Saglyk — ynsanyň baýlygy


Saglyk — ynsanyň baýlygy



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek asylly däbe öwrüldi.

Howa çalşygynda ýa-da howanyň sowamagynda saglygymyzy goramaga aýratyn üns bermelidiris, sebäbi hut şu möwsümlerde ýiti respirator keselinden goranmak möhümdir.
Ýokanç kesel hapa elleriň üsti bilen hem geçip bilýär. Keseliň öňüni almak üçin häzirki zaman sanjymlary geçirilýär. Ýiti ýokanç keselleriň öňüni almakda iň amatly serişde agyz-burun örtüklerini ulanmak, elleriňi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak we köpçülik ýerinde 2 metr howpsuz araçägi saklamakdyr. Otaglary yzygiderli ýelejiretmeli, tämizleýiş işlerini geçirmeli we şahsy gigiýenanyň düzgünlerini dogry berjaý etmeli. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin askorbin turşusyndan we witaminlerden peýdalanmak maslahat berilýär.
Askorbin turşusy kelemde, itburunda, limonda, klýukwada, kiwide, mandarinde we pyrtykalda köpdür. Mundan başgada, köp mukdarda gök önümleri we miweleri iýmek maslahat berilýär. Şeýle hem her gün 2-3 sany sarymsak bölejiklerini iýmek ýa-da çeýnäp agyz boşlugynda saklamak peýdalydyr. Bularyň özi bedeni zyýanly bakteriýalaryň täsirinden goraýar.
Bu düzgünler dogry berjaý edilse, keseliň ýaýramagynyň öňi alynýar.

Muhammetberdi Ataýew