TÜRKMEN ŞAÝ-SEPLERI GÖZELLIGIŇ BEZEGI
Kitaphanalar
06.02.2026Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Türkmen şaý-sepleri gözelligiň bezegi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesi esasynda toplanan milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýändigini, eli hünärli ata-babalarymyzyň amaly-haşam sungatynyň zergärçilik ugruny kämil derejä ýetirip bu ugurda halkyna nusga alarlyk miras goýandyklary barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen zergärleri halkyň gadymy we kämil nusgasyna degişli bolan gelin-gyzlaryň bezeg şaýlaryna özleriniň ýagşy umyt- arzuwlaryny, çeper pikirlerini we yhlaslaryny siňdirendikleri barada hem aýdyp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak ugrynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.