Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy



7-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Hazaryň kenaryna çykyp, irki maşklaryny ýerine ýetirdi we welosipedde gezelenç etdi.
Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenji Hazaryň kenaryndaky ajaýyp künjekde ýerleşýän gämi duralgasynyň ýanynda tamamlady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ygtyýaryna gelip gowşan “Rahat” atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata bermek çäresine gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, bu ýerden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady. Ol ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi wekilleri ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabada ugramazynyň öň ýanynda degişli ýolbaşçylara sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine yzygiderli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny aýtdy. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy.