logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Şanly toýuň joşguny

Kitaphanalar

10.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Şanly toýuň joşguny» ady bilen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mähriban halkymyzyň aýdyň geljegine we her bir raýatyň ajaýyp durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ornunyň bardygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýän wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda şu günki bagtyýar durmuşymyzyň, nurana geljegimiziň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitap ruhy hazyna

Kitaphanalar

10.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölümi we Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin kabul edilen Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Gökdere çagalar dynç alyş we sagaldyş zolagynda ýerleşýän “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap ruhy hazyna” atly göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik gurnady. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Bagtyýar çagalaryň rahat dynç alyp, kitap okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly aladalar edilýär diýip, giňişleýin gürrüň etdiler. Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli,daşary ýurt dillerindäki ertekiler birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelen dynç alyş merkezindäki çagalar özlerine gerek maglumatlary tapyp uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag - jogap alşyldy, aýterek-günterek oýunlar oýnaldy. Çagalarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il–ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Türkmen halk ertekileri esasynda ertekilerdäki söýgüli gahrymanlarymyz

Kitaphanalar

10.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 187-nji çagalar bagynda «Ertekilerdäki söýgüli gahrymanlarymyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli nesiller bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerinde dost-doganlygy, edermenligi, adalatlylygy, ugurtapyjylygy we jomartlygy wasp edilýän asylly sypatlary, ösüp gelýän ýaş nesillere ündediler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpe nesillerimiziň okap, bilimli–ylymly geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Akyldar şahyra sarpa

Kitaphanalar

10.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby esasynda «Akyldar şahyra sarpa» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler akyldar şahyryň il-günümize miras goýýan şahyrana hazynasy türkmeniň ruhy daýanjy bolup, islendik halkyň wekiliniň kalbyny gülzarlyga besleýändigi, onuň edebi mirasynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň bütin dünýäde ykrar edilýändigini belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi, ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň ýaş nesilleri terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiriniň örän uludygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly–dünýäniň akyldary” atly kitabynda beýik şahyrymyzyň şygyrýet älemi özüniň köptaraplylygy, many-mazmunyna baýlygy, ýokary çeperçiligi bilen ynsanyň kalbynda baky orun alýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Arkadagyň eserleri ýaşlara görelde

Kitaphanalar

09.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi, Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi bilen bilelikde Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Altyn sümmül” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Arkadagyň eserleri ýaşlara görelde” atly göçme kitap sergisini we söhbetdeşligini çagalar topary bilen geçirdi. Sergide çykyş edenler berkarar Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesillerimiz hakynda hemme taraplaýyn alada edilýändigini, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine eýerip, zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ähli şertler döredilýändigini beýan etdiler. Mähriban ýaşlarymyz ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag-jogap alşyldy. Kitap sergisine gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Garaşsyz Watanymyz baky gül açýar

Kitaphanalar

09.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy,Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyz Watanymyz baky gül açýar” ady bilen döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, ”Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrlan 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan Dabaraly mejlisde öňe goýulýan möhüm wezipeler hakynda giňişleýin söhbet etmek bile, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynyň içinde ähli ugurlarda gazanylan asyrlara barabar ösüşler hakynda durup geçdiler. Öz bilşimiz ýaly,bu gün Garaşsyz, baky Bitarap, Türkmenistan Watanmyzyň dost-doganlyk, ynsanperwer syýasaty dünýä dolýar. Çykyş edenler, bular barada giňişleýin nygtamak bilen öz söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Geliň aýdym aýdalyň

Kitaphanalar

09.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi 102-nji çagalar bakja bagynda “Geliň aýdym aýdalyň” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurady. Çagalar bakja bagynda guralan sergidäki kitaplar, ertekiler çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphanaçylaryň okap beren ertekilerini çagalar uly höwes bilen diňlediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabyndan

Kitaphanalar

09.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly bu ajaýyp eserinde türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, türkmenlerde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň döreýişi hem-de ýaýraýşy, Oguz han döwründen miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada kitapdan okap berdiler. Şeýle-de bu eser halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi bolup durýandygy hakynda belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri kitaby esasynda

Kitaphanalar

09.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde okuw-tejribeçilik sapaklaryny geçýän talyplarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde taryhymyzy, edebi mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitabynyň ylmy-filosofik eseriniň many-mazmunynda türkmen halkynyň asyrlarboýy döredip gelen halk döredijiliginiň esasy ugry bolan rowaýatlaryň we nakyllaryň aýratyn ornunyň bardygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesilleri ýokary ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer, adamkärçilikli ýaşlar edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyza gymmatly eserlerini peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Türkmeniň buýsanjy behişdi bedew, şanly toýuň mübärek Garaşsyz Watan!

Kitaphanalar

09.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmeniň buýsanjy behişdi bedew, şanly toýuň mübärek Garaşsyz Watan!» ady bilen Jemgyýetçilik guramalaryň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler iýul aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlise gatnaşyp, özlerinde galdyran ýakymly täsirleri barada söhbet etdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän uly taýýarlyklar dogrusynda gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyza ajaýyp zamanany peşgeş beren, ýurdumyza bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.