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 3 gezek ykrar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip,ynsanperwer taglymaty bilen Halkara derejesinde uly abraý gazandy. Ýetip gelýän belent ynsanperwerligiň baýramyna öwrülen 12-nji dekabr–Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!