logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Toý – dabaraň dünýä ýaňdyr Diýarym!

Kitaphanalar

16.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Toý-dabaraň dünýä ýaňdyr Diýarym!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, şanly Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan ägirt uly üstünlikler,eziz Watanmyzyň ähli ugurlardaky ýagny biziň ykdysadyýetimizde, milli medeniýetimizde we sungatymyzda , ylymda-bilimde, saglygy saklaýyşda, binagärlikde, halkara gatnaşyklarynda ýeten derejeleri hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk, şu uly baýramçylyga bagyşlanyp geçirilýän dürli baýramçylyk dabaralary hakynda gürrüň etdiler. Öz bilşimiz ýaly, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan dost-doganlyk, ynsanperwer syýasaty dünýä dolýar. Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen öz söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany ýyly

Kitaphanalar

16.07.2026

Türkmen döwlet maliýe instituty we Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Hyzmat ediş” bölümi, “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at myradyň mekany ýyly” söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygynda has- da ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, täze senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi, eksport mümkinçilikleri artdyrylmagy hem-de maýa goýumlaryň giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly goşant goşýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri täze mazmun bilen başlaýar. Bu ýylda amala aşyrylýan giň gerimli işler Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň hem- de milli gymmatlyklarymyzyň dabaralanýandygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň, medeniýetiň we kitaphana ulgamynyň ösüşi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikler arzuw edilidi.

No image
Türkmeniň buýsanjy, behişdi bedew

Kitaphanalar

16.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmeniň buýsanjy, behişdi bedew» ady bilen Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, şol sanda atçylyk we seýisçilik sungaty bilen bagly bolan ajaýyp däp-dessurlaryny dikeltmek, ösdürmek we yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bagtyýar zamanamyzda toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün däl bedewlerimiziň at-owazasy äleme ýaň salýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Täze gelen kitaplara syn

Kitaphanalar

16.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri atly kitabyny giňişleýin gürrüň berdiler. Synyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Türkmen halk matallary

Kitaphanalar

16.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 111-nji çagalar bakja-bagynda körpejeler bilen “Türkmen halk matallary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, tapmaçalar, nakyllar, ýaňyltmaçlar aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi. Birnäçe ertekili kitaplar, tapmaçalar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri bilen çagalaryň arasynda labyzly okalan ertekilerden, tapmaçalardan sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap,ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphanaçylaryň ýürek buýsanjy

Kitaphanalar

16.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda “Türkmenistan sporty” teleýaýlymynyň “Sport üstünligiň menzili” gepleşiginde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ýurdumyzyň ösüşlerini-özgerişlerini, kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler hakynda hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphanaçylar bilen ýazgy edildi. Kitaphana hünärmenleri “Türkmenistan sporty” teleýaýlymynyň “Sport üstünligiň menzili” gepleşiginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny mynasyp garşylamak, ýurdumyzyň gazanýan beýik üstünliklerini giňden wagyz etmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar

No image
Kitaphana hünärmenleriniň ýürek buýsanjy

Kitaphanalar

16.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşiginde kitabyň ähmiýeti, peýdasy, çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyllardyr matallarda kitabyň mukaddesligi öňe sürülýändigi barada çykyş etdiler. Kitap ýazmaklygyň möhüm bolşy ýaly, kitaby halk köpçüligine ýetirmek hem möhüm bolup durýandygy, häzirki wagtda kitaphanalaryň, kitaplaryň satylýan ýörite kitap dükanlarynyň halkymyza giňden hyzmat edýändigi barada kitaphanaçylar bilen ýazgy edildi. Kitaphana hünärmenleri “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşiginde kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Körpeleri çagalar edebiýaty bilen tanyşdyrmak

Kitaphanalar

15.07.2026

Aşgabat şäherinde ýerleşýän 111-nji çagalar bakja – bagynda ,,Körpeleri çagalar edebiýaty bilen tanyşdyrmak’’ ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen bilelikde söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri tarapyndan çagalary gyzyklandyrýan ertekiler, tapmaçalar, nakyllar we çeper okaýyş gurnaldy. Bu bolsa çagalarda kitap okamaga bolan höwesini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Magtymguly sözlär tili türkmeniň

Kitaphanalar

15.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan çeper okaýyş geçirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly dana şahyrymyzyň ajaýyp döredijiligi barada täsirli gürrüňler açýan ajaýyp kitapdan bölekleriň okalmagy ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň dürli künjeginden dynç alyşyny sapaly geçirmäge gelen körpejelerimiz akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan we labyzly ýerine ýetirdiler. “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde geçirilen bu çärämizde dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hem-de onuň goşgularynyň nesil terbiýesinde tutýan orny hakynda söhbetler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar beýik akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasyny dünýä ýaýyp öwrenmeklige ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýtdylar.

No image
Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri

Kitaphanalar

15.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-habar beriş we sowal jogap bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Demirýolçy” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” atly göçme kitap sergisini we söhbetdeşligini çagalar topary bilen geçirdi. Sergide çykyş edenler berkarar Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesillerimiz hakynda hemme taraplaýyn alada edilýändigini, olaryň döwrebap bilim terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine eýerip, zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ähli şertler döredilýändigini beýan etdiler. Mähriban ýaşlarymyz ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag-jogap alşyldy. Kitap sergisine gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.