logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Medeniýet sözünden döwür gülleýär, medeniýet sözünden ömür gülleýär

Kitaphanalar

23.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet sözünden döwür gülleýär, medeniýet sözünden ömür gülleýär» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmeniň milli medeniýetiniň, sungatynyň has-da pajarlap ösmeginde giň mümkinçilikleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de medeniýet ýurduň ruhy keşbini, gözelligini, özboluşlylygyny özünde jemleýändigi, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan söýgüsiniň waspyny ýetirýändigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimize we sungatymyza beýik sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Medeniýet – halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi

Kitaphanalar

23.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde «Medeniýet – halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köpöwüşgünliligini aýdyň açyp görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de medeniýet milletiň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen maddy, ruhy gymmatlyklarynyň we kadalarynyň toplumy bolup, geljekki nesilleriň ruhy-ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalaryň edilýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, şeýle hem many-mazmuna ýugrulan birnäçe kitaplar ýerleşdirildi bu bolsa, çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Seýitnazar Seýdi – watançy şahyr!

Kitaphanalar

23.06.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynyň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda “Seýitnazar Seýdi-watançy şahyr” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige welaýatymyzyň göreldeli, öňdebaryjy medeniýet işgärleri, görnükli şahyrlarymyz, döredijilik bilen meşgullanýan edebi-mirasymyzy öwrenýän alymlarymyz gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen nusgawy edebiýetynda harby watançylyk lirikasynyň ussady Seýitnazar Seýdiniň ömri we döredijiligi,şahyr bilen baglanyşykly täze tapyndylar barada gyzykly we täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Watan üçin çykdym Gyrat üstüne” atly giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. Çykyş edenler we çärä gatnaşyjylar medeniýet ulgamynda döredijilikli zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kitap – ruhy baýlyk

Kitaphanalar

23.06.2026

Şeýle ajaýyp ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän kitaphanalar adamzadyň danyşmentliginiň ösmegine, jemgyýetde onuň kitaplara bolan isleglerini has-da artdyrmakda wagyz işlerini alyp barýar. Kitaphanalar ýurduň kitap baýlygyny toplamaga we olardan peýdalanmaga, şol toplanan ruhy hazyna arkaly döwletiň berkemegine, onuň durmuş ykdysady ösüşine bilimiň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ýokary basgançaklaryna galmaklaryna ýardam edýär.Ynsan ömrüniň zerur mukaddesligine çäksiz hormat goýup, onuň Aly Hezreti kitaby özüne hemişelik ýaran edinen hormatly Prezidentimiz täze döwrüň ruhy baýlygyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär we kitap kerweniniň, akyl gämisiniň şu günki hem geljekki nesillerimize mynasyp hyzmat etmegi üçin döwlet derejesinde uly işleri durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ösen medeniýetli, ýaşlaryň terbiýeli, geljekde ýurduň ykbaly ynanyljak mynasyp nesiller bolup ýetişmeklerinde, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim – paýhaslaryndan dörän ruhy gymmatlyklary möhüm ähmiýete eýedir. Biz kitaphana işgärleri uly buýsanç bilen bu döwletli kitaplary ýüzümize sylyp, atalaryň Akyl sandyklaryndan parasat dürdänelerini her bir türkmen perzendine serpaý edýän, gudratly sözüň güýji bilen ynsanlaryň kalbyna ýol salýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, janlarynyň sag, başlarynyň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris.

No image
Medeniýet hepdeligi–milli sungatymyzyň rowaçlygy

Kitaphanalar

23.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet hepdeligi–milli sungatymyzyň rowaçlygy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýleki ulgamlar bilen birlikde medeniýet ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyp kämilleşdirilýändigi, bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň üstünligi, medeniýet, sungat işgärleriniň döredijilik başlangyçlarynda öz beýanyny tapýandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de toý-baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň täze öwüşgine eýe bolup, ýurdumyzyñ Medeniýet we sungat işgärlerine döredijilikli zähmet çekmekleri üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan birnäçe şirin owazly aýdymlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Talyplaryň ýaşlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan döredijilik sergisi

Täzelikler

23.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. 2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli talyp ýaşlaryň döredijilik eserleriniň sergisi geçirildi. Bu sergide türkmen halkynyň baý medeniýetini hem-de taryhyny açyp görkezýän eserler görkezildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bardyr.

