logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«KITAP PAÝHAS ÇEŞMESI» ATLY SORAG JOGAPLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

13.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde. Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda «Kitap Paýhas çeşmesi» atly sorag jogaply söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýaşlardan gelip gowşan kitaphana we kitaphana hakynda gyzykly soraglara kitaphana hünärmenleri tarapynda jogap berildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle döwrebap söhbetdeşlikleri gurnamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
AŞGABATDA ULAG-KOMMUNIKASIÝA TOPLUMYNA DEGIŞLI IRI HALKARA FORUMLAR GEÇIRILÝÄR

Täzelikler

13.11.2025

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel-2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär. Foruma Türkmenistandan we daşary döwletlerden, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Azerbaýjandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Germaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan jemi 80-den gowrak ugurdaş kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, sebitiň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalara işjeň gatnaşyjylardyr. Birnäçe kompaniýalar bolsa depginli ösýän türkmen bazary üçin öz hödürleýän harytlarydyr hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar. Irden halkara forumyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen badalga aldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmentel-2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady çäkde ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça täze üstaşyr ulag düzümlerini döretmekde uly işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Biz dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryna daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN ZENANY ÇEPER DÖREDIJILIGIŇ USSADY

Täzelikler

12.11.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan ýokary okuw mekdebimiziň mejlisler jaýynda zenan mugallymlaryň hem-de talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda zenan döredijiligini giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmen zenany çeper döredijiligiň ussady» atly maslahaty geçirildi. Maslahatda türkmen zenanynyň çeper döredijilige bolan ussatlygy barada çykyşlar ýerine ýetirildi.

No image
PARAHAT WATANYM–KÖŇÜL BUÝSANJYM

Kitaphanalar

12.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Parahat Watanym–köňül buýsanjym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler parahatçylyk, ynanyşmak we ynsanperwerligiň ählumumy ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň synmaz sütüni bolan bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. Türkmenistan tarapyndan bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek, oňyn başlangyçlary öňe sürüp, belent ykrarnama eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä giňişliginde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ähmiýetiniň örän ýokary bolan döwründe döwletimiziň daşary syýasatynyň binýadynda duran Bitaraplyk nusgalyk taglymyna öwrülendigi barada belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«KEŞT EÝLEÝIP BU JAHANA» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY ANNA KOWUSOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 105 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP

Kitaphanalar

12.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Anna Kowusowyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlap “Keşt eýleýip bu jahana” atly çeper okaýyş geçirdi. Kitaphana hünärmeni ussat şahyr Anna Kowusuwyň ömri we döredijilik ýoly barada hem-de onuň kitaplarynyň ýaş nesilleri terbiýelemeklikde tutýan orny, şahyryň goşgularynyň many-mazmuny dogrysynda täsirli gürrüňleri berdi. Şahyryň eserleri çuňňur pikir we giň dünýägaraýyşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Anna Kowusow halklaryň dostlugyny höwes bilen belleýär we türkmen halk döredijiliginiň däplerini ösdürmeklikde döreden eserleri babatynda berilen täsirli gürrüňleri okuwçylar uly gyzyklanma bilen diňlediler. “Ajaýyp surat”, “Ak jerenler”, “Baky dirilik”, “Altyn depeler” atly kitaplaryndan çärämize işjeň gatnaşan okuwçylar goşgulary ýatdan we labyzly aýdyp berip çärämiziň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar edebiýatymyzy we medeniýetimizi ösdürmäge goşant goşan adamlaryň döredijilik ýolyny öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar.

No image
DOST-DOGANLYGYŇ MEDENI GATNAŞYKLARY

Halkara gatnaşyklary

12.11.2025

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli medeni gymmatlyklarymyz halkara derejede giňden şöhlelendirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyz dünýä we goňşy döwletleri bilen özara medeni gatnaşyklaryny saklap gelýär. TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Baş sekretary S.Raýewiň 2025-nji ýylyň 1-15-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Halkara çeperçilik sergisiniň hem-de onuň çäklerinde Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň Hormatly atlaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýew we «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow gatnaşdylar. Türkiýe Respublikasynda geçirilen çäreler iki dost-doganlyk halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna itergi berdi. Geçirilen edebiýat we döredijilik hepdeligi Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň hem-de Türk edebiýatynyň gaznasynyň hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli neşir edilen «Türki dünýäde zenan we kelam» atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen açyldy. Edebiýat we döredijilik hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Gahrymany, halk suratkeşi Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy. Şeýle-de Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň doly agzasy, nyşan we sertifikat gowşurylyp, «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow Türki dünýäniň çeperçilik akademiýasynyň habarçy agzasy, nyşan we sertifikat bilen sylaglandylar. Şeýle-de ussat heýkeltaraşyň eserleri TÜRKSOÝ tarapyndan Stambul şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan Türki dünýäniň nakgaşlarynyň sergisinde hem görkezildi. Bu bolsa türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň eserleriniň halkara derejede tanalýandygynyň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçirilen hepdeligiň dowamynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň edara binasynda Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy azat» eseriniň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi. Onda görnükli akyldar şahyryň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin çykyşlara orun berildi.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZIÝANYŇ ÖSÜŞ BANKYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

