TELEFON BELGISI

+993

SALGYSY

Türkmenistan

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
16:00
-

Bagtyýarlyk döwrüniň medeniýet öýleri



Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, etrap merkezlerinde, obalarynda önümçilik, senagat we medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan işler bilen bir hatarda döwrüň iň kämil tehniki enjamlary bilen üpjün edilen medeniýet öýleriniň hem-de köşkleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi Arkadag Prezidentimiziň halkymyza hödürlenilýän medeni hyzmaty ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işleri has-da ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Milli binagärligiň iň gowy däpleri häzirki zaman ösen gurluşyk tehnologiýalary bilen utgaşdyrylyp gurulýan täze medeni binalaryň Diýarymyzyň şäherleriniň we obalarynyň görküne görk goşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy – dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserleri hem-de Alym Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal bolan beýleki çuňňur mazmunly kitaplary medeniýet we sungat edaralarynyň işini täzeçe hem-de has netijeli guramakda ýol görkeziji şamçyrag gollanmalara öwrüldi. Çünki türkmen halky asyrlaryň jümmüşine aralaşýan gadymy ýörelgelere ygrarly bolmak bilen milli medeniýetimiziň gadymy däplerine aýratyn hormat goýýar. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gelen medeni baýlyklary mynasyp dowam edip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Munuň şeýledigine, medeniýet öýlerinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň mazmuny aýdyň şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, medeniýet öýleri – şäher we oba jemagatynyň aň-bilim ösüşiniň, dürli ýaşdaky nesillere hödürlenilýän medeni hyzmatyň aýnasy, çeper döredijiligiň we belent ahlak gymmatlyklarynyň dabaralanýan merkezidir.

Medeniýet öýleri Arkadag Prezidentimiziň adalatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde eziz Watanymyzda gazanylýan zähmet üstünliklerini, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýetilýän beýik sepgitleri giňden wagyz edip, jemgyýetde agzybirligi, milletiň köp asyrlyk däp-dessurlarynyň dowamlylygyny pugtalandyrmaga, döwrebap sungat däpleriniň pajarlap ösmegini üpjün etmäge hyzmat edýär.

Türkmen halky milli däpleriň hem-de medeni gymmatlyklaryň naýbaşy nusgalaryny toý-baýramçylyk günlerinde giňden berjaý edýär. Munuň özi, medeniýet we sungat işgärlerine ýaş nesilleriň medeni däplerimize, atalarymyzyň ruhlaryna ygrarlygy bolup ýetişmegini, aýdym-sazyň, dürli tomaşalaryň we çeper höwesjeňleriň çykyşlarynyň üsti bilen watanperwerligi, zähmetsöýerligi, ynsanperwerligi terbiýelemäge, halallygy, ahlak-edep kadalaryny durmuş ýörelgesine öwürmegi endik etmeklerini gazanmaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda medeniýet öýlerinde hereket edýän el işleri, tans, aýdym-saz, halk saz gurallary, drama, halk döredijiligi, köpçülikde we ýekelikde aýdym aýtmak, çeper okaýyş ýaly gurnaklar ýöredilýär. Olaryň işine ýaşlar hem-de mekdep okuwçylary uly höwes bilen gatnaşýarlar. Munuň özi, ýaşlarda we çagalarda boş wagtlaryny peýdaly geçirmek, aýdym aýtmak, saz çalmak, tans etmek, nepis el işlerini döretmegiň inçe tilsimlerini öwrenmek, dürli keşpleri çeper janlandyrmagy başarmak ýaly asylly däplere eýermege ýykgyn etdirmek bilen bilelikde kämil medeniýetli bolmagy, köpçülikde özüňi göreldeli alyp barmagy, ulyny sylamagy we şuňa meňzeş asylly ýörelgeleri terbiýeleýär.

Gurnaklara yzygiderli gatnaşýanlaryň geçirilýän baýramçylyk dabaralaryndaky çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Folklor we drama gurnaklaryna uly ýaşly adamlaryň hem höwes bilen gatnaşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Tebigy zehin mümkinçiliklerini sahnada açyp görkezmäge giň mümkinçilikler tapýan çagalaryň, ýetginjekleriň hossarlary, goňşulary synpdaş ýoldaşlary çeper çykyşlardan uly täsirlenme alýarlar. Milli toý-baýramlarda medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary we halk teatrlarynyň artistleriniň sahnalaşdyrylýan gyzykly oýunlary oba we şäher ýaşaýjylarynyň göwnüni galkyndyryp, ertirki zarpçy zähmet günine ruhlandyrýar.

Bagtyýarlyk döwrüniň medeniýet öýleri baýramçylyk dabaralarynyň, döredijilik duşuşyklarynyň, aýdym-sazly konsertleriň, sergileriň, bäsleşikleriň, maslahatlaryň, hoşallyk çäreleriniň, täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralarynyň hem-de etrap we şäher çagalar sungat mekdepleriniň çykyşlarynyň yzygiderli guralýan merkezi hökmünde halk köpçüliginiň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Dürli bäsleşikleriň, festiwallaryň, höwesjeňleriň çykyşlarynyň üsti bilen ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olaryň höwes bildirýän ugurlary boýunça kämilleşmäge giň mümkinçilikleri döretmekde medeniýet öýleriniň hyzmaty uludyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde hereket edýän medeniýet merkezleri, köşkleri we öýleri:
Ahal welaýatynda 10 sany medeniýet merkezi, 1 sany medeniýet köşgi we 54 sany medeniýet öýi;
Balkan welaýatynda 11 sany medeniýet merkezi we 68 sany medeniýet öýi;
Daşoguz welaýatynda 10 sany medeniýet merkezi we 122 sany medeniýet öýi;
Lebap welaýatynda 18 sany medeniýet merkezi we 124 sany medeniýet öýi;
Mary welaýatynda 12 sany medeniýet merkezi, 2 sany medeniýet köşgi we 192 sany medeniýet öýi;
Aşgabat şäherinde 1 sany medeniýet merkezi, 1 sany medeniýet köşgi, 1 sany halk döredijilik öýi we 7 sany medeniýet öýi.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli medeniýet syýasaty netijesinde oba medeniýet öýlerindäki alnyp barylýan giň möçberli işler ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň kabul edilen Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Medeniýet – ösüşlere ýetmegiň girewi, beýik zähmet sepgitlerine telwaslandyrýan egsilmez ruhy güýçdir. Ol halkymyzyň bagtyýarlygynyň, agzybirliginiň, jebisliginiň, ýurdumyzyň rowaçlygynyň hem-de durnukly ösüşiň kepilidir.

Asyrlar aşyp, nesillere nusga bolup gelýän medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman we Mähriban Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir!