logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

24.02.2026

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, beýleki azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini we tohumyny taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. __________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI

Täzelikler

23.02.2026

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň(ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda milli toparyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, 2026-njy ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi aýdyldy. Olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet, ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. ÝUNESKO we onuň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasy tarapyndan geçirilen halkara hem-de sebit maslahatlaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtlara saparlar guraldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň dünýäde wagyz edilmegine, sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde türkmen jemgyýetiniň ruhy, aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga, milli medeniýetimizi kämilleşdirmäge, taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerimizi goramaga hem-de aýawly saklamaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Baý medeni mirasymyz halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi medeni ýadygärlikleri, tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanýan açyk dialog üçin amatly şertleri döredýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hereket etmegi hem uzak möhletleýin geljege gönükdirilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. ______________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
DIALOGA WE YNSANPERWER TAGLYMLARA YGRARLYLYK

Täzelikler

21.02.2026

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI 20-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy parahatçylyk söýüjiligiň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy bolup durýar. Her ýyl Diplomatik işgärleriň gününiň baýram edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan dünýä giňişliginde alnyp barlan giň möçberli işleriň netijelerini jemlemäge mümkinçilik berýär. Bu gün türkmen diplomatiýasy diňe bir döwlet bähbitlerini goramagyň guraly bolman, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň diplomatik işgärlerine aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Ählumumy howpsuzlyk arhitekturasynyň üýtgäp durýan häzirki şertlerinde döwletimiz “Dialo-parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny işjeň ilerledýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç döwletleriň arasynda ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýokary okuw mekdebinde nazary bilimler tejribe bilen utgaşdyrylyp, ol geljekki diplomatlara protokolyň we gepleşikleri geçirmegiň inçe tärlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýaş diplomatlar pederlerimiziň parasatly däplerini, sanly tehnologiýalary we häzirki zaman halkara standartlaryny içgin öwrenýärler. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Guramanyň çäklerinde ýurdumyz ekologiýa, ulag, howpsuzlyk ulgamlarynda köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmeginiň öňbaşçysy boldy. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak, Aral meselesini çözmek boýunça başlangyçlary işjeň ilerledip, sebitiň ekologiýa gün tertibine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Bu bolsa döwletimiziň daşary syýasatynyň jogapkärçilikli we öňdengörüjilikli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi-de wajyp ugur bolup, ol Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat goýmagy berkitmäge gönükdirilendir. Türkmen diplomatlary uzak möhletli ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň binýadyny düzýän ýokary derejedäki duşuşyklary guramakda möhüm orny eýeleýärler. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri ýurdumyzyň diplomatik gullugyndan yzygiderli kämilleşmegi we halkara hyzmatdaşlykda täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär. Parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasy Türkmenistany dünýä ýurtlary bilen baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat edýär. _________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

21.02.2026

20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda milli hem-de halkara tejribeler öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly hem-de başga-da hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Mejlisiň agzalary Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren iş duşuşyklaryna gatnaşdylar. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekili BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan geçirilen okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde iş saparynda boldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda, mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza hormat goýmak däbini dowam etdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň zenan-gyzlaryna gowşuryljak pul serişdeleriniň möçberi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda mähriban enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny, olar üçin ähli döwrebap şertleriň döredilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekendigini aýdyp, wise-premýere baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy. ___________________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«KONSERWATORIÝA UÇURYMLARYNY ÇAGYRÝAR» ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

19.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn hormat goýulýar. Ýaş nesliň kämil sungat ussatlary bolup ýetişmekleri üçin uly şertler döredilýär. Ynha, şeýle maksatlary göz öňünde tutup, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Konserwatoriýa uçurymlaryny çagyrýar” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu gezekki geçirilen döredijilik duşuşygynyň myhmany “Türkmengaz” döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblynyň bagşysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýew. Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýew 1976-njy ýylda Bäherden etrabynyň Arçman obasynda dünýä inýär. Heniz çaga wagty onuň maşgalasy Daşoguz şäherine göçýär. Daşoguz şäherindäki çagalar sungat mekdebine gatnap, halypa bagşy sungat ýoluna gadam basýar. Soňra Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky sungat mekdebine okuwa girýär. Okan döwri ussat halypalardan bagşyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwrenip, 1993-nji ýylda geçirilen “Ýaňlan diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. 1995-nji ýylda bolsa hünärini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bu ýerde ussat halypalar Akmyrat Çaryýew, Ýolaman Nurymow ýaly halypalardan sapak alýar. Häzirki wagtda özi halypalyga ýetişen ussat bagşy Döwletgeldi Durdyýew bu günki geçirilen duşuşykda birnäçe aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirdi. Olardan : türkmen halk aýdymy “Ýar-ýar”, “Ýigitlik çagy”, “Oýanmaz, “Şasenem-Garyp” dessanyndan “Ýar bolaýyn”, “Döker ganymy”, “Gül-Bilbil” dessanyndan “Ýetişdi” aýdymlaryny görkezmek bolar. Şeýle-de “Görogly” dessanyndan bir parçany ýerine ýetirdi. Bu günki geçirilen döredijilik duşuşygy örän gyzyklylygy bilen tapawutlandy we talyp ýaşlaryň sungata bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzda şular ýaly halypalar bilen döredijilik duşuşygyny geçirmäge, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmäge, türkmen sungatyny dünýä ýaýmaga döredilip berilýän aýratyn şertler we giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin. ______________________ Aýläle Gulmuradowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANDA INDONEZIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

Täzelikler

18.02.2026

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Indoneziýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy berkitmek babatda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolliansýah Soemirat ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. _______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
AŞGABATDA ÄHLUMUMY SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA DIPLOMATIÝA BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOG ÖZ IŞINE BAŞLADY

Täzelikler

17.02.2026

16-njy fewralda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Bu giň möçberli forumyň guralmagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Okuw maslahaty häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek üçin netijeli platformany döretmäge gönükdirilendir. Ählumumy derejede üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwründe Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça başlangyçlary parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Çärä gatnaşyjylaryň ýokary wekilçilikli düzümi halkara bileleşigiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Syýasatçylary, lukmanlary we alymlary bir ýere jemlän halkara forum tutuş adamzadyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze mehanizmlerini işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilelikde guraýan forumyna iri halkara düzümleriň ýolbaşçylary, görnükli diplomatlar, sebitiň ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri, abraýly bilermenler gatnaşýarlar. Şeýle ähmiýetli çäräniň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmek boýunça işjeň ornunyň ykrarnamasydyr. Onuň açylyşynyň ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda we Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde yglan edilen Saglygy goramagyň ýylyna gabat gelmegi çärä aýratyn many berýär. Türkmen tarapynyň wekili foruma gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki döwrüň lukmançylyk ulgamynda ählumumy meseleleri çözmek üçin täze çemeleşmeleri talap edýändigini belledi. Bu gün saglygy goraýyş diňe bir hünär ulgamy däl-de, eýsem, daşary syýasatyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasyna halklaryň arasynda ynanyşmagy we raýdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde garaýar. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ähli başlangyçlary adamlaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. 2025-nji ýylda Türkmenistan saglygy goramagy ählumumy durnuklylygyň binýady hökmünde ykrar edip, “Geljegiň lukmançylygy-raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk” başlangyjyny işjeň öňe sürdi. Forumyň açylyş dabarasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň sebitleýin direktory Hans Klýuge hem çykyş etdi. Ol BSGG-niň tagallalaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty saglygy goraýşyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň bähbitlerine hyzmat etmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar. _________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
2025-nji ÝYLYŇ GÖRKEZIJILERI BOÝUNÇA ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABY SYLAGLANYLDY

Täzelikler

17.02.2026

16-njy fewralda ýurdumyzda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy. 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, ajaýyp özgertmelere, adam hakyndaky aladalara esaslanýan beýik işlere giň ýol açýar. Ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda gazanylýan ýokary derejedäki üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere tüýs ýürekden guwanýar. Garaşsyz Diýarymyzda her ýyl ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda iň gowy görkezijileri gazanmak ugrunda bäsleşigi guramak asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, geçen ýylda hem durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy etraby kesgitlemek boýunça degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçen 2025-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby hökmünde kesgitlenildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýeňiji bolan etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi. Bu waka ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şu mynasybetli guralan dabaranyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny ebedilik adyna ýazan Bitaraplyk şäherçesinde geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şäherçäniň medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada guralan dabara welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu ýerde gurnalan ak öýleriň töwereginde türkmeniň milli toý däp-dessurlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy, bagtyýar döwrümize bagyşlanan sungat eserlerini özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar. Medeniýet we sungat ussatlary, dessançy bagşylar joşgunly aýdym-sazlary bilen çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Köneürgenç etrabynyň zähmetkeşleriniň geljekde hem ähli yhlasyny we tagallalaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirjekdiklerine berk ynam bildirdi. “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. ________________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BSGG-niň ÝEWROPA SEBITI EDARASYNYŇ DIREKTORYNY KABUL ETDI

