TÜRKMEN HALKYNYŇ ARKADAGYNYŇ HORMATYNA BAÝRAMÇYLYK KONSERTI
Täzelikler
30.06.202229-njy iýunda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi. Bu dabara halkara jemgyýetçilikde uly abraýa mynasyp bolan, adamzadyň ählumumy meselelerini çözmekde işjeň orny hem-de täzeçil çemeleşmeleri bilen tanalýan, häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli döredijilik sowgady boldy.