TELEFON BELGISI

+993(00522) 6-73-70

SALGYSY

Mary welaýaty, Mary şäheri, Gowşuthan köçesi, jaý 3

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
17:00
09:00
17:00

Mary welaýat kitaphanasy



Welaýat kitaphanasy 1912-nji ýylda döredilýär. Kitaphana ýerli şertlere görä, okyjylaryň dürli toparlaryna kitaphana hyzmatyny köpçülikleýin, toparlaýyn we ýekebara usullarda ýola goýýar. Kitaphananyň täze, häzirki zaman binasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky kararyna laýyklykda gurlup, täze bina 2011-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda dabaraly açyldy.

Kitaphananyň täze binasynyň umumy tutýan meýdany 13 müň 700 inedördül metr. Binanyň beýikligi 42 metr, ini 66 metr, gapdal uzynlygy 66 metr. Binada neşir önümlerini saklamak üçin niýetlenilen 3 million neşir birligi ýerleşer ýaly uly gaznahana, kiçi çaphana, rejeleýiş we dikeldiş bölümi üçin niýetlenilen aýratyn iş otaglary, kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilen otaglar, okalga zallary, nternet zaly, çagalar otagy, Gündogar äheňinde, milli ruhda bezelen aksakgal ýaşulular üçin niýetlenilen aýratyn okalga zaly, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty gazna üçin gaznahanalar, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler ýerleşdirilen, şeýle-de kitaphanada “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýi bar, kitaphananyň üçegi 26 metr beýiklikde bolup, ol ýerde açylyp-ýapylýan gümmez bar, binada obserwatoriýa üçin niýetlenilen otag, kompýuter enjamlary we Germaniýa Respublikasynda öndürilen agramy 3,5 tonna bolan teleskop enjamy oturdylan.

Mary welaýat kitaphanasynda www.marykitaphana.com.tm resmi saýty hereket edýär.