logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ EDERMEN KEŞBINI ESERLERINE SIŇDIREN USSAT ÝAZYJY

Täzelikler

03.03.2026

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda bellenilen iş meýilnamasy esasynda alym zenan, ussat ýazyjy Şirinjemal Geldiýewanyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli «Türkmen zenanlarynyň edermen keşbini eserlerine siňdiren ussat ýazyjy» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Bu baýramçylyk çäresi esasanam oňa gatnaşyjy talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar-watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Edebiýat meýdany - üstünden eýýamlaryň kerweni geçen giňişlik. Edebiýat maddy baýlyk däl-de, altyn-kümüş bilen satyn alyp bolmaýan ruhy hazynadyr. Edebiýatyň gymmaty hem şundadyr. Milli edebiýatymyzyň ýeten derejesine buýsanmak, ony ruhy mirasymyz deý aýawly saklamak mukaddes borjumyzdyr» diýip örän jaýdar belläp geçýär. Milli edebiýatymyzyň ösmeginde ýazyjy-şahyrlaryň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Şahyrana kalply, ylym dünýäsiniň ýol-ýodalaryna yzlaryny goýan ussat ýazyjy Şirinjemal Geldiýewanyň hem türkmen edebiýatynyň ösmegine goşant goşan ýazyjylaryň biridir. Çäräniň dowamynda ýazyjy Ş.Geldiýewanyň ömri we döredijiligi ýazan kitaplary, eserleri dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Şeýle hem çärä gatnaşan myhmanlar: ýazyjy zenan Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň mugallymy Bägül Annabaýewa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň «Miras» žurnalynyň, redaktory, Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Akgül Kaýumowa dagylaryň gatnaşmagynda Ş.Geldiýewanyň eserleri barada we ýakymly ýatlamalary hakynda söhbetler edildi. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Alym zenan, ussat ýazyjy Ş.Geldiýewa Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Rawnina şäherçesinde 1936-njy ýylyň 29-njy dekabrynda eneden bolýar. Orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ filologiýa fakultetinde okaýar. Ilki 1960-1962-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde edebi işgär bolup işleýär. Soň aspirantura okuwa girýär we ony tamamlap, 1967-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1991-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Ş.Geldiýewa ylmy kitaplaryň hem birnäçesiniň awtorydyr. Ş.Geldiýewa döredijilik işine hekaýa ýazmak bilen başlaýar. Ilkinji hekaýasy 1959-njy ýylda «Başagaýlyk» talyp ýyllarynda çap edildi. Soň onuň hekaýalary «Bahar buşlukçysy», «Ýodadan ýola», «Maýsa» ýaly ýaşlaryň ýygyndylarynda çap edildi. Soň ilkinji powesti 1975-nji ýylda «Leýli» ady bilen özbaşdak kitap görnüşinde neşir edilýär. Soňra onuň powestler we hekaýalar ýygyndylary: «Laçyn» (1978ý.), «Dirilik» (1981ý.), «Ulugyz» (1983ý.), «Yhlas» (1987ý), «Bosagada» (1990ý.), «Synag» (1995ý.) atlary bilen yzly-yzyna neşir edilýär. Ş.Geldiýewanyň eserleri gyrgyz, özbek, täjik, hakas dillerinde çap edilýär. Ýazyjy Ş.Geldiýewanyň eserleri esasanam ýaş oglan-gyzlara durmuşda, söýgi meselesinde öz taýyny tapmaga ýol salgy berýär. Onuň eserlerini okanyňda tebigata bolan garaýşyny, tebigatyň gözelliginden alýan lezzetini öz eserlerine siňdirendigini duýmak bolýar. Şirinjemal Geldiýewanyň ýazan eserleriniň aglaba böleginde iň möhüm öňe sürýän meselesi zenanlaryň edep-ekramy, ar-namysy, päk söýgüde wepadarlyk we zenan mertebesi bolup durýar. Onuň ýazan powestleri esasynda «Miras» radioýaýlymy arkaly birnäçe radio oýunlary döredildi we häzirki günlerde hem halkymyz tarapyndan uly lezzet bilen diňlenýär. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Maral NURYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

