9-njy dekabrda «Kamerata Aşgabat» döredijilik toparynyň konserti geçiriler


9-njy dekabrda «Kamerata Aşgabat» döredijilik toparynyň konserti geçiriler



«Kamerata Aşgabat» döredijilik topary Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Gyşyň ýyly aýdym-sazlary» atly konserte çagyrýar.

Konsert Aşgabat şäherindäki «Watan» kinokonsert merkezinde şu ýylyň 9-njy dekabrynda geçiriler.

Konsertiň dowamynda ýerine ýetiriljek her bir çykyş kirişli saz gurallarynyň ajaýyp owazy bilen sazlaşyp, tomaşaçylaryň ruhuny göterer.

Konsertde Leýli Ökdirowa, Begenç Moşşyýew, Döwran Şammyýew hem-de Guwanç Şammyýew dabara gatnaşyjylar üçin ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirerler.

Konsert 18:00-da başlanar. Konserte gatnaşmak üçin petekleri +99363-20-60-40, +99361-72-78-63 telefon belgilerine jaň edip alyp bilersiňiz.

Gyş — tüýs aýdym-saz täsirleriniň döwri. Halaýan toparyňyz tarapyndan janly sesde ýerine ýetiriljek aýdym-sazlar size howanyň sowuk günlerinde hem ýylylyk bagyşlar. Bu ugurda «Kamerata Aşgabat» toparynyň konserti diýseň peýdaly bolar.