Täzelikler

17.02.2026

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň parahatçylyk, raýdaşlyk we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmek boýunça yzygiderli tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagyny gowşurdy. Şeýle-de ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzy 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi hem-de bu ýylyň Arkalaşygyň giňişliginde “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere we gazanylýan netijelere Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hans Klýugäniň Türkmenistana saparynyň dowamynda gatnaşjak «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly okuw maslahatynyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ilatyň saglygyny goramak esasy wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek boýunça netijeli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman saglyk öýleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, Arkadag lukmançylyk klasteri gurulýar. Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn iýmitlenmek, temmäkä garşy göreşmek boýunça işler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýola goýlan oňyn tejribeden ugur alyp, türkmen tarapynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýuge birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. ______________________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
MANYLY ÖMRÜŇ MERTEBE MEKDEBI

Täzelikler

16.02.2026

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen milli şekillendiriş sungaty uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistanyň dürli künjeklerinde muzeýleriň we Sergiler köşgüniň açylmagy, sergileriň ýygy-ýygydan geçirilip durmagy hem munuň aýdyň şaýadydyr. Sungat eserleriniň sergisi paýtagtymyzda we welaýat muzeýlerinde şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýygy-ýygydan geçirilip durulýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän sergileriň ýylyň dowamynda meýilnamasy düzülip, ol diňe bir baýramçylyklarda geçirilmän, eýsem adaty günlerimizde hem geçirilýär. Oňa mugallymlarymyzyň geçirýän şahsy sergileri hem mysal bolup biler. Mugallymlaryň geçirýän şahsy sergileri biziň talyplarymyzyň okuw we döredijilik işlerine öz täsirini ýetirýär. Çünki mugallymlarymyzyň döreden we sergilere hödürlän sungat eserleri talyp ýaşlarymyzyň gözýetimini giňeltmäge, olardan şekillendiriş sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenmäge uly itergi berýär. “Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýen jümläni özlerine tutaryk edinýän mugallymlar, talyplaryň okuw we döredijilik işleriniň kämilleşmegine, olaryň döwrebap sungat eserlerini döretmegine, döreden sungat eserleriniň dogruçyl beýan edilmegine aýratyn üns berýärler. Halypalarynyň berýän ündewlerine dogry düşünen we olaryň her bir sözüni özlerine nusga edinýän talyplarymyz yhlas bilen sungatyň inçe syrlaryny öwrenip, ajaýyp sungat eserlerini döredýärler. Olar öz eserlerinde türkmen tebigatynyň gözelliklerini, oba we şäher durmuşyny, günsaýyn ösüp barýan ýurdumyzyň ösüşlerini şekillendirip, olary sergileriň üsti bilen halk köpçüligine ýetirip durýarlar. Sergilere gatnaşýan we teleýaýlymlaryň üsti bilen halka ýetirilýän sungat eserleri her bir tomaşaçyda uly täsir galdyrýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/896.jpg) Şeýle sergileriň biri hem, şu ýylyň fewral aýynyň 14-ne geçirilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Kakageldi Gurbangeldiýewiň şahsy sergisidir. Kakageldi Gurbangeldiýew birnäçe ýyllardan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýär. Halypa mugallym akademiýada köpsanly şägirtleri ýetişdirdi. Onuň ýetişdiren şägirtleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýärler. Kakageldi mugallym 70 ýaş senesine bagyşlap “Manyly ömrüň mertebe mekdebi” atly uly sergi açdy. Sergide halypa magallymyň döwrümiziň ösüşleri we türkmen oba durmuşy bilen baglanşykly eserleri ýerleşdirilipdir. Halypanyň 1978-nji ýylda döreden türkmen milli oýny bilen baglanşykly “Göz daňdy”, oba durmuşy bilen baglanşykly 1984-nji ýylda döreden “Ýaz aladalary”, “Magtymguly halkyň arasynda”, 1985-nji ýylda döreden “Bahar”, 1988-nji ýylda döreden “Jiglerim”, 1989-njy ýylda döreden “Oba toýy”, “Hiňňildik” ýaly nakgaş eserleri sergä gelen tomaşaçylarda has-da täsir galdyrdy. Bu sungat eserleri biziň häzirki döwrümiziň ösüşlerini, halkymyzyň ajaýyp durmuşyny, tebigatymyzyň gözel künjeklerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny, il-ýurt bähbitli işlerini wasp edýär. Halypa suratkeşiň yhlas bilen döreden her bir sungat eserleri tomaşaçyda eziz Watanymyza, milli sungatymyza, gözel tebigatymyza, ajaýyp döwrümize bolan mähirli duýgyny we ruhubelentligi döredýär. Çünki ata-babalarymyzyň “yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýip belleýşi ýaly, yhlas bilen edilen iş ýerine düşýär. Çünki halypa mugallymlarymyz mydama gözelligiň gözleginde. Olar döwrümiziň ajaýyp waspçylarydyr. _______________________________________ Orazgözel Utomyşewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy