Türkmenistanly habarçylar Hytaýyň oba ýerleriniň ösüşi bilen tanyşdylar


Türkmenistanly habarçylar Hytaýyň oba ýerleriniň ösüşi bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň we Ýewraziýanyň beýleki ýurtlarynyň habarçylary Hytaýyň Şensi welaýatynyň Weýnan şäherine baryp, oba ýerleriniň özgerişi we ösüşi bilen tanyşdylar.

Wekiliýetiň agzasy bolan «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň wekili Weýnan şäherindäki HHR-iň oba ýerlerini dikeltmekde gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi merkezine baryp gördi.

Daşary ýurt habarçylaryna 150-den gowrak oba hojalyk we onuň bilen ugurdaş önümler, 14 ýerli täsin azyk önümleri, maddy däl medeni miras önümleriniň 5 kategoriýasy, Weýnan şäherinde oba hojalygynyň ösüşine degişli gazanylan üstünlikler görkezildi.

Wekiliýet Weýnan şäheriniň Tunguan etrabynda «SF Express» logistika kompaniýasynyň senagat kärhanalaryna baryp gördi. Bu ýerde habarçylar Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa öndürmek taslamalary we ýumşak tohumly nar önümçilik seýilgähi bilen tanyşdylar.