03.03.2026

2-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

No image
HALK SAZYM – ÝÜREK OWAZYM

Täzelikler

02.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary biz ýaşlary diýseň buýsandyrýar. Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde «Halk saz gurallary» kafedrasynyň talyplarynyň arasynda «Halk sazym – ýürek owazym» atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşigiň I tapgyrynda 9 sany topar ýykyş etdiler. Olar: uly mugallymy Halow Muhammetkulyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Altyn Asyr», mugallym Ýagşymyrat Täjimuradowyň ýolbaşçylygyndaky «Joşgun», uly mugallymy Aýjemal Jumaýewanyň ýolbaşçylygyndaky «Bagtyýarlyk mukamy», uly mugallym Ýakupmyrat Sytdyhowyň ýolbaşçylygyndaky «Owaz», uly mugallym Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky «Şirwan», uly mugallym Muhammet Gapurowyň ýolbaşçylygyndaky «Miras», mugallym Baýramgül Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky «Mukam», mugallym Rahymberdi Hojageldiýewiň ýolbaşçylygyndaky «Galkynyş», we mugallym Irina Şelehowanyň ýolbaşçylygyndaky «Ýaşlyk» toparlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda halk saz gurallaryndan düzülen ansambl toparlary özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň I tapgyrynda her ansambl häsiýeti boýunça dürli görnüşde iki sany eserlerini ýerine ýetirdiler. Ýagny, 1-nji ýerine ýetirilen eser türkmen kompozitorlarynyň eseri, 2-nji eser bolsa ansambl toparynyň özüne laýyklykda saýlan eserini ýerine ýetirdiler. Emin agzalarynyň netijeleri boýunça I tapgyrda iň gowy çykyş eden ansambl toparlar II tapgyra geçirildi. Olar: «Miras», «Mukam», «Ýaşlyk», «Galkynyş», «Şirwan» hem-de «Owaz» toparlary II tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bäsleşigiň II tapgyrynyň şerti boýunça ansambl toparlary konsert eserini ýa-da ýerine ýetirilişi boýunça we tehniki tarapdan çylşyrymly eserler boýunça bäsleşdiler. II tapgyrda «Miras» topary türkmen halk sazy «Durdy bagşy», «Mukam» topary S.Oganesýanyň «Fantaziýa №1», «Galkynyş» topary A.Piazzollanyň «Escualo», «Şirwan» topary A.Wiwaldiniň «Tomus» II–III bölümleri, hem-de «Owaz» topary Hamid Wekilow «Konsert» eserleri boýunça çykyş etdiler. Bäsleşikde emin agzalarynyň netijelerine görä I oruna «Owaz» we «Ýaşlyk» toparlary, II oruna «Şirwan» we «Galkynyş» toparlary, III oruna «Mukam» we «Miras» toparlary baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Bäsleşigiň netijeleri beýan edilenden soňra, ýeňiş gazanan ansambl toparlaryň ýolbaşçylary we gatnaşan ähli talyplar ýadygärlik surata düşdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlaryň kämil derejede ylymly-bilimli bolmagy, öz zehinimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin edýän atalyk aladalary üçin sagbolsunymyzy aýdýarys. Osman SAPARGELDIÝEW Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» fakultetiniň V ýyl talyby

No image
TALYP GÖZELI – 2026

Täzelikler

02.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda zenanlarymyza, ene-mamalarymyza, uýalarymyza uly hormat, sarpa goýulýar. Her ýylyň 8-nji mart güni «Halkara zenanlar baýramyny» uludan bellenilip geçilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem Halkara zenanlar güni mynasybetli «Talyp gözeli – 2026» atly talyp gyzlaryň arasynda gözellik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda çykyş eden talyp gyzlar ýörite meýilnama boýunça dürli tapgyrlar boýunça bäsleşip, özleriniň ugurtapyjylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, milli ýörelgelerimiz, milli el işlerimiz boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat bolup gatnaşan talyp gyzlaryň ählisi hem üstünlikli çykyş etdiler. Şeýlelikde, emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda ÝOM-niň arasynda geçiriljek «Talyp gözeli – 2026» atly jemleýji tapgyryna «Bagşy» hünäriniň I ýyl talyby Bägül Döwletmyradowa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we ýadygärlik sowgatlar uly dabara bilen gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp kalplaryndan çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Aýläle GULMURADOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa” hünäriniň II ýyl talyby

