Türkmen milli konserwatoriýasynyň dirižýorlyk kafedrasynyň hor toparynyň konserti geçirildi


Türkmen milli konserwatoriýasynyň dirižýorlyk kafedrasynyň hor toparynyň konserti geçirildi



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda ýokary okuw mekdebiň dirižýorlyk kafedrasynyň hor toparynyň konserti geçirildi.

Konsert baý mazmunlylygy bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ý.Moskwiçýowanyň ýolbaşçylygyndaky hor toparynyň konsertinde akapella hem sazandarly aýdymlar ýaňlandy. Kompozitor W.Ahmedowyň sazyna Magtymguly Pyragynyň goşgusyna «Türkmeniň», D.Hydyrowyň sazyna D.Gurbanowyň goşgusyna «Parahatlyk gerek» ýene-de şol kompozitoryň sazyna B.Saryýewiň goşgusyna «Elwan güller», Ç.Nurymowyň sazyna, Magtymguly Pyragynyň goşgusyna «Oýanmaz» aýdymlar akapella görnüşinde ýerine ýetirildi.

Sazsyz aýdylýan aýdymlarda talyplar özleriniň tutanýerli başarjaňlyklaryny görkezmekligi başardylar. Eserleriň täsirli ýerine ýetirilmegi, belent ruhda, joşgun bilen ýaňlanmagy çekilen zähmetiň ýerine düşmeginde uly täsir edipdir.

Konsertiň diňe bir türkmen eserleri bilen däl-de, eýsem, nusgawy daşary ýurt eserleriniň hem käbirleri bilen dowam etdirilmegi bellenilmeli ýagdaýdyr. Meşhur kompozitor P.I.Çaýkowskiniň «Garahal gelin» operasyndan, K.Orfyň «Karmina Burana» kantatasyndan, F.Şubertiň G-dur messasyndan ýerine ýetirilen horlar sazly agşamyň baý mazmuna beslenmegine getirdi. Bu eserlerde hor bilen bilelikde konserwatoriýanyň aýdym sungaty kafedrasynyň talyplary B.Gandymowa, S.Akmämmedowa dagy ýekelikde çykyş etdiler.

Şeýle hem konsertde uly mugallym B.Gaýypowyň, talyp K.Esenowyň ýerine ýetirmeklerinde M.Beýmanowanyň hem Ý.Darçiýanyň sazandarlyk etmeklerinde birnäçe aýdymlar ýaňlandy.

Konsert D.Hydyrowyň sazyna A.Annaýewiň goşgusyna «Gözel şäher Arkadag» aýdym bilen tamamlandy. Hor toparynyň ýerine ýetiren aýdymlaryna uly mugallymlar Ý.Moskwiçýowa hem R.Orunowa dirižýorlyk etdiler. Olara uly mugallym M.Orazowa sazandarlyk etdi.