12.11.2025

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de saparynyň dowamynda geçirjek gepleşikleriniň netijeli bolmagyny arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, geçen 25 ýylyň içinde Aziýanyň ösüş banky ýurdumyzda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Şol taslamalar dürli ugurlary, hususan-da, elektroenergetika, üpjünçilik we demir ýol ulgamlaryny öz içine alyp, Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýurdumyz boýunça kabul edilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalar Watanymyzyň ykdysady, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistanda ilata hödürlenilýän saglyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak we lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak işine aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi. Şunda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlary işjeňleşdirilmelidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde energetika, suwy we energiýany tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýol açýar. Ýangyç-energetika pudagynda özara hereketleri pugtalandyrmak hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. ____________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK WE DÖREDIJILIK TAGLYMATYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

Kitaphanalar

11.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymatyny dünýä ýaýýar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz rowaçlyklara beslenip, göwünleri galkyndyrýan ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli işler halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýol-ýörelgeler bagtyýarlyk zamanamyzda has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak her bir ildeşlerimiz üçin diýseň guwandyryjydygy barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ZEHINLI ZENAN ŞAHYR BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

11.11.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda zehinli ýaş zenan şahyry, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Gülşirin Hanowa bilen konserwatoriýamyzyň talyplarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Gülşirin Hanowanyň döredýän goşgulary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Birnäçe goşgulary aýdyma öwrülip, ýurdumyzyň ussat aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Şol ýerine ýetirilen aýdymlar bolsa halkyň söýgüsine mynasyp bolan aýdymlar hasaplanylýar. Bu döredijilik duşuşygy «Sazşynaslyk» hünäriniň II ýyl talyby Gülnar Ataýewa alyp bardy. Duşuşygyň başynda Gülşirin Hanowa öz döredijilik ýoluna başlaýşy, halypalary baradaky ýatlamalary, goşgy düzüliş usullary, 2020-nji ýylda çap edilen «Uçup barýan ak durna» goşgular ýygyndysy barada gürrüň berdi. Soňra konserwatoriýamyzyň Saz mugallymçylygy hünäriniň II ýyl talyby Ýusup Meredow hem-de IV ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow, Kompozisiýa hünäriniň II ýyl talyby Aýläle Gulmyradowa öz düzen goşgularyny okap berdiler. Şahyr talyplara öz degerli maslahatlaryny berip, olara şygryýet we döredijilik äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşyga gatnaşan talyp ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça şahyr Gülşirin Hanowa bilen sorag -jogap alyşmaklary duşuşygyň täsirini has-da artdyrdy. Soňra zenan şahyrymyz talyplaryň islegi boýunça öz düzen «Aýal dogan», «Mähriban gyzym», «Eje» goşgularyny labyzly aýdyp berdi. Geçirilen döredijilik duşuşygy talyplar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşy alyndy. Duşuşygyň ahyrynda talyplar zenan şahyr Gülşirin Hanowa bilen ýadygärlik surata düşdiler. Şahyr zenan Gülşirin Hanowa şu duşuşyga gatnaşany üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Jogapkärli işinde abraý, döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, mundan beýläk-de döredijilik galamynyň has-da ýiti bolmagyny arzuw edýäris. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, şeýle döredijilik duşuşyklarydyr gyzgalaňly konsertleri geçirmäge uly-uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmekligini tüýs ýürekden arzuw edýärin! ______________ Ogulbeg Ýegenowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

11.11.2025

10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak babatda zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim sebitde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, topraga aýawly we jogapkärçilikli çemeleşmegiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we häkime möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň talaplarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň babadaýhanlary pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Şeýle hem 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak boýunça ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny bökdençsiz işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň babadaýhanlaryny gazanan zähmet üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaýa ideg işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. _______________ «Türkmenistan» gazeti