No image
SUNGAT ÄLEMINIŇ BAHARY

Täzelikler

02.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara we şanly senelere beslenýär. Ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. 2-nji martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Sungat äleminiň bahary» atly zenan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Bu sergidäki eserlerde Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň köpdürliligi we milli medeniýetimiziň döwrebap öwüşgünleri görkezilýär. Zenan nakgaşlaryň eserlerinde açyk ýagty reňkler bilen halkymyzyň taryhy, däp-dessurlary we tebigatymyzyň gözelligi beýan edilipdir. Bu suratlaryň köpüsinde türkmen zenanlarynyň milli lybasly keşpleri esasy orunda durýar. Gelin-gyzlaryň geýen gyrmyzy donlary, nepis keşdelenen ýakalary we kümüş şaý-sepleri örän aýdyň şekillendirilipdir. Haly dokap oturan ýa-da keşde çekip oturan zenanlaryň keşpleri gündelik durmuşdan alnan pursatlary şekillendirip, el hünärlerimiziň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende galdyrýar. Çünki ene-mamalarymyzdan gelýän halyçylyk we keşdeçilik sungaty häzirki wagtda hem özüniň gymmatyny saklap gelýär. Sergide güllere we tebigata bagyşlanan eserler bahar paslynyň gözelligini wasp edýär. Aýratyn-da bägülleriň, çigildemleriň, irisleriň, çopantelpekleriň we beýleki gülleriň şekillendirilişi örän janly görünýär. Reňkleriň sazlaşygy we öwüşgünleri suratlara özboluşly göwrüm berýär. Ogulnäzik Geldiýewanyň «Türkmen gözeli» atly eseri kagyzyň ýüzünde suwly boýaglar bilen ýerine ýetirilip, birinji meýilnamada başy gupbaly milli lybasly türkmen gyzynyň keşbi şekillendirilipdir. Narly bagyň saýasynda duran gyzyň keşbi, tebigatyň eçilen nygmatlarynyň, bereketli türkmen topragynyň nyşanydyr. Bu sergide nakgaşlyk eserlerinden başga-da, elde dokalan milli torbalar we haly önümleri, gobelenler, zergärçilik şaý-sepleri, külalçylyk güldanlary, dizaýn taslamalar, zenan lybaslary hem görkezilipdir. Bu bolsa sungatyň dürli görnüşleriniň özara sazlaşygyny döredýär. Zenan mugallymlaryň we talyp gelin-gyzlarynyň döredijiligini şöhlelendirýän bu ajaýyp sergi milli gymmatlyklarymyzyň we bahar paslynyň özboluşlylygyny, ene mähriniň ýylylygyny çeperçilik taýdan suratlandyryp, her bir tomaşaçyda ýakymly täsirini galdyrýar. Hallygözel Muhammedowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ GURLUŞYGYNYŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

Täzelikler

02.03.2026

28-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler batly depginde dowam etdirilýär. Bu tapgyrda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýar.

No image
BILDIRIŞ !

Täzelikler

27.02.2026

2026-njy ýylyň Mart aýynyň 2-ne sagat 15:00 Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Sungat äleminiň bahary» atly zenan mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň sergisi açylýar. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zenan mugallymlarynyň we talyp gelin-gyzlarynyň döreden nakgaş, grafika, dizaýn, haly, gobelen, zergärçilik, külalçylyk eserleri görkeziler.

No image
MEDENIÝET WE YLYM JEMGYÝETIŇ RUHY BAÝLYGYDYR

Täzelikler

27.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ,,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri’’ ady bilen 3-nji tom kitaby bilen tanyşdyryş dabara we aýdym-sazly çäre geçirildi. Eziz Diýarymyza şan-şohrat, il günümize bagtyýarlyk getiren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň çar ýanynda döwlet derejesinde gürnalýan baýramçylyk dabaralary halkymyzyň agzybirligini we geljege bolan uly ynamyny alamatlandyrylýan ajaýyp pursatlara beslenip ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylyna gadam basylmagy ýurdumyzda täze ösüşleriň, parahatçylygyň we rowaçlygyň buşlyçyksy hökmünde giňden dabaralynýär. Kitabyň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen taryhynyň iň ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Bu döwür–Watanymyzyň şanly geljeginiň döwri, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdymyzda jemgyýetiň syýasy ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýandygy barada netijeli maslahat etdiler. Dabaranyyň dowamynda mekdep okuwçylary Gülälek Gurdanmuhammedowanyň, Jelil Täjowyň, Aýjemal Hojamgulyýewanyň, Rahman Şohradowyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy eziz Diýarymyzy wasp edýän aýdym–sazlary bilen röwşen geljege uzaýan ak ýollara halkymyzyň, bagtyýar durmuşyny dowamata besläp çäräni tamamladylar. Goý, 2026-njy ýyl her bir maşgala agzybirlik rowaçlyk getirsin. Halkymyzy eşretli zamanada ýaşatmak ugrunda uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun.

No image
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NETIJELI DUŞUŞYKLAR

Täzelikler

24.02.2026

23-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň başlygy Edwardas Bumsteinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitiniň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyna üns çekildi. Taraplar şu barada aýdyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Myhmanlaryň ýurdumyza iki günlük saparynyň maksady Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça jemleýji gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr. Wekiliýet agzalarynyň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bolan duşuşygynda geçen ýylyň dowamynda hem-de şu ýyl ministrlik tarapyndan degişli ylalaşygyň taslamasyna birnäçe gezek garalandygy hem-de taslama boýunça garaýyşlaryň beýan edilendigi nygtaldy we şu saparyň çäklerinde bu ylalaşygyň gutarnykly görnüşiniň ylalaşylmagyna umyt bildirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ileri tutulýan ugurdan ybarat. Şolaryň biri ulag ulgamynda, mysal üçin, Hazarüsti ulag geçelgesini maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek bilen baglydyr. Hazarüsti ulag geçelgesiniň döredilmegi Merkezi Aziýa we Ýewropa döwletleriniň ulag boýunça arabaglanyşygyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, häzirki wagtda SPECA maksatnamasynyň çäklerinde bu geçelgäni sanlylaşdyrmak babatda “Ýol kartasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygy aýdyldy. Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýene bir ugry sanly ulgamy öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde sanly özgertmelere aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Energetika, suw hojalygy ulgamyndaky taslamalar hem möhüm maýa goýum taslamalarydyr. Şoňa görä-de, duşuşykda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine üns çekilip, Türkmenistanda bu ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Ýewropa banklarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna we täze başlangyçlara gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri bar. ______________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI

Täzelikler

24.02.2026

23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, topar tarapyndan geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak bilen berk baglanyşyklydyr. Mejlise gatnaşyjylar hasabat döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, döwletiň kanunçylyk ulgamyny pugtalandyrmak babatda birnäçe çäreleriň durmuşa geçirilendigini bellediler. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk, adamyň we raýatyň abadançylygy ugrunda çykyş edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de adam hukuklaryny üpjün etmegiň hukuk we guramaçylyk-tejribe çäreleriniň toplumy bilen baglanyşyklydyr. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren halkara başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi baradaky tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek teklibi parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda wajyp ädimdir. Pudagara toparyň agzalary ýurdumyzyň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adam hukuklarynyň, ynsanperwer hukugyň ileri tutulmagyna esaslanýan halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri amala aşyrmakda geljekki işleriň esasy ugurlary barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri we beýleki halkara guramalaryň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar. Pudagara topar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işi alyp barýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijileri ilatyň bagtyýar, abadan durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmekden, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda raýatlaryň mynasyp zähmetini guramak boýunça anyk strategik wezipeler kesgitlenendir. Bu wezipeleri netijeli amala aşyrmakda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda zähmeti innowasion esasda guramak wajypdyr. Kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde zähmeti guramak we goramak çykyş edýär. Bularyň hemmesi raýatlaryň intellektual ukyplaryny netijeli durmuşa geçirmek üçin zähmeti ylmy hem-de innowasion esasda guramaga gönükdirilendir. ________________________________ «Türkmenistan» gazeti