HABARLAR


Milli mirasymyz - egsilmez hazynamyz

Medeni miras

15.09.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda, Maddy däl medeni miras müdirliginiň gurnamagy esasynda, 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda sagat 10.00–11.00-da Balkanabat şäheriniň, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde senetçileriň sergisi we maslahat geçirildi.

LEBAPLY KEŞDEÇILER BÄSLEŞDILER

Medeni miras

14.09.2023

Ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Goşa çynar» toý-dabaralar merkezinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy hem-de türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň,

«Amul — Merw» şahamçanyň ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň sanawyna goşulmagy

Medeni miras

17.08.2023

«Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti Türkmenistanyň Milli toparynyň ÝUNESKO işleri boýunça jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň Bütindünýä millilikleriniň sanawyna girjek ýurduň dürli taryhy we medeni obýektlary barada gürrüň berendigini habar berýär.

ALABAÝ TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYGYDYR

Medeni miras

16.08.2023

Pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzyň ýokary derejede sarpalanýan zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň döreýiş we ösüş taryhyny, özboluşly milli aýratynlyklaryny, terbiýeçilik we umumadamzat ähmiýetini öwrenmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler täze rowaçlyklara beslenýär.

ENE GÖRELDESI - NESIL ÝÖRELGESI

Medeni miras

15.08.2023

Milletimiziň käbesi Ogulabat eje özüniň bütin ömrüni il-ýurduna, mukaddes ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden mähriban Ene. Onuň watansöýüjili, ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi, maşgala mukaddesligine wepadarlygy, el işlerine ussatlygy biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdep.

SAHAWATYŇ ÇEŞMESIDIR SAÇAGYM

Medeni miras

10.08.2023

Saçak türkmeniň rysgal-bereket gymmatlygy. Sahawatly halkymyz saçak ýazyp, supra ýaýan halk. Menzilleri külterläp gelen taryhy ýolumyzda saçak taýýarlamak senetçiligi hem giň gerime eýe bolupdyr. Her bir maşgalanyň öýüniň bereketiniň mukaddes nyşany hasaplanylýan saçaklaryň dürli görnüşleri taýýarlanypdyr. Mata saçaklar düýe ýüň saçagyň içinden çörekleri dolap goýmak üçin tikilip taýýarlanypdyr.

Çaý barada

Medeni miras

03.08.2023

Türkmeniň gadymy däp dessurlarynyň biri onuň myhmansöýüjiligidir. Elmydama öýe myhman gelende onuň öňüne saçak ýazylyp, çaý hödür edipdirler. Çaýyň dürli-dürli görnüşleri bolup, ol dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden ulanylýar.

Türkmen alabaýy

Medeni miras

01.08.2023

Türkmenleriň ata-babalarynyň mukaddes “Awesta” kitabynda “Widewdat” bölüminiň tutuş iki baby ( “Jaýlanan däp-dessur” we “It”) tutuşlygyna itlere bagyşlanandyr. “Awestada”şeýle diýilýär: “Eý, Zaratuştra, men Ahura - Mazda, öz egin-eşigimi geýnen, aýakgabymy geýnen, günümi uklaman geçirýän, ýiti, ötgür dişli, dünýäni goramak üçin adamyň paýyny alan iti döretdim”.

Nusgalyk gymmatlyk

Medeni miras

28.07.2023

Türkmen zenanlarynyň gadymdan bäri meşgullanyp gelen hünärmentçilik senetleriniň biri ýüpekden taýýarlanýan önümleri öndürmekdir. Ýüpek ketenilere halkyň islegi hemişe uly. Ýüpek matalar we ýüpek bilen nagyşlanan geýimler hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýär. Şeýle bolansoň türkmen zenanlarynyň hünärmentçilik işleriniň arasynda dürli görnüşli ýüpek matalary dokamak dowam edip gelýän senetleriň biridir.

ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY

Medeni miras

26.07.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Arkadagymyzyň nusgalyk ýolundan ýöräp, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerine uly üns bermegi bizi diýseň buýsandyrýar. Milli mirasy öwrenmekde, halypa-şägirtlik mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň millilige ýugrulan kitaplary bize ebedi mekdepdir.