No image
Kitaphana - paýhaslar ojagy

Kitaphanalar

23.06.2026

Ynha şu günler ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň hemde Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni uludan toýlanýar. Ynsanyň ruhy dünýäsiniň genji hazynasy mukaddes kitap we kitaphanalar hakynda söhbet edilende ilki bilen Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda döwlet derejesinde örän uly işler edýändigini guwanç bilen aýtmak bolar. Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029–njy ýyllary üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Häzirki wagt-da welaýatymyzyň kitaphanalarynda meýilnama laýyklykda ýerlerde çagalara, ýaşlara, maýyplygy bolan adamlara, pensiýa ýaşyndaky adamlara kitaphana hyzmaty boýunça işleri alnyp barylýar. Kitaphana işiniň kämilleşmegi, okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak, okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak, kitaphanalarda işi döwrebap guramakda welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwrebap, ähli amatlyklary bolan, dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan kitaphanamyzda okyjylarymyzyň ylym-bilim almaklyga, alan bilimlerini kämilleşdirmeklige isleglerini, talaplaryny öwrenip, döwrelaýyk hyzmatlar edilýär. Kitaphanamyzyň kitap gaznasy täze çap edilýän kitaplar we beýleki neşirýat önümleri bilen, her bir okyja elýeterli bolar ýaly yzygiderli Galkynyş kitap merkezi tarapyndan doldurylyp durulýar. Katalog, kartotekalaryň, dürli maglumatlaryň üsti bilen kitap gaznasynyň mazmuny giňden açylyp görkezilýär, okyjylara hyzmat etmekligiň usullary has-da kämilleşdirilýär. Kitaphanada meýletinçiler toparynyň agzalary bilen meýilnamalaýyn işleri yzygiderli alynyp barylýar, olary höweslendirmek boýunça minnetdarlyk haty we sowgatlar bilen sylaglaýarys. BEKU – ulgamyna okyjylary, gaznadaky edebiýatlary ýüklemek, kitaplary skaner etmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri usuly iş kömeklerini bermek, ýerlerde işleriň gidişini seljermek maksady bilen şäher, etrap kitaphanalaryň we olaryň şahamçalarynyň ählisinde iş saparynda bolýarlar. Olaryň arasynda tiz-tizden okuwlary we okuw maslahatlary geçirýärler.

No image
Medeniýet hepdeligi

Muzeýler

23.06.2026

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň nakgaşçylyk we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen ajaýyp göçme sergisini gurady. Baýramçylyga bagyşlanyp gurnalan sergide halypa suratkeşler Aýhan Hajyýewiň, Çary Amangeldiýewiň, Annadurdy Аlmämmedowyň, Annamämmet Hojanyýazowyň, Nyýazmyrat Dowodowyň hem-de Durdy Baýramowyň eserleri öz beýanyny tapdy. Bu eserler dabaralara gatnaşan her bir myhmanda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrdy. Türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi uly ähmiýete eýedir.

No image
Ertekiler dünýäsi

Kitaphanalar

23.06.2026

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bagynda “ Ertekiler dünýäsi ” – atly çeper okaýyş geçirdi. Kitaphananyň hünärmeni çagalara türkmen halk ertekilerden “ Akpamyk ” , “ Jelulym, belulym ”, “ Mämetjan ”, “Ejekejan” ,”Japaklar” , “Tazy we tilki” , “Boýy bir garyş, sakgally iki garyş”, ýaly eserleri okap berdi. Çagalar türkmen halk ertekilerini uly höwes bilen diňlediler. Soňra hünärmenimiz bilen çagalar arasynda gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Arkadag şäheri-bagtyň şäheri

Muzeýler

23.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilýän Arkadag şäheri şeýle ajaýyp işleriň anyk subutnamasydygy barada Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi. Oňa Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy, ýaş alymlar bäsleşiginiň ýeňijisi Jumageldi Salamow, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Myrat Goşaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni Aýjemal Rahymowa, Aşgabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Çagalar we ýetginjekler gigiýena bölümçesiniň 1-nji kämillik derejeli sanitariýa lukmany Dünýägözel Hojamyradowa şeýle hem Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň usuly-kitaphana bölüminiň müdiri Gülälek Garajaýewa dagylar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher aýratyn hukuk derejesiniň berilendigi barada, bu “akylly” şäheri gurmak pikiri we onuň döwletimiziň syýasy kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigi barada çykyşlar edildi. Şeýle hem şäheriň gurluşyklarynyň taslamalary we onuň smart ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylanda, bu işlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň çekilendigini, häzirki döwürde ýaşlara Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere gatnaşmak we ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini barada söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.