Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramagyň hukuk binýady


Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramagyň hukuk binýady



Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzdan miras galan maddy we ruhy gymmatlyklary gorap saklamagyň, ýurdumyzda we halkara giňişliginde wagyz etmegiň hem-de baý mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny, halkymyzyň mizemez ruhy köklerine daýanyp, Türkmenistanyň çägindäki ýadygärlikleriniň goragyny has-da güýçlendirmäge gönükdirilen Kanun we Karar uly buýsanç bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky «Taryhy, arheologiýa, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy-landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. Şeýle hem 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanunda geçmişiň gozgalmaýan ýadygärlikleriň çäklerini aýawly saklamagyň we goralýan zolaklary ulanmagyň kadalaryny kesgitlemegiň talaplary beýan edilýär, şeýle-de hem goralýan desgalar barada düşünje berilýär. Bu Kararyň kabul edilmegi ýadygärlikleriň gorag zolaklaryny, serhedini bellemegi tertipleşdirýär.

Türkmenistanyň çäginde häzirki wagtda Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň sekiz sanysy hereket edýär. Olaryň döredilmegi ýerli arheologik we binagärlik ýadygärlikleriniň has ähmiýetlisini ýüze çykarmak we hasaba almak hem-de goragyny üpjün etmek bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016—njy ýylyň 18-nji fewralynda çykaran 14614-nji karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işlerini we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň tertibine» laýyklykda Türkmenistanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyklaryň hemmesi Türkmenistanyň medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi bilen ylalaşylýar.

Bu kararyň esasynda ýadygärlikleri geljekki nesillere abat saklanylmagynyň aladasy edildi. Ýagny alnyp barylmaly gurluşyk işleriniň ýer bölekleri ýadygärlikleriň ýerlerine we gorag zolagyna düşýänleri hem-de gurluşyk işlerini tertipleşdirýän zolaklarynyň çäkleriniň bozulmazlygynyň öňi alyndy.

Şeýle hem kararyň 7-nji, 8-nji bentlerinde eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar Taslamalar amala aşyrylanda taryhy, ylmy, çeperçilik gymmatlyklarynyň ýa-da beýleki medeni gymmatlyklaryň alamatlary bolan desgalar ýüze çykan halatynda, işleriň togtadylyp Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rjelemek bardaky milli müdirligine ýa-da onuň ýerlerdäki edaralaryna bu barada habar bermelidigi borçlandyrylýar.

Bölünip berlen ýer böleklerinde Taslamalar amala aşyrylýan wagtynda ýüze çykan gymmatlyklar barada milli müdirlige habar berlip, tapyndylaryň birnäçesi milli müdirligiň tejribeli hünärmenleri tarapyndan öwrenilip, ýurdumyzyň çägindäki müzeýlerine tabşyrylýar.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň demirgazyk-günbatar böleginde Bagtyýarlyk etrabynyň Köşi ýaşaýyş jaý-ulanyş toplumynyň çäginde «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan täze telekeçilik institutynyň gurulýan meýdançasynda günorta binýat çukury gazylýan bölekde keramika bölekleriniň çykýandygy barada gurluşygyň baş inženery A.Ýewjanow tarapyndan habar gelip gowuşdy. Milli müdirligiň hünärmenleri şol ýere baryp gördüler we birnäçe keramika bölekleri ýüze çykarylyp, öwrenilip, gopan bölekleri ýerine goýulyp, olarda berkidiş işleri geçirilip muzeýe tabşyrmak üçin taýýarlanylýar.