Watan goragçylarynyň günine


Watan goragçylarynyň günine



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň, Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň we Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Aýratyn Hormat Garawuly Batalýony bilen bilelikde gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde 27-nji ýanwar Watan goragçylarynyň güni mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Watan goragçylarynyň günine bagyşlanyp Bagyr medeniýet öýünde 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary özleriniň çeken surat eserlerinden sergi gurnadylar. Şeýle-de 5-nji çagalar sungat mekdebiniň «Galkynyş» skripkaçylar topary hem özleriniň ajaýyp sazlary bilen çykyş etdiler. «Aşgabat» döredijilik toparynyň aýdymçysy Gulberdi Jepbarow, Büzmeýin Halk döredijilik öýiniň akkompaniatory Jumamuhammet Akgaýew, Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Aýratyn Hormat Garawuly Batalýony uly leýtenant Serdar Nurgeldiýew hem özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdylar. Şeýle hem «Aşgabat» döredijilik toparynyň aýdymçylary watanymyzy, asuda asmanymyzy, hormatly Prezidentimizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda il- halkyny parahat durmuşda ýaşadýan, bütin dünýäde parahatçylygy, agzybirligi pugtalandyrmak üçin tükeniksiz işleri alyp barýan mähriban we gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, tutýan il ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.