«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry jemlendi


«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry jemlendi



Türkmen halkynyň köpöwüşginli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Ahal welaýaty boýunça tapgyry 2023-njy ýylyň 6-njy iýulynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde Medeniýet öýüniň sahnasynda geçirildi. Bu bäsleşige jemi 20 sany gatnaşan bagşy-sazandalardan we 2 sany sazanda we 2 sany bagşy saýlandy.

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Ahal welaýaty tapgyrynda sazandalar Kerim Nyýazow we Ahmet Şadurdyýew, bagşylar Toýly Orazow we Allamyrat Idrisow bu bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we sowgatlar bilen sylaglanyldy.