TELEFON BELGISI

+993 (00222) 5-99-16

SALGYSY

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Uzboý köçesi, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky seýilgäh.

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
17:00
09:00
17:00

Balkan welaýat kitaphanasy



Welaýat kitaphanasy 1967-nji ýylda esaslandyrylýar. Kitaphana Balkan welaýatynda baş kitaphana bolmak bilen, welaýat, etrap, şäher, şäherçe, oba ýerlerinde ýaşaýan ýerli we daşary ýurt raýatlaryna kitaphana hem-de habar beriş hyzmatyny guraýan medeni aň-bilim we habar beriş döwlet edarasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky kararyna laýyklykda, Balkanabat şäherinde Balkan welaýat kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygy ýerine ýetirildi we bu bina 2014-nji ýylyň oktýabr aýynyň 7-sine dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Kitaphanada 10 sany ýöriteleşdirilen bölüm hereket edýär. Kitaphananyň täze binasynyň umumy tutýan meýdany 12 müň 150 inedördül metr. Binanyň beýikligi 45 metr, ini 50 metr, gapdal uzynlygy 115 metr. Kitaphana 6, ýerzemin gaty bilen 7 gatdan ybarat. Kitaphanada 1 million neşir birligini saklamak hem-de birbada 360 okyja hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikleri döredilen, kitaphanada 6 sany umumy okalga zallary bar. Kitaphananyň esasy baýlygy bolan neşir önümlerini degişli derejede saklamak üçin niýetlenilen häzirki zaman talaplara laýyk gelýän uly gaznahana, häzirki zaman tehniki enjamlar oturdylan rejeleýiş we dikeldiş bölümi üçin niýetlenilen aýratyn iş otaglary bar. Kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan.

Kitaphananyň täze binasynda okalga zallary, kompýuter zaly, çagalar üçin otag, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty gazna üçin gaznahanalar, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler, ýaşulular üçin aýratyn okalga, mejlisler jaýy, “Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýi, internet otagy, çaphana, fotolaboratoriýa, neşir önümleriniň aýratyn we ýörite görnüşlerini okamak hem-de ses ýazgylaryny diňlemek üçin lingafon otagy, neşir önümlerini rejelemek we gaýtadan dikeltmek bölüminiň iş otagy, kitaby jiltlemek we täze durkuna getirmek üçin enjamlaşdyrylan otaglar bar. Kitaphanada 2016-njy ýyldan bäri bitewi elektron kitaphana ulgamy işleýär. Kitaphanada obserwatoriýa bolup, onda kompýuter enjamlary we Awstriýa Respublikasynda öndürilen teleskop oturdylan.
Balkan welaýat kitaphanasynda–www.balkan-kitaphanasy.ru atly resmi saýt hereket edýär.